Turkmenistan dunyanin ondebaryjy dowletleri we halkara guramalary bilen bilim ulgamynda netijeli gatnasyklary osduryar.
Täzelik
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniñ wekiliýeti 2026-njy ýylyň 17–27-nji awgusty aralygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýerleşýän Kent döwlet uniwersitetine resmi saparyny amala aşyrýar. Saparyň esasy maksady iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, akademiki gatnaşyklary giňeltmek, ýokary bilimiň halkara derejesini ýokarlandyrmak we institusional ösüş boýunça tejribe alyşmakdan ybaratdyr. Saparyň maksatnamasynyň çäklerinde HYYÖU-niň wekilleri ABŞ-nyň ýokary bilim ulgamynyň aýratynlyklary bilen tanyşýarlar hem-de Kent döwlet uniwersitetiniň hünärmenleri bilen ikitaraplaýyn diplom maksatnamalary, okuw maksatnamalarynyň halkara derejesinde kämilleşdirilmegi, bilim ulgamynda hil üpjünçiligi, akkreditasiýa, täze akademiki maksatnamalary işläp taýýarlamak we häzirki zaman okatmagyň usullary boýunça pikir alyşýarlar. Saparyň möhüm ugurlarynyň biri ýokary bilimiň hilini üpjün etmek we akkreditasiýa meselelerine bagyşlanýar. Amaly okuwlaryň we hünärmenler bilen geçirilen işjeň ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda HYYÖU-niň wekilleri HLC, ABET we AACSB ýaly akkreditasiýa ugurlary, bilim netijelerini kesgitlemek, okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek, baha beriş usullary we mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça öňdebaryjy tejribeleri öwrenýärler. Şeýle hem HYYÖU-nde hil üpjünçiligi ulgamyny ösdürmek we täze akademiki maksatnamalary taýýarlamak boýunça anyk hereketleriň ýol kartasy ara alnyp maslahatlaşylýar. Saparyň dowamynda halkara talyplary kabul etmek we olara goldaw bermek meselelerine hem aýratyn üns berilýär. Kent döwlet uniwersitetiniň degişli hünärmenleri bilen geçirilen duşuşyklarda halkara we magistratura maksatnamalaryna talyplary kabul etmegiň tertibi, MBA maksatnamasynyň ösdürilmegi we halkara talyplar üçin hyzmatlar boýunça tejribe alyşylýar. Wekiliýet uniwersitetiň kitaphanasyna baryp, OhioLINK we ILLiad ulgamlary, ylmy çeşmeler, ýazuw we repetitorlyk hyzmatlary hem-de talyplar üçin döredilen beýleki akademiki mümkinçilikler bilen tanyşýar. Şeýle hem HYYÖU-niň wekiliýeti Kent döwlet uniwersitetiniň Hormat we Global bilim hem-de hyzmatdaşlyk toparynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirýär. Saparyň çäklerinde uniwersitetiň umumy ýaşaýyş jaýlaryna, DI Hub merkezine, Talyplar merkezine we beýleki desgalaryna aýlanyp görmek arkaly ABŞ-nyň ýokary okuw mekdebiniň akademiki we talyp durmuşynyň guralyşy bilen tanyşmaga mümkinçilik döredilýär. Saparyň maksatnamasynda Türkmenistanyň Birleşen Ştatlardaky ilçihanasynyň wekilleri bilen duşuşyk hem orun aldy. Medeni we jemgyýetçilik çäreleri bolsa iki ýurduň wekilleriniň arasynda özara düşünişmegi we dostlukly gatnaşyklary has-da berkitmäge ýardam edýär. Bu sapar Türkmenistanda halkara hyzmatdaşlygyň we ýokary bilimiň ösüşine döredilýän giň mümkinçilikleriň çäginde amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti, Arkadagly Gahryman Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli we parasatly ýolbaşçylygynda ýaşlara, ýokary okuw mekdeplerine hem-de ylmy-akademiki jemgyýetçilige dünýäniň öňdebaryjy bilim edaralary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak, halkara bilim maksatnamalaryna gatnaşmak we daşary ýurtlaryň baý tejribesini öwrenmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şu nukdaýnazardan, HYYÖU bilen Kent döwlet uniwersitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň ýokary bilim ulgamynyň halkara giňişligindäki ornuny has-da pugtalandyrmaga ýardam edýän netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysallarynyň biridir. Şeýle halkara gatnaşyklary öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmaga, bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, täze akademiki maksatnamalary ösdürmäge we talyplaryň hem-de mugallymlaryň halkara mümkinçiliklerini giňeltmäge hyzmat edýär. Kent döwlet uniwersitetine amala aşyrylýan bu sapar HYYÖU-niň halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ädim bolup durýar. Saparyň dowamynda alnan bilimler, tejribeler we täze döredilen hünär gatnaşyklary uniwersitetiň institusional ösüşine, bilim işiniň hiliniň ýokarlandyrylmagyna hem-de halkara hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň açylmagyna mynasyp goşant goşar. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti
Täzelik
