Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Okuw-tejribelik sapary

Okuw-tejribelik sapary

28 Iýul, 2026 Makalalar
3

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen daşary ýurtlaryň bilim edaralarynyň arasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlyk barha pugtalandyrylyp, oňyn netijeleri berýär. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplarynyň Italiýa Respublikasynyň Florensiýa şäherinde bolup, tomusky okuw tejribeligini geçmekleri hem munuň güwäsine öwrüldi.

«Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda» kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýokary hünär bilimine degişli öňdebaryjy usullary hem-de özara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kent döwlet uniwersitetiniň Italiýanyň Florensiýa şäherindäki şahamçasynyň çakylygy esasynda guralan bu sapar netijeli häsiýete eýe boldy. Iki tapgyrda dowam eden saparyň barşynda uniwersitetiň halkara hukugy we halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyplaryna häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň taryhy we şu güni dogrusynda Kent döwlet uniwersitetiniň professory tarapyndan iňlis dilinde okuw sapaklary geçildi.

Mälim bolşy ýaly, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Kent döwlet uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama ABŞ-nyň Ogaýo ştatynyň Kent şäherinde gol çekilipdi. Bu resminamanyň çäklerinde hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleriniň okuw meýilnamalaryny kämilleşdirmek boýunça maksadalaýyk işler durmuşa geçirilýär. Geljekde hem halkara bilim hyzmatdaşlygyny barha giňeltmek esasynda birnäçe möhüm maksatnamalary durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplarynyň Italiýada geçen tomusky okuw tejribeligi türkmen ýaşlarynyň dünýä ylmy we bilimi bilen aýakdaş barýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky şeýle netijeli hyzmatdaşlyk giň gözýetimli we öz işiniň ussady bolan hünärmenleri taýýarlamakda möhüm ähmiýete eýedir.

Sülgün MYRATGELDIÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.

Salgylanma: