Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma

Halkara hyzmatdaslyk

Turkmenistan dunyanin ondebaryjy dowletleri we halkara guramalary bilen bilim ulgamynda netijeli gatnasyklary osduryar.

Bilim – ýurtlaryň geljegini birleşdirýän güýç Täzelik

Bilim – ýurtlaryň geljegini birleşdirýän güýç

2026-njy ýylyň 24-nji sentýabryndan 3-nji oktýabry aralygynda Moskwa şäherinde dürli ýurtlardan bilim bilim ulgamynyň wekilleriniň, mekdep ýolbaşçylarynyň we mugallymlarynyň “Russiýa” milli merkezinde VI synp ýolbaşçylarynyň forumy geçirildi. Bu möhüm çärä Türkmenistanyň wekili hökmünde gatnaşmak meniň üçin uly hormat we jogapkärçilik boldy. Forumyň dowamynda dürli ýurtlardan gelen bilim işgärleriniň çykyşlaryny diňlemek, olaryň iş tejribeleri bilen tanyşmak we häzirkizaman mekdebiniň öňünde durýan möhüm wezipeler barada pikir alyşmak üçin giň mümkinçilik döredildi. Forumda edilen çykyşlaryň esasy ugurlarynyň biri bilimiň hilini ýokarlandyrmak we okuwçylaryň bilim almaga bolan höwesini artdyrmak meselesi boldy. Çykyş eden hünärmenler häzirki döwürde mekdebiň diňe bilim berýän edara bolman, eýsem çaganyň şahsyýet hökmünde kemala gelýän möhüm gurşawdygyny aýratyn nygtadylar. Çaganyň mekdebe bolan söýgüsini we höwesini artdyrmak, sapaklary gyzykly hem-de döwrebap usullarda guramak, okuwçynyň döredijilik ukybyny ösdürmek baradaky pikirler aýratyn gyzyklanma döretdi. Forumyň dowamynda mugallymyň häzirkizaman jemgyýetindäki orny barada hem giňişleýin çykyşlar edildi. Mugallymyň wezipesiniň diňe okuwçynyň bilim derejesini ýokarlandyrmak bilen çäklenmeýändigi, onuň okuwçynyň dünýägaraýşynyň, ahlak gymmatlyklarynyň we durmuş endikleriniň kemala gelmeginde uly orun eýeleýändigi bellenildi. Aýratyn üns berlen meseleleriň biri hem mekdep bilen ene-atanyň hyzmatdaşlygydyr. Çaganyň bilim terbiýesinde mekdep bilen maşgalanyň bir maksada gönükdirilen, yzygiderli hyzmatdaşlygynyň örän möhümdigi çykyşlarda aýratyn bellenildi. Ene-atany çaganyň okuw we terbiýe işine çekmek, olaryň pikirlerini diňlemek, ýüze çykýan meseleleri birlikde çözmek okuwçynyň üstünliklerine oňyn möhüm şertleriň biri hökmünde görkezildi. Bu çykyşlar maňa mugallymyň her bir okuwça aýratyn şahsyýet hökmünde garamalydygyny ýene bir gezek görkezdi, Sebäbi her bir çaganyň özboluşly ukyby, gyzyklanmasy we mümkinçilikleri bar. Forumyň ýene bir möhüm temasy – okuwçylary geljekki hünärlere taýýarlamak boldy. Häzirki döwürde tehnologiýalaryň çalt ösmegi bilen täze hünärleriň peýda bolýandygy, şonuň üçin mekdebiň okuwçylarynda diňe taýýar maglumatlary öwrenmek däl-de, özbaşdak pikirlenmek, döredijilikli çemeleşmek, meseleleri çözmek we täze