Ýurdumyzda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga hem-de ýaşlaryň halkara derejede bäsdeşlige ukyply hünärmenler bolup ýetişmegine giň mümkinçilikler döredilýär. Russiýa Federasiýasynyň B.B.Gorodowikow adyndaky Galmyk döwlet uniwersiteti tarapyndan rus dili we ülkäni öwreniş dersi boýunça geçirilen halkara onlaýn olimpiadada türkmenistanly ýaşlaryň gazanan nobatdaky üstünlikleri munuň aýdyň güwäsidir.
Abraýly bäsleşige Hytaýyň, Mongoliýanyň, Wýetnamyň, Tailandyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Yragyň, Siriýanyň, Gazagystanyň we Afrika ýurtlarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden jemi 200-den gowrak talyp gatnaşdy. Onuň netijesine laýyklykda, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rus dili we edebiýaty kafedrasynyň mugallymy Jennet Şamyýewanyň ýolbaşçylygynda şol hünäriň 5-nji ýyl talyby Oguldursun Akmuhammedowa birinji orna mynasyp boldy. Şeýle hem uniwersitetiň rus dili we edebiýaty, taryh hünärlerinde okaýan beýleki talyplar hem bäsleşikde ýokary taýýarlyk derejesini görkezip, baýrakly ikinji orny eýelediler.
Ýeri gelende bellesek, bäsleşige baýry ýokary okuw mekdebiniň talyplary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Russiýa Federasiýasynyň B.B.Gorodowikow adyndaky Galmyk döwlet uniwersitetiniň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnamanyň esasynda gatnaşdylar.