«Çaga gowy bilim we mynasyp terbiýe berip bilseň, bir ajaýyp gün ol okuwçy öz mugallymynyň adyny arşa göterer».
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynda bilim ulgamyna aýratyn orun berilýär. Islendik döwletiň kuwwaty onuň bilimli, terbiýeli we watansöýüji ýaşlaryna baglydyr. Şeýle ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde mugallymlara aýratyn orun degişlidir.
Gahryman Arkadagymyz mugallymçylyk kärine ýokary baha berip: «Mugallym çaganyň kir-kimirsiz, arassaja düşünjesine düýp alsyn, şinelesin diýip bilimiň tohumlaryny sepýär, munuň üçin ylhamyny, zähmetini, bilimini, tejribesini sarp edýär. Diňe öz ömrüni bu käre bagyşlan adamlar öz zähmetiniň netijesini görmegiň nähili ýakymlydygyny bilerler» diýip belleýär. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, mugallym — okuwçynyň akyl taýdan ösüşine, onuň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagyna, watançylyk duýgularynyň artmagyna uly goşant goşýan jogapkärli käriň eýesidir. Mugallymçylyk käriniň ähmiýetine düşünmek üçin, halkymyzyň baý edebi mirasyna we taryhy çeşmelere ser salmak ähmiýetlidir. Çünki geçmişiň beýik akyldarlary hem mugallymy kämil bilim berýän we ynsany ruhy belentlige göterýän mukaddeslik hökmünde hormatlapdyrlar.
Taryhyň sahypalaryna ser salsak, dünýäniň ylmy we ruhy ösüşiniň düýbünde hemişe mugallymyň zähmetiniň bardygyny görýäris. Gündogaryň beýik akyldarlary Faraby, Biruny, Ibn Sina, Magtymguly Pyragy öz halypalaryna we mugallymlaryna bolan çuňňur hormatyny eserlerinde ebedileşdiripdirler. Sebäbi mugallym her bir şahsyýetiň ruhy dünýäsiniň nusgalyk binagäridir.
Halkymyzda «Mugallym — saýaly çynar» diýen ajaýyp jümle bar. Mugallymçylyk — bu diňe bir hünär däl, eýsem, özüňde uly jogapkärçiligi duýmakdyr. Çaganyň kalby ak kagyza meňzedilýär. Mugallym şol kagyza durmuşyň iň gowy pursatlaryny, ýagşy gylyk-häsiýetleri ýazýar. Mugallymyň çeken zähmeti, sarp eden wagty we beren mähri nesilleriň aňynda ömürlik galýar. Gündogaryň nusgawy edebiýatynyň altyn hazynasyna giren «Kowusnama» eserinde mugallyma bolan minnetdarlyk duýgusy iň belent ynsanlyk borjy hökmünde beýan edilýär. XI asyrda ýaşap geçen Keý-Kowus öz ogly Gilanşaha berýän her bir öwüdiniň dowamynda: «Mugallym maňa şeýle diýipdi», «Mugallym maňa şeýle öwredipdi» diýen jümleleri ulanmak bilen, özüniň kämil şahsyýet bolup kemala gelmeginde mugallymyň hyzmatynyň uly bolandygyny ýaňzydýar. Ol ogluna we bütin adamzat nesline: «Mugallymyňyza hemişe minnetdar boluň!» diýip sargyt etmek arkaly ylym beren ynsanyň sarpasyny belent tutmagyň hakyky mertlik we asyllylykdygyny nygtaýar.
Anuşteginler nesilşalygyndan bolan horezmşalar Atsyzyň, Il Arslanyň, Soltan Tekeşiň köşgünde ýokary döwlet wezipelerini eýelän Reşideddin Watwatyň (1087 — 1177) kämil şahsyýet bolup kemala gelmeginde ilkinji mugallymy Abu Sagyt Harawynyň aýratyn orny bardyr. Reşideddin Watwatyň ilkinji mugallymyna bolan çuňňur hormatyna göz ýetirmekde onuň biziň günlerimize çenli saklanyp galan resmi hatlary taryhy çeşme hökmünde ýardam edýär. Watwatyň ilkinji mugallymyna ýazan hatlarynyň birinde şeýle goşgy setirleri bar:
Abu Sagyt, sensiň şöhratym-şanym,
Ylymda hanym sen hem-de soltanym.
Ylym bossanyna girizdiň meni,
Ýyldyzlardyr Aý hem togaplar seni.
Ylym göwher täjin geýdiň sen başa,
Ylymyň paýlaşdyň, bakmadyň ýaşa.
