Türkmenistanyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm waka bolan Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk işleri ýurdumyzyň ähli künjeginde alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň durnukly ösüşini we jemgyýetiň bagtyýar geljegini üpjün etmäge gönükdirilen beýik başlangyçlaryny jemgyýetçiligiň arasynda giňişleýin düşündirmekde bilim ulgamynyň, ýokary okuw mekdepleriniň önümçilik we ylmy kuwwatynyň paýyna aýratyn buýsançly hem-de jogapkärli wezipeler düşýär. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan degişli meýilnamalara laýyklykda, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, syýasaty öwrenijiler we talyp ýaşlar Halk Maslahatynyň taryhy hem-de syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini açyp görkezmäge döredijilikli çemeleşýärler.
Halk häkimiýetiniň hem-de milli demokratiýanyň taryhy nusgasy bolup durýan bu ýokary derejedäki umumymilli forum möhüm syýasy wakadyr hem-de halkymyzyň agzybirligini, durnuklylygyny we geljege bolan uly ynamyny özünde jemleýän derwaýys çäredir. Bilim işgärleriniň we ylmy jemgyýetçiligiň gatnaşmagynda geçirilýän wagyz-nesihat, düşündiriş işleri nazary bilimler bilen çäklenmeýär. Bu işler jemgyýetçilik aňyny kämilleşdirmäge, talyplaryň syýasy-raýatlyk jogapkärçiligini ýokarlandyrmaga ýardam berýär.
Bellenilen meýilnamanyň çäklerinde awgust we sentýabr aýlarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde birnäçe möhüm ugurlar boýunça wagyz-nesihat maslahatlary guramaçylykly alnyp barylýar. Teleýaýlymlarda, radioýaýlymlarda we metbugatda Halk Maslahatynyň kanunçylyk-hukuk, ykdysady, durmuş, medeni-ynsanperwer, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk we Bitaraplyk, daşary syýasat ugurlary boýunça ýörite «tegelek stoluň» başynda söhbetler, maslahatlar ýazgy edilýär hem-de makalalar çap edilýär. Ýokary okuw mekdeplerinde «Türkmenistanyň Halk Maslahaty — halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň, abadançylygynyň kepili», «Türkmenistanyň Halk Maslahaty we türkmen jemgyýetiniň ösüşi» atly temalar boýunça ylmy-seljeriş, okuw maslahatlaryny geçirmek babatda guramaçylyk işleri alnyp barylýar. Şonuň ýaly-da, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sowal-jogaply brifing duşuşyklary geçirilip, sosial torlarda hem-de internet sahypalarynda syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetli, täsirli çykyşlar we maglumatlar yzygiderli ýerleşdirilýär.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty hem-de Türkmen döwlet medeniýet instituty bu çäreleriň utgaşdyryjy merkezleri hökmünde çykyş etmek bilen, meýilnamada bellenilen işleriň ýokary guramaçylyk we ylmy-usulyýet derejesinde geçirilmegini üpjün edýärler. Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek babatda öňde duran wezipeleriň biri hem ýaşlar hakyndaky aladadyr. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinden ugur alyp, ýaş nesliň bilimli, zähmetsöýer, kämil hünärmenler we watansöýüji raýatlar bolup ýetişmegi üçin toplumlaýyn düşündiriş işleri ýaýbaňlandyryldy.
Ýaşlary isleg bildirilýän hünärler bilen tanyşdyrmak, olaryň hünär-tehniki, orta hünär we ýokary hünär biliminiň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyny üpjün etmek hem-de innowasion taslamalar arkaly olaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamak barada ýörite gepleşikler we düşündiriş çäreleri geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baý mazmunly eserleri, milli medeni we edebi mirasymyz, behişdi ahalteke bedewleri baradaky gymmatly maglumatlar arkaly ýaşlarda Watana bolan söýgi, milli gymmatlyklara hormat hem-de maşgala edep-terbiýesi kämilleşdirilýär.
Sanly tehnologiýalaryň çalt ösýän döwründe ýaşlaryň emeli aňy ýerlikli peýdalanmagy, emeli aňy ulanmagyň etikasy, kiberhowpsuzlyk hem-de maglumat etikasy baradaky düşünjelerini ýokarlandyrmak babatynda ýörite seminarlar we wagyz-nesihat çäreleri guralýar. Ýaşlarda daşky gurşawy goramak, «ýaşyl» ykdysadyýet hem-de tebigy baýlyklary tygşytly peýdalanmak başarnyklaryny ösdürmek bilen bir hatarda, bedenterbiýe, sport we sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmek endikleri wagyz edilýär.
Bilim ulgamynda taýýarlanan bu toplumlaýyn çäreler we ylmy çemeleşmeler diňe bir döwlet derejesindäki syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetli waka işjeň taýýarlygy aňlatman, şol bir wagtda, ýaşlarymyzyň akyl-paýhas, ruhy-ahlak hem-de ylmy-döredijilik kuwwatyny ýurdumyzyň beýik geljegine gönükdirmäge hyzmat edýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýokary ruhubelentlik we zähmet ýeňişleri bilen garşy almak bilim ulgamynyň işgärleriniň we bagtyýar ýaşlarymyzyň mukaddes borjudyr.