Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Bilim — nurana geljegiň binýady

Bilim — nurana geljegiň binýady

28 Awgust, 2026 Makalalar
35

Orazdursun BABAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 129-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi:

— Bilim bermegiň ilkinji derejesi bolan mekdebe çenli çagalar edaralarynda okuw-terbiýeçilik işleri pedagogikanyň, psihologiýanyň, okatmagyň usulyýetiniň täze gazananlaryna laýyklykda taýýarlanylan okuw maksatnamalary we meýilnamalary esasynda alnyp barylýar. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, bu ugurda bilim işiniň hili ýokarlandyrylýar, innowasion pedagogik çemeleşmeler giňden ornaşdyrylýar, çagalaryň sazlaşykly ösüşi üpjün edilýär. Çagalaryň irki ýaş döwri beden we psihiki taýdan has çalt ösýän döwrüdir. Şonuň üçin çagalaryň terbiýesiniň takyk we dogry guralmagy zerurdyr. Ýaş nesle terbiýe bermek, bilim, hünär öwretmek bilen bagly müňýyllyklardan gözbaş alýan milli ýörelgelerimiz, şeýle hem ylmy pedagogikanyň düýbüni tutujylar bolan çeh pedagogy Ýan Komenskiniň, şweýsar pedagogy Genrih Pestalossiniň, italýan lukman-psihology we pedagogy Mariýa Montessoriniň, ýapon pedagogy Masaru Ibukanyň öňdebaryjy usulyýetleri, aýratyn hem, Gahryman Arkadagymyzyň terbiýäniň 12 görnüşi baradaky taglymatlary esasynda degişli işler meýilnamalaýyn esasda dowam etdirildi.

Çagalaryň matematikany, daşary ýurt dilleriniň başlangyç esaslaryny öwrenmekleri, tebigy ukyp-başarnyklaryny ösdürmekleri üçin giň mümkinçilikler döredildi. Olarda logiki pikirlenmäni kemala getirmek üçin interaktiw oýunlar, iňlis we rus dillerini özleşdirmekleri üçin aýdym-sazly hem-de şekilli görkezme gollanmalary giňden ulanylýar. Şonuň bilen birlikde, çagalaryň surat çekmek, aýdym aýtmak, gurnamak we sport bilen meşgullanmak ýaly tebigy zehinlerini irki ýaşdan ýüze çykarmaga aýratyn üns berilýär. Döredilen bu şertler körpeleriň mekdep durmuşyna aňsat uýgunlaşmaklaryna we akyl ýetiriş ukyplarynyň ýokarlanmagyna uly ýardam edýär.

Geçen okuw ýylynda mekdebe taýýarlyk işlerini kämilleşdirmek boýunça işler ýerine ýetirildi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň çetki sebitlerinde we obalarynda umumybilim edaralarynyň binýadynda doly däl iş gününde hereket etjek mekdebe taýýarlaýyş toparlaryny açmak boýunça işler alnyp barylýar. Çagalar edaralarynyň işini sanlylaşdyrmak üçin «e-Bakja» dolandyryş ulgamyny ornaşdyrmak maksady bilen, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň, Ahal welaýatynyň degişli çagalar bakja-baglarynda synag taslama işleri ýerine ýetirilýär. Bularyň ählisi mekdebe çenli bilim edaralarynyň işini has-da netijeli guramaga, çagalarymyzyň mekdebe taýýarlygynyň gerimini giňeltmäge giň mümkinçilik berýär.

Mekdebe çenli bilim ulgamynyň esasy hereketlendiriji güýji bilimli, döredijilikli, hünärine ussat işgärleridir. Şoňa görä-de, geçen okuw ýylynda terbiýeçileriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olaryň täze pedagogik usullary we innowasion tehnologiýalary özleşdirmegini üpjün etmek ugrunda zerur işler alnyp baryldy. Täze okuw ýylynda hem bilim-terbiýeçilik işiniň hilini yzygiderli ýokarlandyrmaga aýratyn üns bereris. Her bir çaganyň şahsy aýratynlygyny, ukybyny we gyzyklanmasyny nazara almak, döredijilik mümkinçiliklerini açmak, özbaşdak pikirlenmek we durmuş endiklerini ösdürmek biziň maksadymyz bolar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki zaman pedagogik tehnologiýalary bilim işinde netijeli ulanarys.

Ýazga geçiren Begli ABDYKADYROW.
«Türkmenistan»