Mekdebe çenli çagalar edaralarynda guralýan sapaklarda okatmagyň oýun tärlerini dürli ýaşdaky toparlarda ulanmak bolýar. Oýnuň kömegi arkaly sapaklarda adaty däl ýagdaýlar döredilýär, körpeleriň sapaga bolan höwesi artyp, ukyp-başarnyklary ele almagynyň netijeliligi ýokarlandyrylýar.
Didaktiki, öwrediji oýunlarda körpeler zatlaryň alamatlary, olaryň reňki, daş görnüşi, gurluşy, ululygy we şuňa meňzeşler barada düşünje alýarlar hem-de durmuş baradaky düşünjelerini baýlaşdyrýan dürli sensor tejribesine eýe bolýarlar. Bularyň ählisi çagalaryň döredijiliginiň ösüşine ýardam edýär.
Çagalara reňkleri öwretmek üçin «Reňkli öýjükler» ýa-da «Haýwanjyklaryň öýüni tap!» ýaly oýunlary oýnadýarys. Meselem, sary reňkli jüýjeleri sary öýjüge, ak towşanjyklary bolsa ak öýjüge goýmak arkaly, çagalarda reňk tapawutlandyrmak hem-de haýwanat dünýäsine söýgi duýgusyny oýarýarys.
«Sesinden tana!» ýaly didaktiki oýunlar arkaly körpeleriň diňlemek we sözleýiş ukybyny ösdürýäris. Şeýle hem haýwanlaryň şekillerini we reňklerini biri-birine utgaşdyrmak arkaly olaryň logiki pikirlenişini kämilleşdirmek mümkin.
Kiçi toparyň çagalary üçin hereket — bu durmuşdyr. «Towşanlar we şatlykly gün» atly hereketli oýunda çagalar towşanjyklaryň böküşini gaýtalamak bilen bilelikde, fiziki taýdan berkeýärler. Many-mazmunly oýunlarda bolsa çagalar bilen «Gyzjagaz we onuň pişigi», «Maşgala», «Dükan» ýaly kiçijik oýunlary sahnalaşdyrýarys. Keşpler boýunça ýerine ýetirilýän bu oýunlar çagalarda mähirlilik, rehimlilik, jogapkärçilik we dost-doganlyk ýaly asylly häsiýetleriň kemala gelmegine ýardam edýär. Şeýle hem körpeler «Meniň ýanyma ylga!» we «Ýeriňi tap!» ýaly hereketli oýunlary oýnamagy halaýarlar. Bu oýunlary guranymyzda, olaryň ýaş aýratynlygyna görä çemeleşýäris. Bu ýaşdaky çagalar üçin her bir oýun gysga, ýöne örän gyzykly bolmaly.
Çagalara ekologik terbiýe hem berýäris. Olar bilen günde daş-töweregimizi gurşap alýan tebigata gezelenç edýäris. Bu gezelençleriň maksady çagalarda daşky gurşawa söýgi döretmek we olaryň tebigata aýawly garamagyny gazanmakdyr. Gezelençleriň dowamynda gülleri we baglary suwarmak arkaly körpelere zähmet terbiýesini bermäge çalyşýarys.
1-den 5-e çenli sanlary diňe bir sanamak däl, eýsem, olaryň mukdaryny hem tertibini öwretmek maksady bilen, «Maňa 3 sany alma ber» ýa-da «5 sany barmagyňy görkez» ýaly ýumuşlar arkaly sanlary çagalaryň aňyna berk ornaşdyrýarys.
Çagalaryň dilimizdäki her bir sesi dogry aýtmagy (artikulýasiýa) üçin aýratynlykda ses maşklaryny geçirýäris. Şeýle hem çagalar bilen matallary, nakyllary we aýdymyň sözlerini gaýtaladyp, olaryň ýatkeşligini we sözleýiş ukybyny ösdürýäris. Körpelerde çeper söz sungatyna bolan höwesi oýarmak üçin ýeňil ýat tutulýan goşgulary we tapmaçalary okap berýäris. Reňkli we täsirli suratlara seredip, çagalar bilen bilelikde kiçijik hekaýalary düzýäris. Bu bolsa olaryň hyýaly dünýäsini we pikirini beýan etmek ukybyny artdyrýar. «Iki suratyň arasyndaky tapawudy tap!» ýa-da «Ýoly görkez!» ýaly oýunlar arkaly çagalaryň ünsüni bir ýere jemlemek ukybyny kämilleşdirýäris.