Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Ýaş nesliň kämillik basgançaklary

Ýaş nesliň kämillik basgançaklary

28 Awgust, 2026 Makalalar
62

Ýene sanlyja günden ýurdumyzyň bilim edaralarynda 2026-2027-nji täze okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan ilkinji jaň kakylar. Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Diýarymyzyň çar künjeginde döwrebap bilim ojaklarynyň açylyş dabaralary geçiriler. Ähli ýerde bolşy ýaly, bu ajaýyp bilimler baýramyna Mary welaýatynyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda-da uludan taýýarlyk görüldi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler bilimli, ylymly, Watanyň beýik geljegi, halkyň ykbaly babatda ýokary jogapkärçilik duýgusyna eýe bolan hakyky watansöýüji nesilleriň kemala gelmegine, jemgyýetimizde bilimiň gymmatynyň has-da artmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Taryha nazar aýlanyňda, ylym-bilimiň hemişe ösüşiň iň möhüm şerti bolandygyny görmek bolýar. Şoňa görä, ylma we bilime adamzadyň ähli ösüşleriniň, özgerişleriniň özenini düzýän, islendik ýurduň, halkyň geljegini, ykbalyny kesgitleýän gymmatlyk hökmünde baha berilýär. Parasatly pederlerimiziň «Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat», «Hünär — akar bulak, ylym — ýanar çyrag» ýaly dürdäne jümleleriniň mysalynda-da bu hakykata göz ýetirmek bolýar. Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata-babalarymyzyň geçmişdäki gazananlaryny mynasyp dowam etdirmek, häzirki zaman ösüşleri bilen aýakdaş gitmek maksady bilen, bilim we ylym ulgamyny kämilleşdirmäge uly ähmiýet berilýär.

Ýurdumyzyň çar künjeginde orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň onlarçasynyň açylyp ulanmaga berilmegi bilim özgertmeleriniň üstünliklere beslenýändigini, ýaş nesilleriň bilimli, ösen dünýägaraýyşly bolmaklary üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini görkezýär. 1-nji synpa barýan okuwçylara “Bilimli” kompýuterleriniň sowgat berilmegi bolsa ýaş nesil barada döwlet derejesinde alada edilýändiginiň aýdyň beýanydyr. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça maksatnamalar ýaşlary döwrebap şertlerde okatmak, olara milli ýörelgelerimiziň esasynda edep-terbiýe bermek, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak we ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işleriň hukuk binýadyny emele getirýär.

Bilim ulgamynyň birinji basgançagy hasaplanýan mekdebe çenli bilim edaralarynyň işini döwrebap guramakda öňde duran wezipeleriň durmuşa geçirilmegi okatmagyň usulyýeti boýunça täze okuw-usulyýet toplumlarynyň döredilmegini, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň dünýäniň bilim giňişligine işjeň goşulyşmagyny, okatmagyň usulyýetini milli tejribä we halkara bilim standartlaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmagy talap edýär. Gahryman Arkadagymyzyň körpeler bilen alnyp barylýan işleri dünýä ülňülerine laýyk kämilleşdirmek, olara mähirli garamak strategiýasy häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda has-da rowaçlanýar. Degişli maksatnamalaryň çäginde inklýuziw bilime, çaganyň irki ösüşine, täze usullaryň bilim işine ornaşdyrylmagyna bagyşlanan çäreler, duşuşyklar, okuw maslahatlary yzygiderli guralýar. Çagalar baglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, bilim işiniň mazmunynyň baýlaşdyrylmagyna gönükdirilen işleriň täze okuw ýylynda-da üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynanýarys.

Ýyldyzlar asmany bezeýän bolsa, adamy bilim bezeýär. Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň nesil terbiýesi baradaky taglymatlaryndan, ata-babalarymyzyň bu ugurdaky milli mirasyndan ugur alyp, bilimli, giň dünýägaraýyşly, Watana wepaly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ýaly asylly işe mynasyp goşant goşmak her bir bilim işgäriniň mukaddes borjudyr.

Ogulgerek ANNAGELDIÝEWA,
Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň başlygynyň mekdebe çenli bilim we terbiýe, mekdepden daşary çagalar edaralary boýunça orunbasary.