Döwrebap tejribelerden habarly, hünär bilimini oňat özleşdiren saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlamak lukman Arkadagymyzyň esasyny goýan we hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda hem möhüm wezipeleriň hatarynda orun alýar. Bu ugurdaky asylly işlere Indira Gandiniň adyny göterýän Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi hem mynasyp goşant goşýar.
Saglygy goraýyşda palliatiw kömek, maşgala lukmançylygy we öz-özüne hyzmat etmek ukybyny wagtlaýyn ýa-da hemişelik ýitiren şahslara uzak möhletli ideg etmek ulgamlaryny ösdürmek, şeýle hem keselleriň öňüni almak we ilatyň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak meselelerinde şepagat uýalarynyň orny uludyr. Olar ýönekeý lukmançylyk başarnyklarynyň toplumyna eýe bolsalar-da, ynsan saglygynyň möhüm goragçylarydyr.
Lukmançylyk ylmynda näsagyň sagalmagy iki sany deň bahaly ýagdaýda emele gelýär. Olar dogry saýlanan bejeriş ulgamy we ýokary hilli idegdir. Bu işe esasy gatnaşyjy kiçi şepagat uýasydyr. Ol näsag, onuň gigiýenasy, rejeli iýmitlenmegi barada alada edýär hem-de ruhubelentlik goldawyny berýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, kiçi şepagat uýalaryny taýýarlamak çygryndaky wezipeleri ýerine ýetirmek ýurdumyzyň lukmançylyk ugurly orta hünär okuw mekdepleri arkaly amala aşyrylýar. Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde hem 2024-nji ýyldan bäri «Umumy ideg işi» hünär ugrundan «kiçi şepagat uýasy/dogany» käri boýunça ýurdumyzyň raýatlary bir ýyllyk okuwa kabul edilýär.
Kiçi şepagat uýasy lukmanyň, şepagat uýasynyň möhüm kömekçisi hasaplanýar. Olaryň jogapkärçilikli we ussatlarça idegi bolmazdan, hatda iň kämil operasiýanyň ýa-da dermanyň hem täsiri peselip biler. Kiçi şepagat uýasy näsag bilen onuň hossarlarynyň, ýakynlarynyň arasyndaky köprä öwrülýär. Ol diňe bir ideg amallaryny ýerine ýetirmek bilen çäklenmän, öý şertlerinde lukmançylyk idegini etmegiň usullaryny maşgala agzalaryna sabyrlylyk bilen öwredýär. Lukmançylyk orta okuw mekdebinde kiçi şepagat uýalary taýýarlanylanda ululara hormat goýmak, birek-birege mähribanlyk, duýgudaşlyk we maşgalany goldamak ýaly türkmen halkynyň milli häsiýetlerine aýratyn ähmiýet berilýär.
Milli Liderimiziň döwletli başlangyjy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy esasynda paýtagtymyzda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň täze guruljak hassahanalar toplumynyň çäginde Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň binalar toplumynyň hem orun almagy saglygy goraýyş işgärleriniň täze neslini iň öňdebaryjy tejribeler esasynda taýýarlamakda giň mümkinçilikleri döreder. Lukmançylyk ugurly okuw mekdebiniň dünýäniň ösen döwletleriniň enjamlarydyr tehnologiýalary bilen üpjün ediljek täze binalar toplumy kiçi şepagat uýalarynyň hünär ussatlygyny kämilleşdirmekde möhüm merkeze öwrüler.