Turkmenistan dunyanin ondebaryjy dowletleri we halkara guramalary bilen bilim ulgamynda netijeli gatnasyklary osduryar.
Täzelik
Szi ŞUMIN,HHR-iň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi: — Şu ýylyň başyndan bäri hytaý-türkmen hyzmatdaşlygy dürli ugurlarda depginli ösüp, öz ajaýyp miwelerini berýär. Mart aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýda saparda bolup, Başlyk Si Szinpin bilen netijeli gepleşikleri geçirdi. Şol duşuşykda Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk boýunça möhüm ylalaşyklar gazanylyp, özara gatnaşyklary ilerletmegiň geljekki tapgyry üçin meýilnamalar kesgitlenildi. Aprel aýynda bolsa Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan türkmen topragyna sapary amala aşyryp, «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyryndaky işlere badalga bermek dabarasyna, Hyzmatdaşlyk boýunça komitetiň ýedinji mejlisine, Türkmenistandaky «Lu Ban ussahanasynyň» açylyşyna gatnaşdy. Iki ýurduň ýolbaşçylary bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hem uly ähmiýet berýärler. Şunda Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň ýaşlarynyň köpüsine bu sebitiň bilim ojaklarynda talyp haky esasynda okamak mümkinçiligini hödürlemek bilen, bilim ulgamyndaky özara hereketleriň ösüşine görnetin goşant goşýandygyny bellemek gerek. Ýakynda Urumçi şäherinde senagat, uniwersitetler we ylmy barlaglar babatda hyzmatdaşlyk boýunça «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatyndaky maslahat üstünlikli geçirildi. Onuň jemleri esasynda bilim ulgamynda alyşmalar hem-de hyzmatdaşlyk boýunça «Merkezi Aziýa — Hytaý» merkeziniň garamagynda Energetika bilimi babatda alýansy döretmek hakynda ylalaşyga gol çekildi we bu alýans resmi ýagdaýda açyldy. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde guralan çäräniň hem iki ýurduň bilim ugurly gatnaşyklaryna täze itergi berjekdigine ynanýarys. Hytaý hem, Türkmenistan hem baý taryhy, gaýtalanmajak medeniýeti bolan ýurtlar. Şoňa görä, birek-biregiň dilini, medeniýetini öwrenmäge gyzyklanmalar barha artýar. Häzirki wagtda türkmen ýaşlarynyň 10 müňden gowragy Hytaýyň bilim ojaklarynda okaýar. Türkmen topragynda bilim almaga isleg bildirýän hytaýly ýaşlaryň sany-da yzygiderli ýokarlanmak bilen. Çünki hytaý we türkmen halklarynyň däp bolan dostlukly gatnaşyklary, gerimi giňeýän özara hyzmatdaşlyk birek-biregiň diline, medeniýetine gowy düşünýän mirasdüşerlerdir bilermenleri has köp talap edýär. Ýazga geçiren Aýgül RAHYMOWA. «Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW
Täzelik
Li GUOLIANG,Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň Bilim müdirliginiň partiýa sekretary: — Bilim halklaryň arasynda dostlugy berkitmegiň wajyp şertleriniň biri bolup durýar. Geçen ýylyň iýunynda Astanada geçirilen «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitiniň dowamynda alty ýurduň döwlet Baştutanlary bilelikde bilim ulgamynda alyşmalar we hyzmatdaşlyk boýunça «Merkezi Aziýa — Hytaý» merkeziniň açylyşyna gatnaşdylar. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilen çäre bolsa bu ugurda gazanylan ylalaşygy ýerine ýetirmekde anyk ädimdir. Munuň özi Sinszýan-Uýgur awtonom raýony bilen Türkmenistanyň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem mümkinçilikleri açýar. Bilim ulgamynda alyşmalar merkeziniň işi bu ugurda toplumlaýyn hyzmatlary hödürlemäge gönükdirilen. Birinjiden, onuň çäginde biz köptaraplaýyn alyşmalar üçin ylmy-barlag platformasyny dörederis. Ikinjiden, zehinli hünärmenleriň uly toplumyny çekmäge we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga niýetlenen ýörite ulgamy kemala getireris. Şunda, esasan, energetika, magdan senagaty, häzirki zaman oba hojalygy, adaty hytaý lukmançylygy, halkara lukmançylyk kömegi ýaly ugurlarda aýratyn ünsi jemlemek maksat edinilýär. Merkeziň çäginde biz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň degişli bilim ojaklary bilen ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak, ylmy barlaglary geçirmek boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirýäris. Şeýle-de «Pikirlenmegiň ýoly» atly talyp hakly maksatnamany döredýäris. «Mugallymlar üçin pikirlenmegiň ýoly» maksatnamasy bolsa öňdebaryjy mugallymlary, gözlegçileri, dolandyryş hünärmenlerini goldamaga gönükdirilendir. Şeýle-de biz şertnama esasynda inženerçilik kollejini döretmek işine ýardam edýäris. Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň Bilim müdirligi Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerini ýokary hünär bilimini kämilleşdirmek babatda netijeli hyzmatdaşlygy alyp barmaga çagyrýar. Biz sebitimiziň bilim ojaklarynda okaýan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň sanyny artdyrmaga hem gyzyklanma bildirýäris. Şoňa görä, HHR-iň Bilim ministrligi hem-de awtonom raýonymyzyň Halk hökümeti tarapyndan bu babatda degişli talyp hakly maksatnama döredildi. Oňa laýyklykda, her ýyl magistrantlara 50 müň ýuan, bakalawrda okaýan talyplar üçin 35 müň ýuan möçberinde maliýe kömegi berilýär. 2025-nji ýylda sebitimiziň ýokary okuw mekdeplerine Merkezi Aziýa döwletlerinden 1 müň 135 talyp okuwa kabul edildi. Häzirki wagtda bolsa 2026-njy ýyl üçin okuwa kabul etmek işi dowam edýär. Biz zehinli türkmen ýaşlaryny ylmy barlaglary geçirmek bilen, raýonymyzyň bilim ojaklarynda okamaga çagyrýarys. Ýazga geçiren Aýgül RAHYMOWA. «Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW
Täzelik
Häzirki zaman dünýäsinde ylym we bilim has giň manyny öz içine alyp, döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň hem derwaýys guralyna öwrülýär. Bu günki gün ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlykda ýumşak diplomatiýanyň mümkinçiliklerini netijeli ulanmakda, akademiki alyşmalary işjeňleşdirmekde, strategik hyzmatdaşlygy ilerletmekde bilim ulgamy aýgytlaýjy orna çykýar. Bu hakykata Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy mirasy bilen baglanyşýan Türkmenistan bilen Hytaýyň özara gatnaşyklarynyň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň Kommunistik partiýasynyň komitetiniň sekretarynyň orunbasary, raýonyň Halk hökümetiniň başlygy Erkin Tuniýazyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň ýurdumyza amala aşyran sapary iki dostlukly döwletiň bu ugurda anyk ädimleri ätmäge taýýardyklaryny ýene bir ýola subut etdi. Düýn Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilen maslahat bolsa bilim ulgamynda alyşmalar we hyzmatdaşlyk boýunça «Merkezi Aziýa — Hytaý» merkeziniň işini tanyşdyrmaga bagyşlandy. Erkin TUNIÝAZ,Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň Kommunistik partiýasynyň komitetiniň sekretarynyň orunbasary, raýonyň Halk hökümetiniň başlygy: — Geçen ýylyň iýunynda Astanada geçirilen «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitiniň dowamynda alty ýurduň döwlet Baştutanlary «Merkezi Aziýa — Hytaý hyzmatdaşlyk ruhuny» ilerletmek, garyplygy azaltmakda, bilim ulgamynda, çölleşmä garşy göreşmekde tejribe alyşmak boýunça üç sany merkezi, şeýle-de söwda gatnaşyklary üçin platformany döretmek hakynda biragyzdan çözgüt kabul etdiler. Alty ýurduň ýolbaşçylary bilelikde bilim ulgamynda alyşmalar we hyzmatdaşlyk boýunça «Merkezi Aziýa — Hytaý» merkeziniň açylyşyna hem gatnaşdylar. 