XXV. AÝDYM-SAZ DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Magtymguly — dünýäniň akyldary», «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly nusgalyk kitaplaryndaky aýdym-saz baradaky gymmatly maglumatlary sapaklarda we sapakdan daşary geçirilýän okuw-terbiýeçilik çärelerinde peýdalanmagyň iş tejribesinden.
2. Gahryman Arkadagymyzyň «Ile döwlet geler bolsa...», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmen medeniýeti», «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Ömrümiň manysy», «Ömrümiň manysynyň dowamaty», «Hakyda göwheri» atly kitaplaryny ösüp gelýän ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde peýdalanmagyň usullary.
3. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (rejelenen görnüşi) laýyklykda, okuwçylaryň sungat boýunça zehinini we başarnygyny ýüze çykarmakda hem-de döredijilik ukyplaryny ösdürmekde aýdym-saz mugallymlarynyň öňünde durýan wezipeler.
4. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmekde aýdym-saz dersini okadýan mugallymlaryň wezipeleri we olary amal etmegiň ýollary.
5. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, aýdym-saz sapaklarynda innowasion tehnologiýalardan peýdalanmak arkaly okuwçylaryň bilimlerini, başarnyklaryny, endiklerini bahalandyrmagyň hem-de olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmegiň we kämilleşdirmegiň öňdebaryjy iş tejribesinden.
6. Türkmenistanda umumybilim edaralarynyň döwlet bilim standartynyň talaplaryna laýyklykda, aýdym-saz dersi sapaklarynda okuwçylara raýat-watançylyk, ruhy-ahlak, durmuş, medeni-taryhy terbiýesini bermegiň, ruhubelent, maksada okgunly şahsyýetleri kemala getirmegiň usullary.
7. Hormatly Prezidentimiziň türkmen milli aýdym-saz sungatyny ösdürmekdäki we ony dünýä tanatmakdaky tagallalary, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen «Görogly» dessançylyk sungaty, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury, «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» barada aýdym-saz dersi boýunça sapaklarda we sapakdan daşary işlerde okuwçylara öwretmegiň iş tejribesinden.
8. Okuwçylaryň aýdym-saz sungatyna bolan ukyplaryny ýüze çykarmak we ösdürmek maksady bilen, terbiýeçilik gymmaty bolan çekişmeleri, döredijilik bäsleşiklerini, baýramçylyk dabaralaryny, aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlary guramagyň we geçirmegiň, olary hünärlere ugrukdyrmagyň iş tejribesinden.
9. Aýdym-saz sapaklarynda okuwçylary baýramçylyk çärelerinde we dabaralarda çykyş etmäge taýýarlamak arkaly çagalaryň bilesigelijilik we döredijilik işjeňligini, ukyp-başarnyklaryny ösdürmegiň ýollary.
10. Aýdym-saz okuw dersiniň netijeliligini ýokarlandyrmakda sanly ulgamyň gazananlaryny, başarjaňlyk çemeleşmesine esaslanýan innowasion pedagogik usullary okatmagyň usulyýetine giňden ornaşdyrmagyň iş tejribesinden.
11. Aýdym-saz sapaklarynda okuwçylarda Watana, Türkmenistanyň Prezidentine, türkmen halkynyň Milli Liderine, ata-enä, tebigata, zähmete we gözellige söýgi döretmek babatynda mugallymlaryň hünär bilimlerini, pedagogik ussatlyklaryny yzygiderli kämilleşdirmegiň ýollary.
12. «Bilim edaralarynda halypaçylyk işini guramagyň Gözükdirijisine» laýyklykda, aýdym-saz dersini okadýan halypa mugallymlar bilen ýaş mugallymlaryň halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň ýola goýluşy.