Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma

Halkara hyzmatdaslyk

Turkmenistan dunyanin ondebaryjy dowletleri we halkara guramalary bilen bilim ulgamynda netijeli gatnasyklary osduryar.

Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda bilim, ylym we ýaşlar syýasaty boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy Täzelik

Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda bilim, ylym we ýaşlar syýasaty boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Batyr Mämmedowyň Gruziýanyň bilim, ylym we ýaşlar ministri Giwi Mikanadze bilen duşuşygy geçirildi. Gruzin wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyrýan häzirki sapary şu ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde Tbilisi şäherinde geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň dowamy bolup durýar. Duşuşykda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky däp bolan dostlukly we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi. Bilim, ylym we ýaşlar syýasaty iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Taraplar bilim we ylym edaralarynyň arasynda göni gatnaşyklary giňeltmek, gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek, akademiki alyş-çalyşlary, bilelikdäki bilim we ylmy maksatnamalary, mugallymlaryň we talyplaryň tejribe alyşmaklaryny ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda ýokary we umumy orta bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, sanly tehnologiýalary we emeli aňyň mümkinçiliklerini bilim işine ornaşdyrmak, ylmy-barlag işlerini ösdürmek, şeýle hem bilim, ylym, önümçilik we zähmet bazarynyň arasyndaky arabaglanyşygy pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berildi. Ýokary bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmäge, akademiki hereketliligi we bilelikdäki ylmy-barlag taslamalaryny işjeňleşdirmäge aýratyn ähmiýet berildi. Gruzin tarapy hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge gönükdirilen birnäçe başlangyçlary öňe sürdi. Hususan-da, türkmen ýaşlarynyň Gruziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary üçin mümkinçilikleri giňeltmek, Türkmenistanda Gruziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň bilim sergisini geçirmek, bilelikdäki ylmy taslamalary goldamak we maliýeleşdirmek, şeýle hem Gruziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň biriniň Türkmenistanda şahamçasyny açmak mümkinçiligini öwrenmek teklip edildi. Ýaşlar hyzmatdaşlygynyň çäklerinde iki ýurtda gezekleşip geçiriljek tomusky lagerleri guramak, talyp alyş-çalyşlaryny, ýaş alymlaryň duşuşyklaryny hem-de bilelikdäki bilim, ylmy we innowasion taslamalary ösdürmek meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar ozal gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň we olarda göz öňünde tutulan ylalaşyklary yzygiderli durmuşa geçirmegiň möhümdigini nygtadylar. Şeýle hem bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin Iş toparynyň döredilmeginiň ähmiýeti bellenildi. Onuň iki ýurduň bilim ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde hereket etmegi, bilelikdäki başlangyçlary we taslamalary ara alyp maslahatlaşmagy hem-de gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegini utgaşdyrmagy göz öňünde tutulýar. Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar bilim, ylym we ýaşlar syýasaty ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, göni gatnaşyklary giňeltmäge we anyk bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Duşuşyk dostlukly we özara düşünişmek ýagdaýynda geçdi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi

