Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Çagalaryň «Arzuwy»

Çagalaryň «Arzuwy»

13 Iýul, 2026 Makalalar
35

Il içinde ýoň bolan pähim bar: «Çagany — ýaşdan, edebi — başdan». Dogrudan-da, türkmen halky ýaş nesle terbiýe bermegi olary apalamak bilen des-deň ähmiýetli hasaplaýar. Maşgala ojagyndan başlanýan terbiýe okuw ýylynyň dowamynda umumybilim berýän mekdeplerde, tomusky dynç alyş möwsüminde bolsa çagalaryň wagtynyň hoş geçmegi üçin niýetlenen ýörite merkezlerde dowam edýär.

Ýaşyň ulumy ýa kiçi — parhy ýok, dynç almak üçin «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndan ajap ýer bolup bilermi?! «Türkmennebit» döwlet konserniniň Hazar deňziniň türkmen kenarynda ýerleşýän «Gämi» myhmanhanalar toplumynyň we sagaldyş merkeziniň «Arzuw» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezi ýaş nesliň dynç almagy üçin, megerem, ýurdumyzda iň gowy ýerleriň biri bolsa gerek.

«Döwletliniň çagasy säher turar — heň eder» diýleni. Bu ýerde çagalar daň saz berenden deňizden ösýän sergin şemally howada ertirki maşklary ýerine ýetirýär. Olaryň gündelik meýilnamasynda hereketli oýunlar, bäsleşiklerdir ýaryşlar, seýilgählere gezelençler bilen bir hatarda, kitap okamak hökmany göz öňünde tutulan. Her gün Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplaryny, şeýle-de halk döredijiliginiň, nusgawy şahyrlaryň eserlerini ürç edip okamaklary ýaş nesliň Watana, il-güne wepaly, lebzi halal, sözüň doly manysynda, hakyky türkmen ogullary we gyzlary bolup kemala gelmeklerine ýardam berýär.

— Her tomus çagalaryň birnäçe tapgyryny kabul edýäris. Ýaşajyk myhmanlarymyzy sekiz topara bölüp, tejribeli mugallymlara berkidýäris. Merkezimizde kitaphana, naharhana, çeperçilik gurnaklary, içki we daşky suw howuzlary, amfiteatr, kompýuter otagy, futbol, woleýbol, basketbol, tennis meýdançalary, mejlisler hem-de kino zaly bar.

Tüweleme, «Arzuwda» dynç alýan çagalar zehinli. Hersi bir ugurdan başarnykly, ukyply. Çeper döredijilige höwesjeň körpeler çekýän suratlary, ýasaýan şekilleri bilen, ýaşajyk aýdymçylar aýdym aýdyp, sazandalar saz çalyp, tansçylar tans edip, bizi begendirýär. Olaryň içinde sport bilen meşgullanýanlary-da az däl. Diňe bir oglanjyklaryň däl, eýsem, gyzjagazlaryň arasynda hem türgenler bar. Ýaglyga towusmaly, ylgamaly, tanap çekmeli, tennis, woleýbol, şaşka, düzzüm oýnamaly bolsalaram balalar biri-birinden kem galanok.

Biz wagtal-wagtal çagalar üçin ýaşulular bilen duşuşyklary guraýarys. Ýaşuly nesil mekdep okuwçylary bilen söhbetdeş bolup, olara türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli däp-dessurlary, edim-gylymlary, urp-adatlary barada gyzyldan gymmatly öwüt-ündewlerini berýär.

Häzirki wagtda merkezimizde dynç alyş möwsüminiň dördünji tapgyryna taýýarlyk görülýär. Öňki tapgyrda dynç alan çagalaryň köpüsi öýlerine sowgat-serpaýly gitdi. Olaryň ählisiniň ene-atasyndan hoş seslenmeleri eşidýäris. Bu bolsa biziň azabymyzyň ýerine gowşandygyny aňladýar — diýip, «Arzuw» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkeziniň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary Göwher Mergenowa biziň bilen söhbetdeş bolanda gürrüň berdi.

Kämil şahsyýeti maksadalaýyk kemala getirmekde terbiýe bermek juda ähmiýetlidir. Bu pedagogik nukdaýnazardan, şol sanda bilim, tälim bermek, edep öwretmek dogrusynda halk köpçüliginiň asyrlarboýy döreden düzgünlerini özünde jemleýän etnopedagogikada hem şeýle. Merkezde tomusky okuw-tejribeligini geçýän Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Hoşgeldi Hojagurbanow aýdylanlar hakyndaky pikirini şu hili beýan etdi:

— Biz çagalary toparda terbiýeleýäris. Şeýle çemeleşme okuwçylarda jemgyýetçilik aňyny, jogapkärçilik duýgusyny, raýdaşlygy we başga-da birnäçe oňyn sypatlary terbiýelemäge kömek edýär. Şunda olar öz aralarynda has tiz umumy dil tapyşýar, basym dostlaşýar.

Ýokary okuw mekdebinde mugallymlarymyz «Polat otda taplanar» diýip ýygy-ýygy gaýtalaýar. Hakykatdan-da, uniwersitet partasynda oturyp, kitap okamak bir başga, alan bilimiňi tejribede ulanmak bir başga eken. Tejribelige başlan günümizden, çagalary halk pedagogikasy esasynda terbiýelemäge çalyşýarys. Olar bize halk döredijiligine degişli nakyllary, atalar sözlerini, sanawaçlary, tapmaçalary, ýomaklary ýatdan aýdyp, rowaýatlardan, ertekilerdan hem-de dessanlardan parçalary gürrüň berýärler.

Merkeziň gurnak ýolbaşçysy Şöhle Gorjanowanyň aýtmagyna görä, dynç alyş günleriniň dowamynda çagalaryň arasynda «Salam, tomus!», «Biz dilleri öwrenýäris», «Ýaşajyk syýahatçy», «Kiçijek ýyldyzlar», «Awaza — dost-doganlyk mekany», «Ýaşajyk heýkeltaraş», «Hazar kenary», «Bitarap Diýar», «Gyzykly matematika», «Geliň, rowaýat diňläliň!» ýaly dürli mowzukly bäsleşikler geçirilýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Älemgoşar» seýilgähine, deňiz kenaryna yzygiderli gezelençler guralýar.

Bu ýerde dynç alýan mekdep okuwçylarynyň merkezden göwünleri ganýar. Şoňa görä-de, olaryň hatarynda birnäçe ýyllap yzyny üzmän gelýänleri kän. Şöhle mugallym bu barada: «Bir gezek «Arzuwda» bolan ýene «Arzuwa» dolanýar» diýýär.

Parahat BATYROW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Andreý PAKULOW.