bilimleri özbaşdak gözlemek başarnyklaryny ösdürmelidigi bellenildi. Forumyň dowamynda dürli ýurtlaryň bilim ulgamyndaky tejribeler bilen tanyşmak meniň üçin örän gyzykly we peýdaly boldy. Her bir çykyşdan täze pikirleri, öz mekdebimizde ulanyp boljak iş usullaryny öwrenmäge mümkinçilik aldym. Şeýle halkara çäreler diňe bir tejribe alyşmak bilen çäklenmän, eýsem dürli ýurtlaryň bilim işgärleriniň arasynda dostlukly we hünär gatnaşyklarynyň berkemegine hem ýardam edýär. Şeýle   möhüm we manyly çykyşlaryň arasynda men hem “Что остается после школьного звонка?” – “Mekdep jaňyndan soň näme galýar?” diýen tema boýunça öz pikirlerimi we iş tejribämi paýlaşmak mümkinçiligine eýe boldum. Çykyşymyň esasy maksady mekdebiň wezipesiniň diňe okuwça bilim bermek bilen çäklenmeýändigini görkezmekden ybaratdy. Sebäbi okuwçy mekdebi tamamlandan soň onuň eline diňe şahadatnama ýa-da belli bir derejedäki bilimler däl, eýsem onuň durmuşdaky garaýşy, adamkärçiligi, Watana bolan söýgüsi, zähmete bolan gatnaşygy we geljekki maksady galmalydyr. Çykyşymyň ahyrynda ýene-de şol soraga dolandym: “Mekdep jaňyndan soň näme galýar?” Meniň pikirimçe, mekdep jaňyndan soň iň möhüm zat – mugallymyň okuwçynyň kalbynda galdyran yzydyr. Bilim galýar. Ýatlamalar galýar. Dostluk galýar. Öwredilen gymmatlyklar galýar. Iň esasy bolsa – geljegini gurmaga taýýar täze nesil galýar. Moskwada geçirilen bu forumdan alan esasy netijäm şundan ybarat boldy: bilimiň hilini ýokarlandyrmak üçin diňe täze tehnologiýalar däl, eýsem mugallymyň ýürekden edýän zähmeti, okuwça bolan ynamy, ene-ata bilen edýän hyzmatdaşlygy we her bir çaganyň aýratynlygyna hormat goýmagy zerurdyr. Türkmenistanyň wekili hökmünde şeýle abraýly çärä gatnaşmak, ýurdumyzyň bilim ulgamynda alnyp barylýan işler barada gürrüň bermek we beýleki ýurtlaryň tejribelerini öwrenmek meniň üçin uly tejribe boldy. Şeýle mümkinçilikleriň döredilýändigi üçin Türkmenistanyň Prezidenti, Arkadagly Gahryman Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallygymy bildirýärin. Bilim ulgamyna, ýaş nesliň döwrebap bilim we terbiýe almagyna berilýän uly üns biz-bilim işgärleri üçin hem uly ruhy goldaw hem-de jogapkärçilikdir. Bu forumda eşiden we öwrenen täze pikirlerimizi öz işimizde netijeli peýdalanmak, okuwçylaryň bilim derejesini we terbiýesini has-da ýokarlandyrmak üçin ulanmak biziň esasy maksadymyz bolmalydyr. Sebäbi häzirki okuwçynyň bilimine we terbiýesine goýlan maýa goýum – Watanymyzyň geljegine goýlan maýa goýumdyr. Aşgabat şäheriniň Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky ýöriteleşdirilen 72-nji orta mekdebiniň müdüri Aşyrowa Amanşeker Güýçgeldiýewna