2025-nji ýylyň 21-nji iýulynda bu merkez Sinszýanda resmi taýdan işläp başlady. Häzirki gatnaşýan çärämiz bolsa «Merkezi Aziýa — Hytaý hyzmatdaşlyk ruhuny», döwlet Baştutanlarymyz tarapyndan gazanylan ylalaşyklary bilelikde durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädimdir. Mälim bolşy ýaly, hytaý nusgasynda döwrebaplaşdyrmak arkaly güýçli milleti kemala getirmek işini höweslendirmekde Sinszýan-Uýgur awtonom raýonyna aýratyn orun degişli. Başlyk Si Szinpin Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň 18-nji ýygnagynda bu sebiti ösdürmek meselesine uly üns berip, partiýanyň täze taryhy döwürde Sinszýany dolandyrmak boýunça strategiýasyny işläp taýýarlamagy tabşyrdy we sebit üçin strategik ugurlaryň 5-sini kesgitledi. Şeýle hem ol geçen ýyl giň düzümdäki wekiliýet agzalary bilen bilelikde awtonom raýonymyzyň döredilmeginiň 70 ýyllygyna bagyşlanyp guralan çärelere gatnaşyp, hut bilimiň adamzada ösen siwilizasiýany miras goýýan gymmatlykdygyny nygtady. Hakykatdan-da, bilim — ösüp gelýän ýaş nesilleri terbiýelemegiň hem-de has gowy geljegi gurmagyň esas goýujy ýoly. Şu nukdaýnazardan, Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynda-da bilimi, ylmy, tehnikany ösdürmäge, zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, başlangyç bilimi berkitmäge uly ähmiýet berilýär. Sebitde mekdebe çenli bilim bilen üpjün etmegiň umumy paýy 104,1, inklýuziw çagalar baglary bilen üpjün etmegiň paýy 93,8, dokuz ýyllyk bilim bilen gurşap almagyň paýy 99, orta bilim bilen gurşap almagyň paýy 98,3 göterime deň. Ýaşlara hünär bilimini bermekde bolsa sebitimiziň özboluşly aýratynlyklaryndan we artykmaçlyklaryndan ugur alynýar. Soňky ýyllarda ýurtlarymyzyň ýolbaşçylarynyň tagallalary esasynda Sinszýan-Uýgur awtonom raýony bilen Türkmenistanyň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem barha ilerleýär. Senagat, uniwersitetler we barlaglar boýunça «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynda guralýan maslahatlara, Sinszýanda şu formatda geçirilen bilim ministrleriniň birinji maslahatyna türkmen tarapynyň wekilleri işjeň gatnaşdylar. Şu ýylyň iýunynda Türkmenistanyň üç ýokary okuw mekdebi bilen Sinszýan mugallymçylyk uniwersitetiniň arasynda hytaý dilini okatmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyga gol çekildi. Soňky ýyllarda sebitimiz türkmen ýaşlarynyň 100-si üçin talyp haky esasynda okamak mümkinçiligini döredip gelýär. Häzirki wagtda Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynda türkmenistanly talyplaryň 413-si bilim alyp, munuň özi Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň arasynda iň ýokary görkezijidir. Bu, elbetde, özara gatnaşyklaryň ýokary derejesinden habar berýär. Zerurlyga görä, bu ugurda berilýän goldawy has-da güýçlendirip bileris. Biz iki ýurduň bilim ojaklaryna goldaw bermekde, hünärmenleri taýýarlamakda, ylmy barlaglary alyp barmakda meýdança hökmünde bilim ulgamynda alyşmalar we hyzmatdaşlyk boýunça «Merkezi Aziýa — Hytaý» merkeziniň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga taýýardyrys. Ýazga geçiren Aýgül RAHYMOWA. «Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW