Şu günler ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde uçurym talyplardyr magistrantlaryň okuwlarynyň gutardyş dabaralary geçirilýär. Ýakynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde 2025-2026-njy okuw ýylynda ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlan uçurymlaryň gutardyş dabarasy geçirildi. Dabara ýurdumyzyň ministrlikleridir pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenlerinden, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we onuň ugurdaş ylmy-barlag institutlarynyň alymlaryndan ybarat Jemleýji döwlet synag toparlarynyň agzalary, uçurymlaryň ata-eneleri, uniwersitetiň professor-mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.
Dabarada çykyş edenler bir asyra golaý wagtyň dowamynda dürli ugurdan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýan baýry ylym-bilim ojagynda talyplaryň bellenen dersler boýunça döwlet synaglaryny üstünlikli tabşyryp, özleşdiren bilimleriniň, hünär başarnyklarynyň netijesini görkezýändiklerine üns çekdiler. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda uniwersiteti hünärleriň 30-dan gowragy boýunça 1879 uçurym tamamlaýar.
Gutardyş dabarasynda tapawutly we göreldeli okan, döwlet hem-de halkara derejede ders, ylmy-taslama, döredijilik bäsleşiklerinde ýeňiş gazanan, sport ýaryşlarynda, medeni-jemgyýetçilik çärelerinde işjeňlik görkezen uçurymlara Minnetdarlyk haty, uniwersitetiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň höwesjeňleriniň hem-de uçurym talyplaryň ýerine ýetirmegindäki aýdym-sazlar, tanslar, okalan goşgular bu ýere gelenlere lezzet paýlady.
Dabarada ýaşlaryň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak ugrunda yhlasly hem netijeli zähmet çekjekdiklerine ynam bildirdiler.