32
Doly oka
Türkmenistanyň wekiliýeti Kiotoda geçirilen «Jemgyýetde ylym we tehnologiýalar» atly halkara foruma gatnaşdy Täzelik

Türkmenistanyň wekiliýeti Kiotoda geçirilen «Jemgyýetde ylym we tehnologiýalar» atly halkara foruma gatnaşdy

Ýaponiýa bolan iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekillerinden ybarat bolan türkmen wekiliýeti «Jemgyýetde ylym we tehnologiýalar» (STS) atly halkara foruma, şeýle hem onuň çäklerinde geçen Ylym we tehnologiýalar ministrleriniň derejesindäki «tegelek stoluň» 22-nji mejlisine gatnaşdy. Forumyň dabaraly açylyşy 4-nji oktýabrda Ýaponiýanyň Kioto şäherinde geçirildi. Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiti foruma gatnaşyjylara gutlag sözleri bilen ýüzlenip, çykyşynda ylmy innowasiýalaryň ählumumy durnukly ösüşe, parahatçylyga we adamzadyň abadançylygyna gulluk etmelidigini nygtady. «Jemgyýetde ylym we tehnologiýalar» atly halkara forumynyň başlygy Hiroşi Komiýamanyň çykyşynda ylym we tehnologiýalaryň çalt ösýän eýýamynda dünýäniň öňünde durýan wezipeleri ýeňip geçmek we täze mümkinçilikleri netijeli ulanmak üçin halkara hyzmatdaşlygyň we köptaraply gepleşikleriň aýratyn ähmiýete eýedigi bellenildi. Forumyň umumy we ugurdaş mejlislerinde 2030-njy ýyla çenli we ondan soňky döwür üçin ösüş mümkinçiliklerine garaldy. Emeli aň, biotehnologiýalar we gaýtadan dikeldilýän energetika ýaly ugurlaryň ahlak kadalarynyň esasynda ösdürilmegine aýratyn üns berildi. Forumyň dowamynda London Patyşalyk jemgyýetiniň ýerine ýetiriji direktory Juli Makstonyň başlyklyk etmeginde umumy mejlis geçirildi. Onda emeli aňyň jemgyýete ýetirýän oňyn täsiri bilen bir hatarda, onuň bilen bagly bolan ahlak we amaly töwekgelçilikler giňden ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlislerde ylmy gazanylanlary daşky gurşawy goramak maksatlary bilen utgaşdyrmak, sanlylaşdyrylma şertlerinde adam mümkinçiliklerine maýa goýumlary artdyrmak we hünärmenleriň täze neslini taýýarlamakda ýokary okuw mekdepleriň eýeleýän orny boýunça gymmatly pikirler beýan edildi. Gatnaşyjylaryň bu gepleşikleri forumyň ylym bilen jemgyýetiň arasyndaky baglanyşygy berkitmekdäki möhüm waka hökmündäki ähmiýetini has-da artdyrdy. Çäräniň dowamynda 5-nji oktýabrda «Academy of Science Presidents' Meeting» («Ylymlar akademiýalarynyň prezidentleriniň duşuşygy») atly ýörite mejlisde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdi Aşyrow çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Türkmenistanyň ylmy-barlag işlerini ösdürmek, önümçilige ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaş alymlary goldamak we taýýarlamak boýunça döwlet syýasatynyň strategiýasyny giňişleýin beýan etdi. Çykyş eden durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin halkara ylmy hyzmatdaşlygy berkitmegiň, bilelikdäki innowasion taslamalary amala aşyrmagyň we ylymlar akademiýalarynyň arasynda tejribe alyşmagyň uly ähmiýete eýedigini nygtady. Türkmen wekiliýetiniň bu foruma gatnaşmagy halkara hyzmatdaşlygy we dostlukly gatnaşyklary giňeltmek, ýurduň bilim we ylmy-barlag mümkinçiligini ýokarlandyrmak, şeýle hem milli bilim we ylym edaralarynyň işine dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak üçin uly ähmiýete eýedir. Türkmen wekiliýetiniň ylym, bilim we tehnologiýa hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek maksady bilen Ýaponiýa guralan sapary 8-nji oktýabra çenli dowam eder. Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň, ylmy-barlag edaralarynyň we tehnologik kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirendigi barada biz ozal habar beripdik. Anastasiýa Kasýanowa

66
Doly oka
Türkmen talyplary Germaniýada we Niderlandlarda «John Deere» kompaniýasynyň kärhanalarynda önümçilik tejribesini geçdiler Täzelik