Selbi BATYROWA,Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ylmy işler boýunça prorektory: — Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty ýurdumyzda daşary ýurt dillerini, terjime, dil bilimi hem-de dilleri okatmagyň usulyýeti ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlaýan öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biridir. Institutymyzyň alyp barýan işinde hytaý dilini okatmaga aýratyn orun degişli. Biziň ýokary okuw mekdebimizde 1994-nji ýylda Türkmenistanda ilkinji bolup hytaý dili hünäri açyldy. Şondan bäri bu ugurda berk ylmy-usuly binýat döredildi hem-de hünärmenleri taýýarlamak boýunça baý tejribe toplandy. Soňky ýyllarda Türkmenistanda hytaý dilini öwrenmäge gyzyklanmalar barha artýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň 3 ýokary okuw mekdebinde hytaý dili mugallymlary taýýarlanylýar, 8 bilim ojagynda hytaý dili ikinji daşary ýurt dili hökmünde öwredilýär. Mundan başga-da, umumybilim berýän orta mekdepleriň 10-synyň okuwçylary, 100-den gowrak bilim merkeziniň diňleýjileri hytaý dilini öwrenýärler. Beýik Ýüpek ýolunyň giňişligi arkaly taryhy taýdan baglanyşykly bolan Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň bilim edaralary bilen institutymyzyň hyzmatdaşlygy häzirki wagtda Hytaýyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen özara gatnaşyklarynda möhüm orny eýeleýär. Şu nukdaýnazardan, Sinszýan mugallymçylyk uniwersiteti bilen gatnaşyklarymyz üstünlikli ösdürilýär. Şu ýylyň aprelinde geçirilen gepleşikleriň dowamynda dil bilimini kämilleşdirmek, akademiki hereketi ösdürmek, ylmy we pedagogik tejribeleri alyşmak, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu işleriň dowamy hökmünde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Sinszýan mugallymçylyk uniwersitetiniň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Bilim ministrliginiň Halkara dil bilimi we hyzmatdaşlyk merkeziniň arasynda hytaý dilini okatmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyga gol çekildi. Biz bu ylalaşyga geljekde amala aşyryljak bilelikdäki anyk taslamalaryň, täze başlangyçlaryň we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň möhüm binýady hökmünde garaýarys. Ýazga geçiren Aýgül RAHYMOWA. «Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW
Täzelik
Orazgeldi ÖWEZSÄHEDOW,Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory: — Türkmen-hytaý gatnaşyklarynda ähli ugurlar bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem täze taryhy döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli ösdürilýär. Şunda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ýola goýulýan gatnaşyklara uly orun degişli. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti hem Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynda ýerleşýän Sinszýan uniwersiteti bilen 2016-njy ýylda, Pekiniň daşary ýurt dilleri uniwersiteti bilen 2023-nji ýylda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnamalary baglaşdy. Şu ýyl bolsa bilim ojagymyz Hytaý Halk Respublikasynyň Bilim ministrliginiň Halkara dil bilimi we hyzmatdaşlyk merkezi hem-de Sinszýan mugallymçylyk uniwersiteti bilen degişli ylalaşyklar esasynda özara gatnaşyk edip başlady. Häzirki wagtda Pekiniň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň uçurymy Suý Szýasin uniwersitetimizde aspiranturada okap, «Magtymgulynyň şygryýetinde türkmen halkynyň ahlak we gözellik garaýyşlarynyň çeper beýany» atly temada kandidatlyk dissertasiýasyny ýazýar. Şeýle-de ýokary okuw mekdebimiziň mugallymlarynyň Pekiniň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň türkmen dili/rus dili hünäri boýunça okaýan talyplaryna bilim berýändigini bellemek gerek. 2026-2027-nji okuw ýylyndan bolsa agzalan uniwersitetiň bu hünärde bilim alýan 6 talyby TDU-da dil babatda hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçer. Mälim bolşy ýaly, biziň bilim ojagymyzda hytaý dili we edebiýaty hünäri 2008-nji ýyldan bäri okadylyp gelinýär. Şu geçen döwürde hytaýly mugallymlaryň birnäçesi türkmenistanly ýaşlara hytaý dilini öwretmekde ýakyndan ýardam berdi. Uniwersitetimizde tanyşdyrylyş dabarasy geçirilen bilim ulgamynda alyşmalar we hyzmatdaşlyk boýunça «Merkezi Aziýa — Hytaý» merkeziniň işiniň hem ýurtlarymyzyň ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, öňdebaryjy tejribeleri alyşmaga, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamaga mynasyp goşant goşjakdygyna ynanýarys. Ýazga geçiren Aýgül RAHYMOWA. «Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW