Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde milli bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça giň mümkinçilikler döredilýär. Bu mümkinçilikler ýaş nesle döwrebap terbiýe hem-de çuňňur bilim bermäge, olaryň dünýä dillerini kämil özleşdirmegini üpjün etmäge uly itergi berýär. Şunuň bilen baglylykda, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hem 2026—2027-nji okuw ýyly üçin talyplyga dalaşgär ýaşlary okuwa kabul etmek boýunça resminamalary kabul ediş möwsümi ýokary guramaçylykly alnyp baryldy.
Bu möwsüme talabalaýyk taýýarlyk görmek maksady bilen, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinde dalaşgär ýaşlaryň arasynda giň gerimli wagyz-nesihat we hünär saýlamak boýunça düşündiriş işleri ýaýbaňlandyryldy. Şol bir wagtda, 2026-njy ýylyň 1-nji we 6-njy maýynda institutyň binasynda däbe öwrülen «Açyk gapylar» günleri hem üstünlikli geçirildi. Bu çäreleriň çäklerinde dalaşgärler we mekdep uçurymlary institutyň fakultetleri, kafedralary, innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan döwrebap okuw otaglary hem-de sanly bilim ulgamynyň täze mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşmaga giň mümkinçilik aldylar.
Işleriň şeýle ulgamlaýyn guralmagy resminamalary tabşyryş möwsüminiň hem ýokary derejede geçirilmegine ýardam etdi. Resminamalary kabul etmek işleri bellenilen kadalara we düzgünnamalara laýyklykda amala aşyryldy. Diller dünýäsine okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärler bellenilen tertipde zerur bolan resminamalaryny tabşyrdylar. Bilim ojagyna resminamalaryny hödürlän ýaşlaryň arasynda giň gözýetimli, bilimli, zehinli hem-de daşary ýurt dillerini öwrenmäge uly höwes bildirýän dalaşgärleriň sanynyň köp bolmagy buýsandyryjydyr.
Türkmenistanyň daşary syýasatynyň hem-de ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň barha ösdürilmegi netijesinde, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň okuw maksatnamasy hem täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Täze okuw ýylynda hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyz bilen Pakistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmek maksady bilen, institutda täze urdu dili ugruny açmak baradaky degişli işler üstünlikli amala aşyryldy. Şeýlelikde, häzirki wagtda institutda türkmen dili bilen birlikde jemi 15 sany daşary ýurt dili kämil derejede öwredilýär. Bu bolsa ýaşlarymyza dünýä medeniýetini, ylymlaryny özleşdirmäge hem-de halkara hyzmatdaşlygy kämilleşdirmäge giň ýol açýar. Ýeri gelende bellesek, institutymyzda dünýä dillerini öwrenýän ýaşlarymyz halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Mahlasy, ýaşlaryň saýlap alan ugurlary boýunça hünärlerini kämilleşdirmäge ähli mümkinçilikler döredildi.
Öz ene dilinden başlap, dünýäniň ençeme dillerinde suwara gürleýän ýaşlarymyza buýsanýarys. Dil öwrenmek diňe bir beýleki halkyň gepleşigini däl, eýsem, şol halkyň dünýägaraýşyny, medeniýetini özleşdirmekdir. Hormatly Prezidentimiziň döredýän mümkinçiliklerinden peýdalanýan ýaşlarymyz dünýäniň ençeme dillerini uly höwes bilen öwrenýärler. Olaryň bu babatdaky zehinleri, başarjaňlygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
Resminamalary tabşyryş tapgyrynyň jemlenmegi bilen, häzirki wagtda institutda öňde duran okuwa kabul ediş synaglaryna ykjam taýýarlyk görülýär. Dalaşgärleriň arasyndan iň bilimlilerini, zehinlilerini we daşary ýurt dillerini öwrenmäge höwesjeňlerini saýlap almak üçin synaglaryň adalatly, aç-açan hem-de ýokary guramaçylykly geçirilmegi ugrunda ähli zerur şertler doly üpjün edildi. Institutymyz geljekki dilçi mugallymlary hem-de terjimeçileri okatmaga doly taýýardyr. Ýaş dalaşgärlerimize öňde duran jogapkärli giriş synaglarynda uly üstünlikleri hem-de ak ýol arzuw edýäris.