Bilşimiz ýaly, çagalaryň tomusky dynç alşy ýurdumyzyň ähli ýerlerinde guramaçylykly dowam edýär. Awazanyň ajaýyp kenarynda ýerleşen Daşoguz welaýat häkimliginiň «Daşoguz» ulular we çagalar üçin döwrebap dynç alyş we sagaldyş merkezinde-de çagalaryň dynç alşy talabalaýyk guralan. Bu ýerde çagalaryň dynç alşy umumy bäş tapgyrda guralýar.
Häzirki wagtda dynç alşyň dördünji tapgyry tamamlanyp barýar. Bäşinji tapgyr bolsa 1-nji awgustdan 10-njy awgust aralygynda dowam eder. «Daşoguz» ulular we çagalar üçin döwrebap dynç alyş we sagaldyş merkezi her tapgyrda çagalaryň 100-sine dynç almaga niýetlenen. Bu ýerde çagalaryň wagtlarynyň täsirli we manyly geçmegi üçin ýörite düzülen meýilnama esasynda gyzykly çäreler toplumy guralýar. Çagalar hemişe lukmanyň hem-de terbiýeçi mugallymlaryň gözegçiliginde bolup, olar talabalaýyk iýmitlenýärler, wagtlaryny şatlykly geçirýärler we oňat dynç alýarlar.
Çagalaryň bu ýerdäki dynç alşynyň gyzykly we ýatda galyjy bolmagy üçin her gün geçirilýän gyzykly çäreler we täsirli gezelençler olaryň zehinleriniň açylmagyna hem oňaýly täsir edýär.
Ekologiýa taýdan arassa, jana şypaly deňziň ajaýyp, hoştap howasy ösüp gelýän ýaş nesil üçin aýratyn melhemdir. Sagaldyş we dynç alyş merkezinde çagalar üçin ýörite howuzlar hem bar. Oýun oýnamaga niýetlenen meýdançalar çagalara aýratyn joşgun berýär. Futbol, woleýbol, basketbol meýdançalarynda sport ýaryşlary yzygiderli guralýar. Kino, okalga, oýun zallarynda çagalar wagtlaryny şadyýan geçirýärler. Bulardan başga-da, döredijilik bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda hem çagalar ukyp-başarnyklaryny görkezýärler. Dynç alýan oglanlaryň arasynda futbol boýunça merkeziň birinjiligi ugrunda ýaryşlar geçirilýär. Gyzlaryň we oglanlaryň arasynda woleýbol boýunça bäsleşikler hem yzygiderli guralýar. Tomus möwsümi bilen baglanyşykly surat çekmek we reňkli kagyzlardan sekilleri ýasamak, ýelimlemek boýunça guralýan bäsleşikler hem örän gyzykly geçýär. Çeper okaýyş boýunça guralýan bäsleşiklerde çagalar ýatdan bilýän goşgularyny labyzly okamak arkaly özara bäsleşýärler, has tapawutlanyp çykyş eden okuwçylara ýadygärlik sowgatlar gowşurylýar.
Çagalaryň dynç alyş möwsüminiň dowamynda olar bilen Awazanyň gözel ýerlerine syýahatlar, muzeýlere gezelençler hem guralýar. «Jadyly kenar» seýilgähine hem-de deňizde gämili gezelençleri guramak çagalar üçin has gyzykly bolýar.