Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Döwürleri birleşdirýän ruhy köpri

Döwürleri birleşdirýän ruhy köpri

5 Sentýabr, 2026 Makalalar
31

Gahryman Arkadagymyzyň 2-nji sentýabrda ýaş türkmenistanlylar bilen geçen umumy okuw sapagy uzak möhletleýin ylmy-terbiýeçilik ähmiýete eýedir. Onuň baş ýörelgesi watançylyk taglymatyna esaslanýar. Türkmen halkynyň baý medeniýeti barada taryhy hakykatyň ylmy delillere esaslanyp beýan edilmegi okuw sapagynyň mazmunyny has-da baýlaşdyrdy. Aýratyn-da, sapagyň ikinji bölümi gadymy milli mirasymyza bagyşlandy, medeniýetiň ruhy kuwwatynyň düýp mazmuny ýaşlaryň aňyna ýetirildi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Jeýtun, Änew, Marguş, Dehistan, Horezm-Ürgenç ýaly gadymy siwilizasiýalaryň Watanydygyny nygtady. Amerikaly arheolog Rafael Pampelliniň Änew medeniýetini dünýä tanyşdyrmagy bilen, onuň çowlugynyň bu işleri dowam etdirmegi, alym Arkadagymyzyň bu ugurdaky guramaçylyk çärelerine ýakyndan gatnaşandygy hakda gürrüňler hem buýsanç döredýär. Akademik Wadim Massonyň, Wiktor Sarianidiniň we Nadežda Dubowanyň gadymy türkmen topragynda eden açyşlary taryhy öwrenmegiň baý çeşmeleridir. Milli Liderimiziň: «Türkmen topragynyň abraýyny götermäge yhlas etseň, bu toprak seniň at-abraýyňy iki esse belende göterýär» diýen sözleri ýaşlar üçin esasy ýörelge bolmalydyr.

Milletiň ruhy sütünleriniň galdyran gymmatly mirasy häzirki döwrüň ýörelgeleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Muhammet Horezmi, Abu Reýhan Biruny, Ibn Sina, Mahmyt Kaşgarly, Hoja Ahmet Ýasawy, Alyşir Nowaýy ýaly danalar türkmen medeniýeti bilen birlikde, tutuş adamzat siwilizasiýasyna abyrsyz uly goşant goşupdyrlar.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň diplomat hökmündäki keşbiniň açylyp görkezilmegi umumy okuw sapagynyň özboluşly täzeligidir. Şunda akyldaryň: «Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,//Göteriler ol ykbaly türkmeniň» diýen setirleri Bitaraplyk we agzybirlik ýörelgelerimiziň asyrlaryň jümmüşinden gelýän ruhy gözbaşy hökmünde görkezilýär. Şu manyda Bitaraplyk döwletiň daşary syýasat strategiýasy bolmak bilen, halkymyzyň gadymdan gelýän dünýägaraýşynyň häzirki zaman görnüşidir diýen pikir öňe sürülýär. Agzybirlik hakyndaky bu şygyr indi diňe edebi miras bolman, häzirki döwrüň syýasy-jemgyýetçilik ýörelgesiniň şahyrana beýanydyr.

Berdi Kerbabaýew, Kerim Gurbannepesow, Gurbannazar Ezizow, Gözel Şagulyýewa ýaly ýazyjy-şahyrlaryň, Nury Halmämmedow, Çary Nurymow, Weli Muhadow deýin kompozitorlaryň, Türkmenistanyň Gahrymanlary Aksoltan Ataýewa, Çynar Rustemowa kimin diplomatlaryň ady Milli Liderimiziň atalyk sapagynda hormat bilen tutuldy.

Ahalteke bedewi hakdaky pikir-garaýyşlar hem örän täsirlidir. Bedew estetiki gymmatlyk, halkara derejede ykrar edilen medeni diplomatiýa guraly hökmünde häsiýetlendirilýär. Ahalteke atçylyk sungatynyň hem-de atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi muny dünýä derejesinde tassyklaýan resminamadyr. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň dünýä sahnasyndaky çykyşlary ýaşlarymyz üçin diňe sport üstünligi bolman, eýsem, watançylyk terbiýesiniň janly mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, bedew okgunly ösüşiň, kämilligiň, arassa ahlaklylygyň nusgasy hökmünde beýan edildi.

Milli Liderimiz X asyrda Nusaý, Merw, Sarahs, Amul, Gürgenç, Abiwerd ýaly şäherlerde döräp başlan medreseleriň diňe ylym öwretmek bilen çäklenmän, ahlak terbiýesiniň — ýalan sözlemezligiň, ruhy päkligiň, myhmansöýerligiň, halaly-haramy saýgarmagyň mekdebi bolandygyny nygtady. Milli terbiýe mekdebi hakynda aýdylan dürdäne jümleler, halk hazynasyndan mysal getirilen nakyllar her bir mugallymyň gündelik işinde ýörelgä öwrüler.

Milli Liderimiz: «Sanly ulgamyň çäksiz mümkinçiliklerini ýerlikli, öz akyl-paýhasyňy, başarnygyňy kämilleşdirmek üçin netijeli peýdalanmak ýaşlarymyzyň öňündäki jogapkärçilikdir» diýmek bilen, döwrüň derwaýys meseleleriniň üstünde hem durup geçdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli watansöýüjilik, ýokary ahlaklylyk we milli gymmatlyklara hormat goýmak ruhunda terbiýelemek döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleriniň biridir. Alym Arkadagymyzyň atalyk nesihatlary geljekki nesiller üçin ruhy hazynadyr. Gahryman Arkadagymyz çykyşynda söýgi düşünjesini mukaddes ynam, ata Watan düşünjeleri bilen berk baglanyşdyrdy.

Şeýlelikde, «söýgi» diýen mukaddes düşünje geçmişe buýsanç, şu güne şükranalyk we geljege ynam manysynda diňleýjiniň aňyna ornaýar.

Milli Liderimiziň ýaşlara ýüzlenip aýdan sargytlarynda çagyryş we ruhlandyryjy gurluş aýdyň görünýär: «Türkmen topragyny söýüň! Türkmen halkyny söýüň! Türkmeniň milli mirasyny söýüň! Sporty söýüň!». Bu ündewler diňleýjini jemgyýetçilik we ruhy ösüşiň işjeň gatnaşyjysyna öwürýär. Bu tilsim ýaşlarda zähmete, Watana, milli mirasa we sagdyn durmuş ýörelgelerine söýgini has-da artdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasly çykyşlary dil bilimi we çеpеrçilik taýdan kämil bolmak bilen bir hatarda, ýaş nesiller üçin watansöýüjiligiň hem-de kämil ahlaklylygyň nusgalyk mekdebidir.

Gahryman Arkadagymyzyň bu taryhy umumy okuw sapagy nesilleriň kämillik mekdebidir, taryhy-arheologik mirasy ylmy esasda öwrenmekde, ruhy gymmatlyklary häzirki zaman bilim ulgamyna ornaşdyrmakda, ýaşlary taryhy köklerine wepaly şahsyýetler edip ýetişdirmekde binýatdyr. Ýokary okuw mekdebimizde hem Gahryman Arkadagymyzyň sargytlaryny, watançylyk çagyryşlaryny durmuşa geçirmekde ähli zehin-yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.

Arkadagly Gahryman Serdarymyza tutumly işlerinde rowaçlyklary tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Amanmyrat AÝDOGDYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty