Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 13-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýylyň dowamynda ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda atçylyk we atly sport boýunça geçiriljek çäreleriň maksatnamasyny tassyklap berdi. Şundan ugur alnyp, şu ýylyň 4 — 6-njy sentýabry aralygynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçiriljek ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionaty, onuň bilen ugurdaşlykdaky köpugurly çäreleriň uly toplumy behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny ýene-de bir gezek äleme ýaýar. Atçylyk we atly sport boýunça bäsleşiklerdir beýleki dürli çärelere beslenýän şanly ýylda türkmen atly sportunyň taryhynda yz galdyran şöhratly bedewlerimiz we olara erk eden meşhur çapyksuwarlar baradaky maglumatlary okyjylar bilen paýlaşmagy makul bildik.
Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly ajaýyp kitabynda behişdi ahalteke bedewlerimiziň atly sportda gazanan belent derejeleri barada şeýle bellenilýär: «...Biziň bedewlerimiz ähli döwürde bütindünýä atly sportunda ilkinji bolupdy we şonlugynda hem galdy. Biz bu ýerde diňe Absendi göz öňünde tutmaýarys. XX asyryň ortalarynda Arap 2 metr 12 santimetr belentlikdäki päsgelçilikden böküp geçip, dünýä rekordyny goýdy. Uzynlygyna bökmek boýunça dünýä rekordyny bolsa (8 metr 78 santimetr) Perepel ahalteke bedewi täzeledi. Ahalteke atlary bolan Penteli, Gerek hem-de Mogara konkurda, Propeller üç görnüşli bäsleşiklerde ýokary üstünlikleri gazandy...».
Taryhy ýazgylarda halkymyzyň bedewini bezäp-besleýşi, behişdi bedewleriň hem, öz gezeginde, eýesi bilen sessiz düşünişi, her hili ýagdaý bolanda-da, türkmeniň öz atyna doly bil baglap bilýändigi nygtalýar. Geliň, şeýle ýazgylaryň birine ser salalyň! XIX asyryň ikinji ýarymynda Orta Aziýa syýahat eden meşhur gündogarşynas Armeniý Wamberi uzaga çeken syýahatynyň sekiz aýdan köp bölegini türkmenleriň arasynda geçirýär. Ol syýahat döwri gören-eşiden zatlary barada «Orta Aziýa syýahat» atly kitabyny ýazýar. Halkymyzyň taryhy, etnografiýasy, baý medeniýeti we şol döwürlerdäki ýaşaýyş-durmuşy, aýratyn hem, türkmeniň behişdi bedewleri, olaryň çydamly, uzaga çapýan atlardygy baradaky gymmatly maglumatlar beýan edilýän bu kitapda: «Türkmenleriň Ahal hem ýomut atlary meşhurdyr. Ýomut atlary, ahal atlaryna garanda, boýy birneme pesräk, ýöne öte çydamly atlardyr. Men ýomut atyna artlaşyp münülen ýagdaýda 36 sagadyň dowamynda atyň öňürdikläp durman gidendigine şaýat boldum. Ahal atlarynyň Ahal we Görogly diýen tohumlary bar. Ol atlar taryp ederden juda ýokarda durýan ýyndam we owadan atlardyr» diýlip bellenilýär. Professor M.I.Belonogow hem Russiýada neşir edilýän «Atçylyk» žurnalynyň XIX asyryň 80-nji ýyllarynda çap eden maglumatlaryna salgylanyp, Eýrandan gaýdan türkmenleriň ýomut atlary bilen Tährandan Türkmenistana çenli aralygy üç günde geçendiklerini belleýär.
Indi atly sport boýunça şöhratly bedewlerimiziň takyk hasaba alnan ýeňişli ýoluna seredip geçeliň! 1935-nji ýylyň 30-njy maýyndan 22-nji awgustyna çenli Aşgabat — Moskwa aralygynda 4300 kilometre uzan, 84 günläp dowam eden taryhy atly ýöriş geçirilýär. Ýörişe türkmen halkynyň dünýä atçylygyna peşgeş beren ahalteke we ýomut tohum atlaryna atlanan 30 sany türkmen jigidi we beýleki kömekçi işgärlerden ybarat uly topar gatnaşýar. Bu ýörişe iki aý öňünden taýýarlyk görlüpdir. Atly ýörişleriň taryhy boýunça ýörite iş ýazan taryhçy Jumamyrat Gurbangeldiýew ýörişiň ugry barada şeýle belleýär: «Diňe bir öz döwri üçin däl, eýsem, häzirki günde hem ägirt uly töwekgelçiligi talap edýän bu ýörişiň geçmeli ugry serhetçi serkerde (ýörişiň ýolbaşçysy) Sokolow we Nepes Garahan (serkerdäniň orunbasary) tarapyndan deslapdan barlanylýar, netijede, atly ýörişi Aral deňziniň günbataryndan geçirmek bellenilýär. Bu bolsa ýoluň umumy uzynlygyny 350 kilometr gysgaltmaga mümkinçilik beripdir. Ýörişiň ugry Aşgabat — Ýerbent — Köneürgenç — Goňrat — Aktýubinsk — Orenburg — Kuýbyşew — Penza — Rýazan — Moskwa boýunça geçipdi». Çapyksuwarlaryň iň ýaşynyň — Garrygala (häzirki Magtymguly) etrabyndan Illi Täşliniň 19 ýaşy bar eken. Ýörişe gatnaşyjylaryň ýaşulusy bolsa tejenli 55 ýaşly Gabyş Mämiş bolupdyr. Şol ýörişde atly jigitlerimiz 84 günde 4300 kilometr aralygy sag-aman geçip, Moskwa baryp ýetipdirler.
Ýene bir bellenilmeli ýeri bu taryhy ýörişiň dowamynda bedewlerimiziň Türkmenistanyň jöwzaly Garagum sährasyndan üç günde geçmegi başarmaklarydyr. Şonda her günki geçilen ýol 120 kilometre deň bolupdyr. Bu aňrybaş uly üstünlikdir. Soňra ýöriş sörtük ýelli gazak sähralarynda dowam edýär. Ýagynly-ýagmyrly Russiýanyň tokaýlyklaryna baryp ýetilende, atlar üçin hem, çapyksuwarlar üçin hem uly synag bolýar. Sebäbi käte ertir-agşam ýagyp duran ýagyş atlaryň eýer-esbaplarynyňdyr çapyksuwarlaryň egin-eşikleriniň guramagyna maý bermändir. Şeýle-de bolsa, behişdi bedewlerimiz dürli howa we geografik şertlere çalt uýgunlaşmak ýaly asyl tebigatynda bolan endikleri esasynda hiç hili ýitgi çekmezden, ýörişi üstünlikli tamamlaýarlar. XX asyryň 30-njy ýyllarynda Türkmenistanda aýal-gyzlaryň gatnaşmagynda-da birnäçe atly ýörişler guralýar.
Şeýle ýörişleriň ýene-de biri Beýik Ýeňşiň hormatyna 1945-nji ýylyň sentýabrynda 500 kilometr aralyga geçirilýär. Oňa ozalky soýuzda ösdürilip ýetişdirilýän atlaryň sekiz tohumyna degişli (ahalteke, ýomut, arap, iňlis, orlow, budýonnyý, don, streles...) tohum atlar gatnaşdyrylypdyr. Ýaryşyň şerti boýunça atlar her günde 100 kilometr aralygy durman çapyp geçmeli eken. Şeýlelikde, bäş gün dowam eden uzak aralyga ýörişiň netijesi boýunça öňdeligi elden bermedik Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň Tarlan atly gyr reňkli ahalteke aty şahsy birinji orny, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Parahat atly ýomut aty ikinji orny, Boldumsaz etrabynyň Garaguş atly ýomut aty üçünji orny eýeleýär. Şeýdip, Beýik Ýeňşiň hatyrasyna geçirilen marafon at çapyşygynda toparlaýyn we şahsy baýrakly orunlara keremli türkmen topragynda ýetişdirilen ahalteke we ýomut atlary mynasyp bolýarlar hem-de türkmen atçylygynyň şan-şöhratyny has belende göterýärler.
1935-nji ýylda taryhy Aşgabat — Moskwa atly ýörişine üstünlikli gatnaşan Arap atly ahalteke atynyň ady rowaýata öwrülýär. Arap (Ak işan we Atagül) 1930-njy ýylda şol wagtky Aşgabat raýonynyň Woroşilow kolhozynda dogulýar. Ol meşhur Boýnowyň çowlugydyr. Dogduk ülkesi Türkmenistanda 2 ýaşyndan 4 ýaşyna çenli at çapyşyklaryna gatnaşýar. Bäş ýaşynda döwrüniň gahrymançylykly atly ýörişine gatnaşyp, Moskwa barýar. Ýöriş üstünlikli tamamlanandan soň, ençeme saýlama bedewleri, şol sanda Araby hem şol döwrüň harby serkerdelerine (marşal Budýonna, ol hem aty K.Ý.Woroşilowa berýär) sowgat berýärler. Arap şol wagtky Goranmak ministrliginiň athanasynda saklanýar we atly sportuň ähli görnüşleri boýunça öňki soýuzyň çäginde uly şöhrata mynasyp bolýar. Ady rowaýata öwrülen bu nurana bedew Moskwada atly sportuň konkur görnüşi boýunça Ýelizar Lewiniň çapyksuwarlyk etmeginde üstünlikli çykyş edýär. Soň Arap at münmegiň ýokary mekdebi — dressaž boýunça türgenleşdirilýär. Arabyň atly sportuň dürli görnüşleri boýunça üstünlikli çykyşlarynyň foto hem wideo resminamalary saklanyp galypdyr. 1947-nji ýylda 17 ýaşly Arap atly sport boýunça 2 metr 12 santimetr beýiklikdäki päsgelçilikden böküp, öz döwründe dünýä rekordyny täzeledi. Soňra bu dereje ençeme ýyllap saklandy. Geçen asyryň 40-njy ýyllaryň ahyrynda Arap höwür at hökmünde Gazagystanyň Jambyl atçylyk zawodyna ugradylýar. Şol ýerde 1952-nji ýylda doganlyk ýurduň Lugowskoý (häzirki Jambyl) atçylyk zawodynda doglan Absent (Arap we Bakkara) altmyşynjy ýyllarda türkmen atçylygyna uly şöhrat getiren, ady taryha giren saýlama bedewlerimiziň biridir. Ol atly sportuň, at münmegiň ýokary mekdebi (dressaž) görnüşi boýunça Rim, Tokio hem-de Mehiko Olimpiadalarynda baýrakly orunlara mynasyp bolup, «XX asyryň sport aty» diýen ada eýe bolupdy. Soň bu şöhratly ahalteke bedewiniň hormatyna onuň doglup, önüp-ösen ýeri bolan Jambyl (Lugowskoý) atçylyk zawodynyň (Gazagystan) hem-de Tokioda Imperator aýlawynyň öňünde bürünçden ýadygärlik oturdyldy.
1950-nji ýylda Mary eskadriliýasynyň atly türgeni A.Şirinkin Moskwada geçirilen Bütinsoýuz spartakiadasynda Perepel atly ahalteke bedewi bilen 8 metr 78 santimetr uzynlyga böküp, çempion bolýar. 1973-nji ýylda Minsk şäherinde atçy oba sportçularynyň arasynda geçirilen atly sport ýaryşlarynda «Aşgabat» sport klubunyň türgeni R.W.Pirogow Globulin diýen ahalteke aty bilen atly sportuň konkur görnüşi boýunça şahsy birinjiligi eýeläp, spartakiadanyň çempiony bolýar. Atly sportuň üç görnüşli ýaryşlary boýunça ikinji orny eýeläp, kümüş medala mynasyp bolýar. Şol ýaryşlarda «Aşgabat» sport klubunyň ýene bir türgeni Durdymyrat Kanaýew Borispol diýen aty bilen beýiklige bökmek boýunça şahsy üçünji orny eýeläp, bürünç medala eýe bolýar.
1986-njy ýylda Aşgabat — Köneürgenç — Aşgabat aralygynda atly ýöriş geçirildi. Tomsuň jokrama yssysynda ýörişe gatnaşyjylaryň öňünde Garagumy ilki ilerden gaýralygyna, soňra gaýradan ilerligine kesip geçmek wezipesi goýlupdy. Bu ýörişiň maksady ahalteke atlarynyň mümkinçiliklerini tebigy şertlerde ýene bir gezek barlamakdan ybaratdy. Ýörişe gatnaşyjylar gidişin günde, ortaça, 65 kilometr ýol geçen bolsalar, Köneürgençden yza gaýdyşyn 100 kilometr ýol geçmegi başarypdyrlar. Atly ýörişe gatnaşyjylary Köneürgençde 1935-nji ýylyň Aşgabat — Moskwa atly ýörişine gatnaşan Aktelpek Nagyýewiň gyzy Gurbantäç Annamyradowa garşylapdyr. «Atalaryň şöhratly ýoly bilen!» diýen şygar astynda geçen ýöriş 23 gün dowam etdi. Belli ahalteke atlarynda 11 adam tomsuň yssy hem jöwzaly şertlerinde 23 gün ýol ýöräp, çöllügiň içinden 1300 kilometr ýoly geçip, ahalteke atlarynyň çydamlylygyny ýene bir gezek dünýä äşgär etdiler. 1987-nji ýylda Aşgabat — Guşgy — Aşgabat ugry boýunça atly ýöriş amala aşyryldy. 1987-nji ýylda Aşgabadyň atly sport mekdebiniň türgeni Durdymyrat Kanaýew Pýatigorsk şäheriniň aýlawynda geçirilen Bütinsoýuz atly sport ýaryşlarynda päsgelçiliklerden bökmek (konkur) boýunça ýaryşda 2 metr beýiklikde goýlan dürli päsgelçiliklerden atly böküp, birinji orna mynasyp boldy. Şol ýaryşda Türkmenistanyň atly sport boýunça ýygyndy topary baýrakly ikinji orna mynasyp bolupdyr.
1988-nji ýylda ikinji gezek Aşgabat — Moskwa aralygynda atly ýöriş geçirildi. Bu ýörişe ahalteke we ýomut tohum atlaryndan 17-si gatnaşdy we olar Moskwa çenli 3200 kilometr aralygy 60 günde geçmegi başardylar. Olaryň iň ýaşy Atçapar Babaýew 14, iň ýaşulusy Narbaý Rejebow 64 ýaşynda eken. Ýöriş Aşgabat — Bokurdak — Ýerbent — Derweze — Köneürgenç — Beýnew — Aktau — Engels — Saratow — Penza — Rýazan — Moskwa ugry boýunça geçirildi. Taryhy atly ýörişe gatnaşyjylaryň aýtmagyna görä, atly ýörişi Leningrada (häzirki Sankt-Peterburg) çenli dowam etdirmäge atlaryňam, türgenleriňem mümkinçiligi bar eken.