Türkmen talyplary Germaniýada we Niderlandlarda «John Deere» kompaniýasynyň kärhanalarynda önümçilik tejribesini geçdiler

S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalygynyň mehanizasiýasy hünäriniň 10 talyby uniwersitetiň 2 mugallymynyň ýolbaşçylygynda Germaniýada we Niderlandlarda «John Deere International GmbH» kompaniýasynyň kärhanalarynda önümçilik tejribesini geçdiler. Okuw sapary 19–26-njy sentýabr aralygynda dünýä belli maşyn gurluşyk kompaniýasynyň önümçiliklerindäki öňdebaryjy tehnologiýalar bilen tanyşmak we onuň häzirki zaman oba hojalyk tehnikasynyň mümkinçiliklerini öwrenmek maksady bilen geçirildi. Saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti Germaniýanyň Mangeým şäherindäki traktor zawodynda, şeýle hem maldarçylyk ugruna ýöriteleşen «Lehr und Versuchsanstalt Neumühle» ylmy, okuw-önümçilik kärhanasynda boldular. Bu ýerde tejribe geçýän gatnaşyjylar kuwwatly maşynlardan peýdalanmagyň düzgünleri we olaryň ulanylyş aýratynlyklary bilen tanyşdylar. «John Deere Forum» merkezinde kompaniýanyň hünärmenleri onuň dörediliş taryhy, ösüş tapgyrlary, gazanan üstünlikleri we geljekki meýilnamalary barada giňişleýin maglumat berdiler. Kompaniýanyň sargyt edijileriň şahsy talaplaryny nazara alyp, degişli tehnikalary öndürmek üçin mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi. Talyplara dürli kuwwatdaky traktorlaryň aýry-aýry şaýlarynyň taýýarlanylmagyndan başlap, taýýar tehnikanyň ýygnalyşyna çenli önümçiliginiň ähli tapgyrlaryna syn etmek mümkinçiligi döredildi. Tejribeligiň çäklerinde Niderlandlar Patyşalygynyň Horst şäherindäki «John Deere» kompaniýasynyň zawodynda okuw sapaklary geçirildi. Bu zawodda asylýan we özi ýöreýän pürkijiler öndürilýär. Türkmen wekiliýetiniň agzalary M700i, M900i, R414i, R4150i modelleriniň häzirki zaman pürkijileriniň, şeýle hem täze 550R özi ýöreýän pürkijiniň innowasion tehnologiýalary we önümçilik tapgyrlary bilen tanyşdylar. Kompaniýanyň wekilleri dökünleri we ösümlikleri goramak serişdelerini ýokary takyklykda ulanmaga mümkinçilik berýän «ExactApply» integrirlenen ulgamynyň aýratynlyklary, şeýle hem kameralaryň kömegi bilen haşal otlary kesgitleýän we diňe zerur ýerleri işläp bejermäge mümkinçilik berýän «See and Spray» tehnologiýasy barada gürrüň berdiler. Saparyň çäklerinde türkmen ýokary okuw mekdebiniň wekilleri Germaniýanyň Frankfurt şäheriniň we Niderlandlaryň paýtagty Amsterdam şäheriniň taryhy we medeni gözel ýerlerine baryp gördüler. Önümçilik tejribesine gatnaşmak arkaly türkmen oba hojalyk ýokary okuw mekdebiniň talyplary gymmatly amaly tejribe toplap, bilimlerini ep-esli baýlaşdyrdylar we hünär taýýarlyklaryny kämilleşdirdiler. Geljekki türkmen hünärmenleri üçin şeýle daşary ýurt tejribe okuwlarynyň yzygiderli geçirilmegi ýurdumyzda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, bilimiň hilini ýokarlandyrmak we halkara ylym-bilim hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürmek babatda döwletiň öňünde goýlan möhüm wezipeleriň çözülmegine ýardam berýär.

60
Doly oka

Hyzmatdaş döwletler