Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde dünýäniň 119 döwletinden 685 okuwçynyň gatnaşmagynda geçirilen 67-nji Halkara matematika olimpiadasynda (IMO 2026) ýurdumyza wekilçilik eden 6 zehinli mekdep okuwçysynyň gazanan ýokary netijeleri buýsançly wakalaryň biri boldy.
Bäsleşikde Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky 40-njy orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Agaperman Berdimyradow kümüş, şeýle hem Aşgabat şäherindäki matematika we iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 49-njy orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Begenç Akmyradow, iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Mälikşa Meýlismyradow we şol mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Hemra Gurbanow bürünç medallary eýelemegi başardylar.
Mekdep okuwçylarynyň gazanan bu ýeňşi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ýaşlarymyzy hemmetaraplaýyn bilimli, watansöýüji, kämil şahsyýetler edip terbiýelemek ugrundaky tagallalarynyň aýdyň miwesidir.