«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň her gününi zähmet ýeňişlerine besleýän agzybir halkymyz özüniň naýbaşy baýramy bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi ýokary derejede mynasyp garşylamak üçin şu günlerden uly taýýarlyk görýär. Mukaddes baýramyň öň ýanynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi bolsa şanly toýuň dabarasyny has-da artdyrýar.
Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz mejlisdäki çuňňur manyly çykyşynda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly esasy ugurlar barada durup geçdi. Şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzyň ösüşinde gazanylan üstünlikler we ýetilen sepgitler beýan ediler, öňde durýan täze wezipeler kesgitlenip, il-ýurt bähbitli çözgütler kabul ediler.
Halkymyzda «Geňeşli biçilen don gysga bolmaz» diýen dana pähim bar. Bu asylly ýörelge Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan taryhy özgertmelerini üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda häzirki döwürde has-da rowaçlanýar. «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş taglymata esaslanýan beýik işler, asudalygy we abadançylygy, durmuş-ykdysady taýdan ösüşi üpjün etmegiň netijesinde gazanylýan üstünlikler ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün edýär.
Şu ýyl halkymyz Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny uly dabaralar bilen garşylaýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda milli bilim ulgamynyň uly ösüşlere beslenendigini bellemek bolsa aýratyn buýsançlydyr. Ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň hilini ýokarlandyrmakda, halkara tejribeleri milli ýörelgeler bilen utgaşdyryp, döwrebap hem kämil usulyýet binýadyny kemala getirmekde gazanylýan üstünlikler berkarar Watanymyzy täze mümkinçilikleriň ýurdy hökmünde has-da uly meşhurlyga eýe edýär. Şu nukdaýnazardan, durmuşymyzyň ähli ugurlaryny ösdürmek, kämilleşdirmek bilen bir hatarda, bilim bermegiň, hünärmenleri taýýarlamagyň täze usullaryny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler dowamly häsiýete eýe bolýar.
Şu günler Diýarymyzyň ähli künjeginde Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy hem-de syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetine bagyşlanan wagyz-nesihat çäreleri, çykyşlar we duşuşyklar giňden ýaýbaňlandyrylýar. Olarda berkarar Watanymyzyň gülläp ösüşi we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmekde hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermekde eýeleýän orny hakyndaky söhbetler buýsançly ýaňlanýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri milli demokratiýanyň rowaçlanýan zamanasydyr. Halkymyza baky bagtyýarlygy peşgeş edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!