Häzirki döwürde daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirleriniň öňüni almak bilen bagly möhüm meselelere dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan aýratyn üns berilýär. Bu ugurda ýaş nesliň ekologik medeniýetini ösdürmek, ýurtlaryň arasynda tejribe alyşmak, ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmek we ýaş alymlaryň hem-de hünärmenleriň täze ekologik başlangyçlaryny goldamak uly ähmiýete eýedir. Döwletimiz bu ugurlarda nusgalyk işleri amala aşyryp, anyk taslamalary we başlangyçlary durmuşa geçirýär, möhüm teklipler bilen çykyş edýär. Şeýle işlerde ýaşlaryň hem mynasyp paýy bardyr.
Ýurdumyz goňşy döwletler we sebitiň ýurtlary bilen köpugurly gatnaşyklary, şol sanda ekologiýa we daşky gurşawy goramak babatda hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylygyň belent nusgasyny görkezýän Özbegistan bilen daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ugurlarynda möhüm taslamalary amala aşyrýar. Sebitde suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, çölleşmäniň öňüni almak, bio dürlüligi goramak, howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak ýaly meseleler iki ýurduň hünärmenleriniň bilelikdäki tagallalaryny talap edýär.
Şeýle möhüm meseleleriň çözgüdinde halkara ylmy-amaly çäreleriň ähmiýeti örän uludyr. Şu nukdaýnazardan, ýaňy-ýakynda Özbegistan Respublikasynyň Şahrisabs şäherinde geçirilen «Ýaşlar — geljegi gurujylar» atly V halkara ekologiýa gurultaýy hem aýratyn ähmiýetli wakalaryň biri boldy. Bu halkara gurultaý dürli ýurtlardan alymlaryň, mugallymlaryň, ýaş gözlegçileriň we ekologik ugurda işleýän hünärmenleriň pikir alyşmaklary üçin giň mümkinçilik döretdi.
Gurultaýyň dowamynda daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, ekologiýa ylmynyň häzirki zaman ugurlary, innowasion tehnologiýalaryň ekologiýa meseleleriniň çözgüdinde ulanylyşy ýaly birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýaşlaryň ekologiýa düşünjeliligini ýokarlandyrmak, olary ylmy işlere höweslendirmek we halkara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny döretmek boýunça pikirler öňe sürüldi.
Bu halkara çärä Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalary bilen bilelikde, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri hem gatnaşdy. Ýaş hünärmen hökmünde halkara foruma gatnaşmak uly jogapkärçilik hem-de buýsançdyr. Ýeri gelende bellesek, ýokary okuw mekdebimizde häzirki zaman inženerçilik we tehnologiýa ugurlary bilen bir hatarda, daşky gurşawy goramak, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ösdürmek we ýaş hünärmenleri innowasion pikirlenmäge taýýarlamak boýunça hem möhüm işler alnyp barylýar.
Gurultaýyň çäklerinde geçirilen «Iň gowy halkara ekologiýa taslama» bäsleşigi aýratyn gyzyklanma döretdi. Şeýle abraýly halkara bäsleşige Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy hökmünde gatnaşyp, baş baýraga mynasyp bolmagym meniň üçin buýsançly waka boldy. Bu üstünlik diňe bir şahsy zähmetiň netijesi bolman, eýsem, Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda ylma, bilime, innowasiýa we daşky gurşawy goramaga berilýän uly ünsüň aýdyň beýanydyr. Baş baýraga mynasyp bolan ekologiýa taslamasynyň halkara derejesinde ýokary baha almagy türkmen hünärmenleriniň ylmy mümkinçilikleriniň giňdigini we olaryň häzirki döwrüň möhüm ekologiýa meselelerine täzeçe çemeleşýändigini görkezýär.
Türkmen ýaşlary üçin tebigata söýgi we ekologiýa abadançylygy ähli döwürlerde iň möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda şeýle belleýär: «Häzirki zamanyň ekologiýa ylmyny baýlaşdyrýan çeşmeler halk paýhasynda hem ykrar edilendir. Ösümlik we haýwanat dünýäsi baradaky hekaýatlardyr rowaýatlar durmuşyň inçelik bilen akyl ýetirilen göwherleridir. Şonuň üçin milli terbiýeçilik ulgamymyzda tebigaty söýmegiň, ýere, suwa aýawly çemeleşmegiň ähmiýeti uludyr».
Ekologiýa babatda hyzmatdaşlyk diňe bir iki döwletiň däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Tebigaty goramak umumy jogapkärçilikdir. Ylmy hyzmatdaşlyk, özara tejribe alyşmak we täze tehnologiýalary netijeli ulanmak şol jogapkärçiligiň esasynda durýar.
Şeýle halkara derejeli bäsleşikde ekologiýa ugurdaky ylmy taslamalarymyzy halkara giňişliginde tanyşdyrmaga döredilen giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsanjymyzy beýan edýäris.