Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
«Ýaşlykda» şatlyk joşýar

«Ýaşlykda» şatlyk joşýar

9 Iýul, 2026 Makalalar
49

Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerindäki çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde dynç alyş möwsüminiň ikinji tapgyry şatlyk-şowhun bilen dowam edýär. Jana şypaly howasy, gözel tebigaty bilen tapawutlanýan Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Ýaşlyk» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde-de körpe nesliň şadyýan sesleri belentden ýaňlanýar.

Bu merkez Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň düzümine degişli bolup, onda bir wagtda 450 çaganyň dynç almagy we saglygyny berkitmegi üçin giň şertler döredilipdir. Röwşen Gurbanowyň ýolbaşçylyk edýän «Ýaşlyk» sagaldyş-dynç alyş merkezinde çagalaryň bilimlerini we başarnyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen, kompýuter, surat çekmäge we şekil ýasamaga niýetlenen okuw otaglary, kitaphana, gyzjagazlar üçin ýörite el iş gurnaklary hereket edýär. Mundan başga-da, merkeziň ertekilerdäki gahrymanlaryň keşbi bilen bezelen howlusynda, saýaly baglygyň içinde sportuň futbol, woleýbol, basketbol, tanap çekmek, uzak aralyga bökmek, küşt, şaşka, düzzüm ýaly görnüşleri bilen meşgullanmaga döredilen şertler çagalaryň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeklerini üpjün edýär. Ýörite taýýarlanan meýilnama esasynda bu ýerde merkezara sport ýaryşlary yzygiderli geçirilýär. Has üstünlikli çykyş edip, tapawutlanan çagalara ýaryşy guraýjylar tarapyndan Hormat haty we ýadygärlik sowgatlar gowşurylýar.

Çagalar bilen paýtagtymyzyň gözel ýerlerine, «Älem» medeni-dynç alyş merkezine, Janly tebigatyň milli muzeýine hem-de seýilgählere guralýan gezelençler dynç alyş döwrüni has-da gyzykly pursatlara besleýär. Türkmen döwlet gurjak teatryndaky, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkindäki tomaşalar hem çagalarda ýakymly täsir galdyrýar.

Tomusky dynç alşyň ajaýyp mekanynda Gülälek Nurberdiýewa, Mekan Hojamow, Gülnur Baýramowa, Ogulbibi Nyýazmyradowa, Orazberdi Aşyrberdiýew, Gülgunça Durdyýewa ýaly tejribeli mugallymlaryň ýolbaşçylygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary bilim-terbiýeçilik işlerini alyp barýarlar. Bu barada Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby Tylla Arabowa şeýle gürrüň berdi:

— Çagalar günüň dowamynda sportuň birnäçe görnüşi boýunça özara ýaryşýarlar. Ýeňiji bolan toparlara bolsa ýörite taýýarlanan ýyldyzjyklar gowşurylýar. Şeýle-de agşamky aýdym-sazly nyzamda ýerine ýetirilýän çykyşlardyr sahna oýunlarynda günüň dowamynda jemlenen ýyldyzjyklar netijesinde, iň ýokary netije görkezen topar merkeziň göçme kubogyna eýe bolýar. Tapgyryň ýapylyş dabarasynda iň köp ýyldyza we göçme kuboga eýe bolan topar «Tapgyryň iň işjeň topary» diýlip yglan edilýär hem-de topar agzalaryna dabaraly ýagdaýda Hormat haty gowşurylýar. Bu bolsa körpe nesliň dynç alyş pursatlarynyň gyzykly we ýatda galyjy bolmagyna öz täsirini ýetirýär. Ýaş nesilleriň şular ýaly ajaýyp mekanda dynç almaklary, wagtlaryny täsirli hem-de gyzykly geçirmekleri babatda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş aýdýarys.

Laçyn BEGZADAÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.