1995-nji ýylda Türkmenistanda Baýdak baýramçylygyna bagyşlanyp, Diýarymyzyň bäş welaýatynyň çet künjeklerinden Aşgabada çenli köpçülikleýin atly ýörişler geçirildi. 1997-nji ýylda Gökdepe — Çüli (häzirki Gökdere) — Babarap — Owadandepe — Gurtly — Gypjak — Aşgabat ugry boýunça 160 kilometr aralyga geçirilen marafon at çapyşygynda Mälik Taýlyýewiň erk eden Daşaýak atly dor aty uzak aralyga ýöriş ýaryşynyň ýeňijisi boldy. 1999-njy ýylda Moskwa şäherinde ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen halkara ýaryşda ussat çapyksuwar Guwanç Agamyradowyň erk etmeginde Peýkam atly ahalteke aty 120 kilometr aralyga geçirilen marafon ýaryşynda birinji orny eýeleýär. Şol ýaryşda W.Amirhanýanyň erk etmeginde Keýpçi diýen ahalteke aty konkur boýunça baýrakly üçünji orna mynasyp bolýar. 2001-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabatda 120 kilometr aralyga marafon at çapyşygy geçirildi. Şol ýaryşda ussat çapyksuwar Guwanç Agamyradowyň çapyksuwarlyk etmeginde ýaryşa goşulan Peýkam atly ahalteke bedewi birinji baýrakly orny eýeledi. 2008-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Stawropol ülkesiniň Pýatigorsk aýlawynda Russiýanyň Prezidentiniň baýragyny almak ugrundaky halkara at çapyşygynda Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Ilmyrat Agamyradowyň seýislän, ussat çapyksuwar Baýly Begliýewiň erk eden, Goar we Tamaly diýen atlaryň neslinden bolan Gökhan diýen ahalteke bedewi (Gelşikliniň ugry) baş baýragy eýeläp, «Russkiý Argamak» baýragyna mynasyp boldy.
2008-nji ýylda ahalteke atlarynyň arasynda Daşkent şäherinde geçirilen «Türküstanyň ýyldyzy — 2008» atly VI halkara ýaryşynda 90 kilometr aralyga marafon çapyşygyna goşulan atlaryň arasynda ussat çapyksuwar Guwanç Agamyradowyň erk eden Akylly (Akyldar we Arçynyň neslinden) atly ahalteke bedewi pellehana ilkinji bolup gelýär. Ikinji baýrakly orna Toýlymyrat Babaýewiň çapan Garader atly bedewi mynasyp boldy. 2009-njy ýylda ahalteke tohum atlarynyň arasynda Daşkent şäherinde geçirilen «Türküstanyň ýyldyzy — 2009» atly VII halkara ýaryşynda 30 we 60 kilometr aralyklara marafon çapyşygyna gatnaşan atlaryň arasynda Maýa atly gysrak ýeňiji bolup, «Türküstanyň ýyldyzy» diýen hormatly ada mynasyp boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, 2016-njy ýylyň 5-nji maýynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň hormatyna ýurdumyzyň welaýatlaryndan 17 atlynyň gatnaşmagynda 500 günläp dowam eden taryhy atly ýöriş badalga aldy. Bir ýyl dört aýdan gowrak wagta çeken bu atly ýörişiň esasy aýratynlygy ýylyň dört paslynda dürli geografik we howa şertlerinde, ýagny daglyk, düzlük, sähralyk ýerlerde hem-de deňiz we derýalaryň kenary bilen üstünlikli dowam etmegi boldy. Milli Liderimiziň tagallasy bilen «Aziada 2017-niň» sport maksatnamasyna goşulan atly sportuň konkur görnüşi boýunça biziň ýurdumyzyň adyndan çykyş eden Toýçy atly gyr at (çapyksuwar-türgen A.Beglarýan) üstünlikli çykyş edip, bäsleşigiň ýeňijisi boldy.
Ýeri gelende bellesek, Akhan atly şöhratly, ajaýyp ahalteke bedewi 10 metr aralygy çarpaýa galyp geçmekde dünýä rekordyny tas iki esse (4,19 sekunt) täzeläp, ahalteke atçylygynyň taryhynda ilkinji bolup öz adyny Ginnesiň rekordlar kitabyna ýazdyrdy. Häzirki wagtda bu şöhratly bedewiň hormatyna oturdylan ýadygärlik sebitde ilkinji “akylly” şäher bolan Arkadag şäheriniň baş bezegine öwrüldi.
Bu sanawy näçe uzaltsaň uzaldyp oturmaly. Nesip bolsa, halkymyzyň “Owal akan ýerden akarmyş aryk” diýen pähimli jümlesinde beýan edişi ýaly, ýakyn günlerde atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşjak behişdi bedewlerimiz hem-de olara erk etjek merdana ýigitlerimiz pederleriň beýik ýoluny ruhubelentlik bilen ýene-de şöhratlandyrarlar.