Ýaş aýdymçylaryň döredijilik başarnygyny ýüze çykarmakda, olaryň ýerine ýetirijilik ussatlygyny kämilleşdirmekde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ähmiýeti uludyr. Munuň şeýledigini bäsleşigiň düýn paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde geçirilen jemleýji tapgyrynda ýaş höwesjeňleriň 14-siniň öz ukyp-başarnyklaryny görkezmekleri hem tassyklaýar. Şunda ýaşlaryň arasynda ýerine ýetirijilik aýratynlygy, sungata bolan söýgüsi, halypalaryň döredijiligine sarpasy bilen tapawutlanýan zehinleriň juda kändigi buýsandyrýar. Olaryň käbiri üçin bu bäsleşik ilkinji gezek uly sahna çykmakda tejribe döreden bolsa, käbirleri üçin döredijilik başarnyklaryny ýene bir gezek synap görmäge mümkinçilik boldy.
Perhatmuhammet ESENOW,
Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyby:

— Men sungat maşgalasynda dünýä indim diýsemem boljak. Çagalykdan aýdym-saz dünýäsiniň içinde ulaldym. Bu ajaýyp sungat ýoluna gadam basmagymda atam, ilkinji mugallymym Amandurdy Esenowyň hem-de dädem Eşret Esenowyň täsiri örän uludyr. Olar maňa aýdym-sazy söýmegi, onuň inçe syrlaryna aralaşmagy, öz zehinimi yzygiderli kämilleşdirmegi öwretdiler. Men 8 ýyl bäri aýdym aýdyp gelýärin. Aýdym-saz sungaty boýunça ilkinji bilimimi Kaka etrabynyň Duşak şäherçesinde ýerleşýän çagalar sazçylyk mekdebinde aldym. Şol ýerde alan bilimlerim we mugallymlarymyň beren maslahatlary häzirki wagtda-da döredijilik ýolumda uly ýardam berýär. Esasan, halk hem-de estrada aýdymlaryny ýerine ýetirmegi halaýaryn. Halypa aýdymçylaryň döredijiligini öwrenmek meniň üçin juda gyzykly. Annaberdi Atdanowyň «Ilden aýypdyr», «Duran ýerleriňe», «Söýmediň, gözel», «Bibijan» ýaly aýdymlaryny söýüp diňläp, olary başardygymdan ýerine ýetirmäge çalyşýaryn. Döwürdeş halypalardan Guwanç Ýazmämmedowyň, Nurýagdy Rejebowyň aýdymlaryna gyzyklanma bildirýärin.
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda Saparmyrat Öwezberdiýewiň sözlerine, Annageldi Jumaýewiň sazyna döredilen «Söýmediň, gözel» atly aýdymy ýerine ýetirdim. Bu eseri saýlamagymyň esasy sebäbi hem onuň many-mazmunynyň we sazynyň kalbyma ýakyn bolmagydyr. Şeýle uly sahnada çykyş etmek meniň üçin uly jogapkärçilik boldy. Bu ajaýyp pursat sungat ýolumda ýatdan çykmajak tejribeleriň biridir.