Turkmenistan dunyanin ondebaryjy dowletleri we halkara guramalary bilen bilim ulgamynda netijeli gatnasyklary osduryar.
Täzelik
Ankara şäherinde «Türk dünýäniň ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk» atly halkara maksatnama boýunça çäre geçirildi. Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Demirgazyk Kipriň we Wengriýanyň ýokary bilim edaralarynyň wekilleriniň ençemesini bir meýdançada jemlän çärä ýurdumyzdan Bilim ministrliginiň hünärmenleri, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdylar. Forumyň 7-nji sentýabrdaky resmi açylyş dabarasynda Türkiýe Respublikasynyň Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halklar boýunça müdirliginiň (YTB) başlygy, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň deputaty, Türkiýäniň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti, «ORTAK» maksatnamasynyň akademiki utgaşdyryjysy, şeýle-de maksatnama gatnaşýan ýurtlaryň Ankaradaky ilçileri myhman boldular. Dabaranyň dowamynda wekiliýet agzalary YTB-niň işiniň esasy ugurlary, onuň şu gezekki maksatnamasynyň wezipeleri, ýokary bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem çykyşlarda YTB tarapyndan durmuşa geçirilýän bilelikdäki talyp hakly maksatnamalar hem-de ýokary okuw mekdepleriniň arasynda akademiki alyşmalary ilerletmegiň geljegi uly ugurlary barada giňişleýin maglumat berildi. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň bu halkara maksatnama gatnaşmagy ýokary bilim ulgamynda döwrebap çemeleşmeleri öwrenmek, öňdebaryjy daşary ýurt tejribesi bilen tanyşmak, hünär gatnaşyklaryny giňeltmek hem-de özara pikir alyşmak üçin möhüm mümkinçilikleri döredýär. Şeýle halkara çäreler hyzmatdaş ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmäge, bilelikdäki bilim taslamalaryny we başlangyçlary durmuşa geçirmäge, akademiki alyşmalary giňeltmäge ýardam berýär. Taýýarlan Toýly MUHAMMETDURDYÝEW. «Türkmenistan».
Täzelik
2026-njy ýylyň 7–11-nji sentýabry aralygynda Ankara şäherinde türk dünýäsiniň ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge, öňdebaryjy tejribeleri alyşmaga hem-de bilim we akademik edaralaryň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen «Türk dünýäsiniň ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk» atly sertifikat maksatnamasy geçirilýär. Maksatnama Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň we Wengriýanyň wekilleri gatnaşýarlar. Türkmen tarapyndan maksatnama Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, şeýle hem Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekilleri gatnaşýarlar. 7-nji sentýabrda maksatnamanyň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Dabarada Türkiýe Respublikasynyň Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halklar boýunça müdirliginiň (YTB) başlygy Abdulhadi Turus, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň deputaty Osman Mesten, Türkiýäniň Ylymlar akademiýasynyň (TÜBA) prezidenti professor Muzaffer Şeker, şeýle hem ORTAK maksatnamasynyň akademik utgaşdyryjysy professor Şefika Şule Erçetin çykyş etdiler. Resmi açylyş dabarasyna maksatnama gatnaşýan ýurtlaryň Ankara şäherinde akkreditirlenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri hem gatnaşdylar. Munuň özi bilim we ynsanperwer ulgamlarda döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň beýany boldy. Dabaranyň dowamynda gatnaşyjylar YTB-niň işiniň esasy ugurlary, sertifikat maksatnamasynyň maksatlary we wezipeleri, şeýle hem ýokary bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem YTB tarapyndan durmuşa geçirilýän bilelikdäki talyp hakly maksatnamalar, akademik alyşmalar hem-de ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri barada giňişleýin maglumat berildi. Maksatnamanyň birinji gününiň işi «Türkiýede we dünýäde ýokary bilim syýasaty we strategiýalary» atly modulyň çäklerinde dowam etdi. Onuň dowamynda Türkiýäniň ýokary bilim ulgamynyň häzirki zaman gurluşy we ösüş ugurlary, dünýäde ýokary bilimiň ösüşiniň esasy meýilleri, medeni täsiriň we halkara abraýyň kemala gelmeginde ýokary okuw mekdepleriniň orny, şeýle hem ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Professor Şefika Şule Erçetin we professor Zakir Avşar ýokarda agzalan ugurlar boýunça degişli çykyşlar bilen çykyş etdiler. Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürmek, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek we milli bilim ulgamyna ornaşdyrmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda milli ýokary okuw mekdepleriniň halkara gatnaşyklaryny giňeltmäge, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamaga, şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ylmy-bilim gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň wekilleriniň bu halkara maksatnama gatnaşmagy ýokary bilim ulgamynda döwrebap çemeleşmeleri öwrenmek, öňdebaryjy daşary ýurt tejribesi bilen tanyşmak, hünär gatnaşyklaryny giňeltmek hem-de daşary ýurtlaryň bilim we akademik edaralarynyň wekilleri bilen özara tejribe alyşmak üçin möhüm mümkinçilikleri döredýär. Şeýle halkara çäreleriň geçirilmegi gatnaşyjy döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmäge, bilelikdäki bilim taslamalaryny we başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge, akademik hereketliligi giňeltmäge, şeýle hem bilim we ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga ýardam berýär. Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Täzelik
2026-njy ýylyň 1–5-nji sentýabry aralygynda Türkmenistan döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasy (ÝUNISEF) bilen hyzmatdaşlygynyň çäginde Sank-Peterburgyň Irki goşulyşma boýunça institutynyň hünärmeni, ÝUNISEF-iň bilermeni Ýuliýa Rusanowanyň Autizmiň dürli görnüşleri bolan çagalar we olaryň maşgalalary üçin inklýuziw hyzmatlaryň pudagara ulgamyny ösdürmek boýunça halkara tejribesi bilen paýlaşmak maksady bilen okuw maslahaty we çagalar baglary bilen tanyşlyk sapary guraldy. Bu okuw maslahatyna Türkmenistanda Autistik spektriniň bozulmalary bar bolan çagalary ýüze çykarmak, anyklamak we toplumlaýyn ýardam etmek boýunça synag taslamasyny durmuşa geçirýän Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň degişli hünärmenleri gatnaşdylar. Bilim ulgamyndan Aşgabat şäheriniň synag çagalar baglarynyň, Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň terbiýeçileridir mugallymlary, lukman-mugallymçylyk işçi toparynyň agzalary, şeýle hem welaýatlaryň inklýuziw bilim taslamasyny amala aşyrýan çagalar baglarynyň pedagogik işgärleri işjeň gatnaşdylar. Okuw maslahatynyň çäginde nazary bilimleri amalyýet bilen baglanyşdyrmak maksady bilen Aşgabat şäheriniň synag mekdebe çenli çagalar edaralarynyň biri bolan 111-nji çagalar bakja-bagynda dowam edildi. Bu okuwda synag taslamasynyň birinji tapgyrynda geçirilen işleriň netijeleri we pudagara hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň ýollary boýunça pikir alşyldy. Diňleýjiler guralan söhbetleriň özlerinde uly täsirleri galdyrandygyny, çaganyň durmuşynyň ilkinji ýyllarynda autistik spektriniň alamatlaryny ir ýüze çykarmagyň gurallaryny ele almak, maşgala goldaw bermek, köptaraplaýyn çemeleşmek boýunça zerur usuly maslahatlary alandyklaryny aýratyn bellediler. Gülbahar Atadurdyýewa, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Mekdebe çenli bilim bölüminiň baş hünärmeni