Halypa mugallym Ata Akbäbäýew hakynda ýatlama
Halypa mugallym Ata Akbäbäýew birnäçe «miweli daragtlary» ýetişdiren mugallymlaryň mugallymydyr. Ol okuwçylarynyň hem, bilim işgärleriniň hem arasynda, şeýle hem il arasynda-da uly hormata eýe bolan mugallymdyr. Ata mugallymyň adamkärçiliginiň belent bolşy ýaly, okuwçylara sapak berşi-de juda özboluşlydy.
Ata Akbäbäýew mekdepde okan ýyllarym meniň hem, soňra çagalarymyň hem türkmen dili we edebiýat mugallymydy. Çagalar mekdepden öýe gelenlerinden soň hem halypa mugallymy hiç dillerinden düşürmezdiler. Olar mekdepde Ata mugallymyň guran çekeleşikli sapaklaryny çaý başynda gürrüň ederdiler. Halypa mugallym okadýan okuwçylaryna her hepdäniň ahyrynda bir goşgyny ýat tutmagy ýa-da çeper eser okamagy tabşyrardy. Bu bolsa ata-eneler üçinem gyzyklydy. Sebäbi mugallym okuwçylaryň üsti bilen ata-enelerem okuwa, türkmen edebiýatyna çekerdi. Ol hepdäniň ahyrynda okuwçylara okamaga hödürlän çeper eseriniň gahrymanlarynyň gylyk-häsiýetleri, durmuşda özlerini alyp baryşlary, eseriň gyzykly wakalary hakynda sapakda okuwçylar bilen gyzykly çekişmeler gurardy. Işjeň we gyzykly guralan sapaklar okuwçylarda türkmen dili we edebiýat sapagyna bolan gyzyklanma, söýgi dörederdi, olaryň dil baýlygyny ösdürerdi. Halypa mugallym okuwçylara ýat tutan goşgularyny sapakda labyzly aýtdyrardy, diňe goşgyny ýatdan aýtdyrmak bilen çäklenmezdi, ýörite bir depder tutduryp, şol goşgyny owadan, dürs ýazuw bilen depderine-de ýazdyrardy. Okuwçysy haýsy harpy dogry ýazmasa, tä şony dürs ýazýança depderde gaýta-gaýta ýazdyrardy. Bu usul bolsa okuwçylaryň dürs ýazuw endiklerini ösdürerdi. Biziň maşgalamyzda Ata Akbäbäýewiň ady köp agzalardy, ol diňe biziň däl, eýsem, ýüzlerçe, müňlerçe maşgalalarda hormat bilen ýatlanandyr. Mugallymyň okuwçylary diňe sapagyna däl, durmuş ýoluna taýýarlaýşy, olarda ata Watana, ene topraga, tebigata, hormatly Prezidentimize bolan çuňňur söýgini terbiýeleýşi-de nusgalykdy.
Ata Akbäbäýew köp ýyllaryň dowamynda mekdepde türkmen dili we edebiýat mugallymy bolup çagalara bilim we terbiýe berdi. Ömrüniň soňky ýyllarynda bolsa ol bilim edaralarynda mugallymlaryň halypasy bolup işledi. Halypa mugallym bilen bilim ulgamynda egindeş bolup işlemek maňa-da miýesser etdi. Mekdepleriň türkmen dili we edebiýat mugallymlaryna usuly maslahata gelerdi. 2008-nji ýylda mekdebimiziň türkmen dili we edebiýat mugallymlarynyň sapaklaryna gatnaşyp, okuwçylaryň bilim derejesini öwrenmek üçin barlagnama alypdy. Halypa bu barlagyň netijesi boýunça mugallymlara ussatlyk bilen baha beripdi, hatda kemçiliklerinem göwünlerine degmän bahalandyrmagy mugallymlary haýran galdyrypdy.
Hawa, biz şeýle halypa mugallymlaryň mekdebini geçdik. Ata Akbäbäýew Mary welaýatynyň bilim işgärleriniň hünär kämilleşdiriş usuly merkezinde mugallymlara sapak berende şeýle diýerdi: «Mugallym, iş wagty gutarandan soň, öz ýadawlygyny duýýan bolsa, ol hakyky mugallymdyr». Sapak beren wagty mugallymlar durky bilen onuň gürrüňlerini, maslahatlaryny, ylmy garaýyşlaryny diňlärdiler. Halypanyň mugallymlara ýüzlenip aýdan pent-nesihatlary köpleriň kalbynda galdy: «Mugallym çagany kalby bilen ýetişdirýän ynsandyr», «Okuwçylaryň, ilkinji nobatda, mugallymyň adamkärçilik sypatyna, soňra hünär derejesine baha kesýändiklerini unutmaly däldiris».
Ata Akbäbäýew 7 — 8-nji synplar üçin «Türkmen dili», «Mukaddes ojak» kitaplarynyň, şeýle-de 100-den gowrak ylmy-usuly makalalaryň ýazary bolup, ol ýaş nesli terbiýelemekde uly goşant goşan zehinli mugallym, ömrüni bilim ulgamyna bagyş eden halypa hökmünde tanalýar. «Ýylyň mugallymy — 1991» bäsleşiginiň ýeňijisi bolan halypa mugallym döredijilikli zähmeti üçin ýokary hünär derejesiniň — «Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri» diýen hormatly adyň eýesi boldy. Mähriban mugallymy, tejribeli halypany bu günki gün ýaş nesiller uly hormat bilen ýatlaýar.
Halypa Ata Akbäbäýewiň okadan okuwçylary häzirki wagtda dürli käriň eýeleri bolup, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda zähmet çekýärler. Olar hem halypa mugallymy hormat bilen ýatlaýarlar, onuň beren gymmatly maslahatlaryny durmuşda, işde pugta berjaý edýärler.
Bilim ulgamynda döredijilikli we yhlasly zähmet çeken halypa mugallymlar hormat bilen ýatlanylýar. Bilim ulgamyny wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsanjymyzy beýan edýäris. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!