Reşideddin Watwatyň hormatdan doly bu goşgy setirleri mugallymçylyk käriniň hemişe-de arzyly bolandygyny, mukaddeslik hasaplanandygyny bütin aýdyňlygy bilen subut edýär. Kätip öz mugallymyny «ylymdaky soltan» diýip atlandyrmak bilen, hakyky bilim berýän adamyň şanynyň hemme zatdan belentdigini görkezýär. «Ylym bossanyna girizdiň meni» diýen jümle bolsa mugallymyň şägirdiniň öňünde tutuş bir täze dünýäni açandygyny, ony garaňkylykdan ýagtylyga çykarandygyny aňladýar.
Şeýle hem Watwat Abu Sagyt Harawanyň Balh we Nyzamyýe medreselerindäki bitiren hyzmatlaryny, onuň suhangöýlük sungatyndaky ussatlygyny uly buýsanç bilen ýatlaýar. Reşideddin Watwatyň: «Ol edebiýat ylmynda meniň gözümi açdy, ylym şerbetinden gandyrdy we meni abraý donuna besledi» diýen sözleri hakyky mugallymyň okuwçysynyň durmuşyny neneňsi özgerdip bilýändiginiň subutnamasydyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Älem içre at gezer» romanynda şeýle nygtaýar: «Çaga gowy bilim we mynasyp terbiýe berip bilseň, bir ajaýyp gün ol okuwçy öz mugallymynyň adyny arşa göterer». Kätip Watwatyň halypasyna bagyşlap aýdan şeýle setirleri bolsa mugallymyň şägirdiniň ykbalyndaky tutýan uly ornuny görkezýär:
Abraý-derejämi göteren sensiň,
Maksatly ak ýola ataran sensiň.
Maňa bilim berip, ylym öwredip,
Şeýtanyň alyndan gutaran sensiň.
Bu setirler Mahmyt Kaşgarlynyň (XI asyr) «Türki dilleriň diwany» eserindäki «Bagt nyşany — bilim» diýen oguz nakylynyň özboluşly dowamydyr. Sebäbi şol «bagt nyşanyna» ýetirýän hem, şägirdi ýalňyş ýollardan saklap, ony ylym nury bilen zynatlandyrýan hem mugallymdyr. Munuň, hakykatdan-da, şeýledigine Gahryman Arkadagymyzyň atasy, ussat mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň ömür hem pedagogik ýoly nusgalyk mysaldyr. Ol öz ömrüniň bütin many-mazmunyny hakyky mugallymçylykda gören beýik şahsyýetleriň biridir. Milli Liderimiz «Älem içre at gezer» romanynda bu barada: «Berdimuhamet Annaýew özüniň ömrüniň manysynyň, mazmunynyň hakyky mugallym bolmakdygyna göz ýetirdi. Eger-de oňa dünýäniň ähli baýlygyny berip, bu niýetiňden el çek diýseler, ol bu hazynany bir gapdala süýşürip, mugallymçylyk esbaplaryny garbap alardy hem-de özüni diýseň bagtly adam saýardy. Dogrudanam, her öňýeten gowy mugallym bolup biläýenok, gowy mugallym bolup dogulmak gerek...» diýip belleýär. Milli Liderimiziň bu sözleri mugallymçylygyň hormatly hünär bolmak bilen birlikde, ylahy zehin we belent ynsanperwerlikdigini hem tassyklaýar.
Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ýaş nesle kämil bilim we edep-terbiýe bermek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, alym Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, «Durmuşyň manysyna ýaňy düşünip ugran ýüzlerçe çagalar üçin mugallym ynsan ähliniň nusgasydyr, göreldesidir. Onuň her bir sözi, her bir hereketi mikroskopda görülýän ýaly, ýüzlerçe çaga gözlerinden geçip dur. Mugallymyň çagalara berýän pentleri ýöne gury sözler bolman, eýsem, onuň ähli edim-gylymlarynda, onuň şahsy mysalynda öz beýanyny tapmalydyr. Onuň häsiýetiniň iň ajaýyp taraplary çagalar üçin nusga bolmalydyr». Bu jümleler mugallymçylyk käriniň her bir şahsyýetiň tutuş geljegini kemala getirýän «beýik ruhy akademiýadygyny» görkezýär. Taryha adyny ýazan beýik ynsanlaryň öz halypalaryna bolan sarpasy şu günki ýaşlarymyz üçin görelde mekdebidir, mugallymlarymyz üçin bolsa şol belent hormata mynasyp bolmak jogapkärçiligidir.