Turkmenistan dunyanin ondebaryjy dowletleri we halkara guramalary bilen bilim ulgamynda netijeli gatnasyklary osduryar.
Täzelik
22-nji oktýabrda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Mongoliýanyň bilim ministrleriniň gatnaşmagynda tegelek stol duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, duşuşyk «Merkezi Aziýada we Mongoliýada köp dilli bilim arkaly sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek» mowzugyna bagyşlandy. Çärä sebitiň ýurtlarynyň wekiliýetleri, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) wekilleri hem-de halkara bilermenler gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda köp dilli bilim ulgamynda milli tejribeler boýunça pikir alşyldy. Şeýle hem okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek, mugallymçylyk işgärlerini taýýarlamak we sebitara hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Köp dilli bilim bermekde halkara tejribesini öwrenmäge, okuw materiallaryny taýýarlamaga we bilim netijelerine baha bermäge aýratyn üns berildi. Hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda mekdebe çenli we başlangyç bilim derejelerinde köp dilli bilimi ösdürmek, şeýle-de mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak meseleleri gözden geçirildi. Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministri Täjigistanyň bilim ministri we Özbegistanyň bilim ministriniň orunbasary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.
Täzelik
Şu gün paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Mongoliýanyň bilim ministrleriniň duşuşygyna gatnaşyjylaryň tegelek stoluň başyndaky maslahaty boldy. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Mongoliýanyň bilim ministrleriniň derejesindäki duşuşygyň dowamynda häzirki zamanyň möhüm meseleleri, bilim ulgamynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň derejesi boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Şunda häzirki zamanyň täzeçil usullarynyň özleşdirilmegini we bilim ulgamyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny esasy ugur edinýän Türkmenistanyň bilim syýasatynyň ösüşiniň esasy ugurlaryna üns berildi. Duşuşygyň möhüm bölegi halkara guramalarynyň we dünýä akademiki jemgyýetçiliginiň wekilleriniň gatnaşmagy boldy. ÝHHG-niň Milli azlyklar boýunça ýokary komissary Kristof Kamp, ÝUNESKO-nyň Almaty şäherinde ýerleşýän sebitleýin edarasynyň hünärmenleri we halkara akademiki jemgyýetçiliginiň wekilleri çykyş etdiler. Bellenilişi ýaly, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda sanly tehnologiýalar konsepsiýasyny özleşdirmekde milli bilim ulgamyna möhüm orun degişlidir. Ýurdumyzyň bilim edaralary ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagynda möhüm orun eýeleýändigi barada aýdyldy. Munuň özi bilim ojaklarynyň işiniň kämilleşdirilmegini we bu ugurda häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň netijeli özleşdirilmegini talap edýär. Tegelek stoluň başynda geçirilen duşuşykda bu ugurda özara tejribe alşylmagynyň we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň wajypdygyna üns berildi. Şunda sebitiň ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň arasynda ýygjam gatnaşyklaryň ýola goýulmagy we hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitlenendigi bellenildi. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Mongoliýanyň bilim ministrleri sazlaşykly ösüş ýoluna düşen we bilim ulgamynyň ösdürilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýän ýurtda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.
Täzelik
18–24-nji oktýabr aralygynda Belarus Respublikasynyň Grodno şäherinde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň amaly matematika we informatika kafedrasynyň müdiri, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty Maral Bekiýewa iş saparynda bolýar. Türkmen alymy Ýanka Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersitetiniň çakylygy boýunça «Çagyrylan professor» maksatnamasynyň çäklerinde Belarus ýokary okuw mekdebiniň talyplaryna leksiýa okamak, gymmatly bilimlerini we baý tejribesini paýlaşmak üçin bardy. Halkara gatnaşyklaryň tejribesinde Türkmenistandan mugallymyň daşary ýurt ýokary okuw mekdebi tarapyndan şeýle derejede çakylyk almagynyň ilkinji gezek amala aşyrylýandygyny bellemek gerek. Bu waka türkmen matematika mekdebiniň ýokary derejesiniň ykrar edilmesidir we onuň wekillerine bolan ynamyň nyşanydyr. «Çagyrylan professor» maksatnamasy Ýanka Kupala adyndaky GDU-na okuw işine beýleki ýurtlardan öňdebaryjy alymlary we mugallymlary çekmäge mümkinçilik berýär. Talyplar tanyş derslere täzeçe garamaga mümkinçilik alýarlar, mugallymlar bolsa usulyýet we tejribe alyşýarlar. Bir hepdelik saparyň dowamynda Maral Bekiýewa matematika we informatika fakultetiniň talyplaryna leksiýa okaýar. Onuň diňleýjileri «Programma inženeriýasy», «Matematika» we «Amaly matematika» ýaly üç ugur boýunça bilim alýan geljekki hünärmenlerdir. Sapaklar takyk matematika teoriýasynyň inženerçilik hasaplamalaryndan başlap, ekologiýa modelirlemesine çenli hakyky wezipeler bilen baglanyşygyny talyplara görkezmek üçin guralandyr. Bu duşuşygyň halkara akademiki aragatnaşyklary ösdürmekde hem aýratyn ähmiýete eýedir. Ol mugallymçylyk tejribesini alyşmak, okatmagyň dürli çemeleşmeleri bilen tanyşmak we uniwersitetleriň arasynda hünär aragatnaşyklaryny berkitmek üçin mümkinçilik berýär, bu bolsa geljekki hyzmatdaşlyga, şol sanda ylmy barlaglara we bilelikdäki bilim taslamalaryna esas döredýär. «Çagyrylan professor» maksatnamasyna gatnaşmak Maral Bekiýewanyň hünär durmuşynda möhüm waka öwrülip, türkmen alymynyň ylmy we mugallymçylyk işine berlen ýokary baha boldy. Maral Bekiýewa Türkmenistanyň öňdebaryjy tehniki ýokary okuw mekdepleriniň birinde amaly matematika we informatika kafedrasyna ýolbaşçylyk edýär. Onuň ylmy gyzyklanmalary matematikanyň, modelirlemäniň we döwrebap maglumat tehnologiýalaryň özara baglanyşygydyr. Alym ýerasty suwlaryň gidrogeoekologiýa ýagdaýyny modelirlemek üçin emeli aňy ulanmak boýunça ylmy barlaglary alyp barýar, bu bolsa gurak sebitleriň şertlerinde aýratyn ähmiýete eýedir. Mugallym hökmünde Maral Bekiýewa giň gerimli dersleri berýär: matematiki seljerme, differensial deňlemeler, matematiki modelirleme, ähtimallyklar teoriýasy we biometriýa. Türkmen alymy we mugallymy hut şu baý hem-de uly ylmy we mugallymçylyk tejribesini Grodno uniwersitetine getirdi. Ýanka Kupala adyndaky GDU-nyň rektory öz çakylyk hatynda türkmen alymynyň saparynyň tejribe alyşmaga hem-de iki ýurduň akademiki jemgyýetçilikleriniň arasyndaky işewür we dostlukly gatnaşyklary berkitmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen birlikde, bu başlangyç mugallymlaryň we alymlaryň halkara hyzmatdaşlygynyň möhümdigini ýüze çykarýar, şonuň netijesinde bilimler, tejribe we täze pikirler bir ýurduň çäklerinden çykyp, ýurtlaryň ylym we bilim kuwwatyny giňeltmek hem-de geljekki ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça umumy baş maksatlara hyzmat edýär. Anastasiýa Kasýanowa