Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Türkmeniň buýsanjy» atly täze şygrynda öz aýdyň beýanyny tapýar
Her halkyň taryhy geçmişi, milli gymmatlyklary şu güne ynam, geljege ganat berýär. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň buýsanjy» atly täze şygry: «Beýik taryh — beýik geljege binýat» diýen setir bilen başlanýar. Elbetde, geçmişe, milli gymmatlyklara hormat goýulýan, taryhdan sapak alynýan ýerde ýaş nesillerde watansöýüjilik duýgusynyň belent boljakdygy, ýokary ahlaga eýe, şeýle hem döwlete, jemgyýete, maşgala wepaly ýaşlaryň ýetişjekdigi, ata Watanymyzyň ösüşlerden-ösüşlere rowana boljakdygy öz-özünden düşnüklidir.
GEÇMIŞE BUÝSANÇ, ŞU GÜNE YNAM, GELJEGE GANAT
Jemgyýetiň durmuşyna oňyn täsirini ýetiren, zerurlyk bolan zatlar asyrlardyr müňýyllyklar aýlanyp, soňlugy bilen, medeni gymmatlyk derejesine eýe bolýar. Halk arasynda şol gymmatlyklar bilen bagly aýtgylardyr pähimler döreýär. Hut şundan ugur alnyp, häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda milli gymmatlyklarymyzy giňden wagyz etmek boýunça maksadalaýyk we tutanýerli işler durmuşa geçirilýär. Şu jähetden, döwlet Baştutanymyzyň «Türkmeniň buýsanjy» atly täze şygry we onda üç medeni gymmatlygyň — behişdi bedewlerimiziň, nepis halylarymyzyň, wepaly alabaýlarymyzyň waspynyň belentden ýetirilmegi türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda apalap, sünnäläp kemala getiren gymmatlyklarynyň tutuş dünýä ýaýylmagyna, ýaş nesillerde milli aýratynlyklara ygrarlylygyň terbiýelenmegine, milli buýsanjyň berkidilmegine ýardam edýär.
«BEDEW RUHY AHWALYDYR TÜRKMENIŇ»
Ýyllary ýyndam atyň toýnagyna deňän şahyr mamla. Minutlar-sagatlar, günler-aýlar, ýyllar-asyrlar, asyl, heňňamyň özi-de bedew tizligi bilen öňe barýar. Geçmişden geljege barýan, «döwür» diýip atlandyrýan wagt giňişligimizde jilt-jilt seneler — taryh ýazylýar. Döwletleriň, halklaryň, beýik wakalaryň, dünýä akymyny özgerden şahsyýetleriň... taryhy. Taryh arkaly geçmişe gaýybana syýahat edýäris, düýnümizi öwrenýäris, şu günümize düşünmäge, geljegiň ýoluny dogry ugra gönükdirmäge çalyşýarys. Gatbar-gatbar sahypalary agdaryp oturyşyňa, bir ajaýyp gudrata gözüň düşýär: ol türkmeniň ynsan gylykly dal bedewi. Bedew — taryh. Bedew — türkmen ruhunyň howalasy. Bedew — goç ýigidiň gardaşy. Bedew — Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşleriniň nyşany.
At myratdyr, at ganatdyr türkmende,
Ol kämillik kemalydyr türkmeniň.
«Türkmeniň buýsanjy» atly täze şygyrdaky setirlerden görnüşi ýaly, bedew at türkmen paýhasynyň, kämilliginiň kemal tapmasydyr. Şoňa görä-de, bedew görende türkmeniň göwni galpyldaýar, göge göterilýär. Milli Liderimiz: «At — türkmen üçin hemme zat. Bu geçmişde-de, şu günlerem şeýle» diýýär. Muňa türkmen ruhunyň howalasy, kämillik kemaly diýmän, eýsem, näme diýjek?!
«NEPIS HALY — EÝÝAMLARYŇ MIRASY»
Türkmen halylary naýbaşy sungat eseridir, eýýamlaryň mirasydyr. Asyrlaryň dowamynda gözelligi we nepisligi bilen dünýäni haýrana goýup gelýän halylarymyz türkmen zenanlarynyň el hünäriniň hem-de kalbynyň mähir-yhlasynyň miwesidir. Döwlet Baştutanymyz täze şygrynda şeýle belleýär:
Nepis haly — eýýamlaryň mirasy,
Şanly ömür beýanydyr türkmeniň.
Dogrudan-da, halylaryň ýüzündäki her bir gölde, her bir çitimde, her bir reňk öwüşgininde halkymyzyň geçen taryhy ýoly, dünýägaraýşy, filosofiýasy öz mynasyp beýanyny tapypdyr. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda halyçylyk sungatyna döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Türkmen bedewiniň milli baýramy, Türkmen alabaýynyň baýramy bilen bir hatarda, Türkmen halysynyň baýramynyň her ýylda dabaraly bellenilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Şeýle-de haly gölleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň döwlet nyşanlarynyň esasy bezegine öwrülip, türkmen halkynyň agzybirligini, bitewüligini, ata-babalarymyzyň wesýetlerine ygrarlylygyny alamatlandyrýar. Bu bolsa türkmen halysynyň diňe bir durmuş esbaby däl-de, eýsem, döwletlilik derejesine göterilen mukaddeslikdigini subut edýär.
«WEPALY ALABAÝ — DOSTLUGYŇ KEŞBI»
Gahryman Arkadagymyz «Türkmen alabaýy» atly kitabynda: «Alabaý ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygydyr, ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyzdyr» diýip belleýär. Sebäbi paýhasly pederlerimiz seçgiçilik işiniň gaýtalanmajak nusgasyny — wepaly alabaýlary dünýä bagyş etmek bilen çäklenmän, olarda iň gowy häsiýetleri terbiýelemek we kämilleşdirmek arkaly gadymy tohumy kemala getiripdirler. Eždatlarymyz alabaýlaryň arassa ganlylygyny, onuň genofonduny ýüzýyllyklaryň dowamynda gorap saklapdyrlar. Alabaýlar bu gün wepalylygyň, dostlugyň, ýeňşiň, üstünligiň nyşanyna öwrüldi. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz täze şygrynda wepaly alabaýlary şahyranalyk bilen şeýle wasp edýär:
Asyrlaryň uzak menzilin geçdi,
Hemişelik hemrasydyr türkmeniň.
Häzirki döwürde biz halkymyzyň bahasyz gymmatlygy bolan ajaýyp alabaý tohumynyň şan-şöhratynyň belende galýandygynyň şaýady bolýarys. Munuň özi türkmeniň dünýä beren milli gymmatlyklaryna bolan buýsanjyňy artdyrýar.
* * *
Taryhy tejribäni, kämil durmuş filosofiýasyny özünde jemleýän milli gymmatlyklarymyz döwürleriň we nesilleriň arasyndaky aýrylmaz arabaglanyşygy üpjün edip, ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde aýratyn orun eýeleýär. Şundan ugur alsak, döwlet Baştutanymyzyň «Türkmeniň buýsanjy» atly täze şygry mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda aýratyn many-mazmuna eýe bolup, medeni gymmatlyklarymyzyň bütin dünýä wagyz edilýändiginiň, geljekki nesillerimiz üçin aýalyp saklanylýandygynyň, döwletlilik ýolunyň mynasyp dowamatlydygynyň aýdyň nyşanydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly:
Halkyň göwni bolup gülleýär zaman,
Ol dowamat-dowamydyr türkmeniň.