XV. BIOLOGIÝA DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» milli bilim ulgamyny mundan beýläk hem ösdürmek we bilime dünýä tejribesiniň gazananlaryny ornaşdyrmak babatda öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmekde biologiýa mugallymlarynyň öňünde durýan wezipeler.
2. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň
2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, biologiýa sapaklaryny Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplarynda beýan edilen pedagogik ýörelgelerden ugur alyp okatmagyň usullary.
3. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň
2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, PISA, PIRLS, TIMSS halkara bilim maksatnamalaryny milli bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça biologiýa mugallymlarynyň öňünde durýan wezipeler.
4. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek syýasatynyň durmuşa geçirilişi baradaky döwrebap bilimleriň okuwçylara biologiýa sapaklarynda öwredilişi.
5. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň saglyk hem-de jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak syýasatynyň durmuşa geçirilişi baradaky bilimleri okuwçylara biologiýa sapaklarynda öwretmegiň usulyýet tärleri.
6. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» kesgitlenen maksatlara we wezipelere laýyklykda, biologiýa dersinden synpdan daşary okuw-terbiýeçilik işlerini sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanyp geçirmegiň usullary.
7. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň
2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, okuwçylara biologiýadan bilimleri medeni we ruhy gymmatlyklarymyz bilen baglanyşdyryp öwretmegiň usullary.
8. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň
2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, biologiýa sapaklarynda ýaş nesle watançylyk terbiýesini bermegiň usulyýet tärleri.
9. Okatmagyň işjeň usullaryndan we sanly serişdelerden peýdalanyp, biologiýa sapaklarynyň okadylyşyny kämilleşdirmegiň ýollary (iş tejribesinden).
10. Biologiýa sapaklarynda STEM usulynyň ulanylyşy.
11. Biologiýa sapaklarynda «Älem möçberinde we öz ýurdumyzda klimatyň maýylganlyga tarap üýtgemeginiň janly tebigata edýän täsiri» diýen temany okuwçylara öwretmegiň usulyýet tärleri (iş tejribesinden).
12. Biologiýadan okuwçylary ylmy döredijilige höweslendirmegiň, halkara we döwlet ders hem-de taslama bäsleşiklerine taýýarlamagyň netijeli usullary.