68
Doly oka
Межкультурный диалог – путь к взаимопониманию Täzelik

Межкультурный диалог – путь к взаимопониманию

Под руководством уважаемого Президента Сердара Бердымухамедова Туркменистан активно расширяет горизонты международного сотрудничества, делая ставку не только на экономику, но и на гуманитарные связи. Этот уровень отношений играет особую роль в укреплении доверия и взаимопонимания между Туркменистаном и другими странами мира. Ведь эти отношения строятся на искреннем и взаимном интересе народов к истории, культуре и традициям друг друга. Именно в таком ключе развивается межкультурный диалог народов Туркменистана и Японии. Несмотря на то что наши страны находятся на разных концах Азии, и нас разделяют тысячи километ­ров, географическая дистанция не мешает проявлять искренний интерес к культурному наследию друг друга. В основе этого диалога лежит глубокое взаимное уважение, которое помогает странам выстраивать доверительные и по-настоящему тёплые отношения. Важную роль в укреплении фундамента долгосрочного парт­нёрства, основанного на доверии, открытос­ти и искренней симпатии между двумя народами, играет изучение языков. С 2007 года в Туркменском национальном инс­титуте мировых языков имени Дов­летмаммета Азади преподавание японского языка идёт на постоянной и системной основе и является одним из самых востребованных направлений. Японский язык также преподаётся в ряде других вузов и средних школ Ашхабада. В ходе встречи с Президентом Сердаром Бердымухамедовым, находившимся с визитом в Японии в апреле 2025 года, Император Нарухито, говоря о значении парт­нёрства, установленного в области образования, отметил, что обучение японскому языку в высших учебных заведениях и общеобразовательных школах Туркменистана является весьма примечательным фактом. Увеличение числа участников проведённого уже 18-го конкурса японского языка свидетельствует о большом интересе туркменских юношей и девушек к его изучению. И это не просто академический интерес. Япония предоставляет стипендии для туркменских студентов через программу MEXT (Министерство образования, культуры, спорта, науки и технологий Японии). Эти инициативы позволяют молодёжи из Туркменистана получать образование в ведущих японских университетах, что укреп­ляет академические связи. В апреле 2025 года в ходе визита Президента Сердара Бердымухамедова в Японию был подписан Меморандум о сотрудничестве между МИД Туркменистана, фондом Nippon и JACAFA, который открывает новые возможности для туркменской молодёжи в получении образования в Японии. При содействии этого фонда также реализуются научно-технические обмены и проекты. В свою очередь Туркменский инженерно-технологический университет имени Огуз хана активно развивает партнёрство с ведущими японскими вузами, в частности с Университетом Цукубы. Совместные программы обучения и научного обмена охватывают ключевые современные направления. Изучение японского языка становится также настоящим «окном» в богатый культурный мир Страны восходящего солнца, позволяет лучше понять менталитет японского народа и, что самое важное, создаёт прочный фундамент для личного общения. Молодые специалисты, владеющие японским языком, выступают своего рода нашими культурными дипломатами, помогая находить точки соприкосновения по различным направлениям сотрудничества. Когда молодые люди говорят на одном языке – в буквальном смысле этого слова – стираются любые границы, а дружба между государствами обретает будущее. Ярким событием всегда становятся культурные мероприятия между нашими странами. В рамках Дней культуры Японии в Туркменистане и Туркменистана в Японии проводятся выставки, концерты, мастер-классы. Туркменистанцы с удовольствием открывают для себя искусство икебаны, чайную церемонию и японское кино. Японцы, известные своей любовью к сохранению наследия, с большим уважением относятся к туркменским коврам, музыке дутара и древней истории нашего народа. Это тот случай, когда разные по духу культуры находят точки соприкосновения в главном – в уважении к историческим корням. В ходе культурного обмена также организуются перекрёстные мероприятия, популяризирующие национальные бренды: в Японии – это выставки, посвящённые ахалтекинским скакунам, а в Ашхабаде в 2024 году в культурно-парковом комплексе «Magtymguly Pyragy» был установлен памятник японскому писателю Ясунари Кавабата. Важным событием для продвижения национальной культуры туркменского народа стало участие Туркменистана в EXPO 2025 в Осаке. Павильон нашей страны был оформлен в форме закруглённого треугольника, а крышу здания обрамляло «Gülýaka» – одно из старинных женских туркменских украшений. В наружной отделке здания были использованы мотивы туркменских ковров, изоб­ражение всемирно известного ахалтекинского скакуна, а также уникальные пейзажи нашей природы. Национальный день Туркменистана на выставке, в котором принял участие Президент Сердар Бердымухамедов, продемонстрировал достижения страны в экономике, культуре, науке, а также богатое историческое и культурное наследие. Национальный павильон Туркменистана на выставке вошёл в число самых посещаемых и впечатляющих экспозиций. Ещё одной площадкой для взаимодействия является спорт. В ходе визита Президента Туркменистана в Японию в 2025 году обсуждались новые инициативы по молодёжным обменам, включая спортивные программы. Гуманитарный мост Туркменистан–Япония, перекинутый через весь Азиатский континент, доказывает, что для настоящей дружбы не существует географических расстояний. Общение между народами, основанное на уважении к корням и открытости новому, становится фундаментом для долгосрочного партнёрства. Туркменистан и Япония, бережно сохраняя свою самобытность, вместе создают пространство, где диалог культур обогащает каждого участника. Тязегуль ИМАМКУЛИЕВА, доцент Туркменского национального института мировых языков имени Довлетмаммета Азади, кандидат исторических наук.  

24
Doly oka
HALKARA OKUW MASLAHATY: BILIM ULGAMYNY DOLANDYRMAK WE ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA TEJRIBE ALYŞMAK Täzelik

HALKARA OKUW MASLAHATY: BILIM ULGAMYNY DOLANDYRMAK WE ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA TEJRIBE ALYŞMAK

2026-njy ýylyň 26-njy awgustyndan 8-nji sentýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şenýan mugallymçylyk uniwersitetiniň binýadynda Bilim ulgamynda işleýän döwlet edaralary üçin Halkara okuw maslahatyna Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri hem gatnaşýarlar. Okuw maslahatyna birnäçe döwletleriň wekillerini olaryň hünär tejribesini ýokarlandyrmak maksady bilen birleşdirýän bu uniwersitetiň hut özi guramaçylyk edýär. Okuw maslahatynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar Hytaýyň bilim ulgamyny dolandyrmak, özgertmeleri geçirmek we sanlylaşdyrmak boýunça häzirki zaman tejribesini öwrenýärler. Maksatnama ýokary okuw mekdepleriniň dolandyryş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, liderlik häsiýetlerini ösdürmek, medeniýetara kommunikasiýa, şeýle hem «akylly kampus» we «bir mekdep — bir özboluşly at-abraý» düşünjeleri boýunça leksiýalary öz içine alýar.  Nazary sapaklar bu döwletiň Lyaoning welaýatynyň bilim edaralaryna amala aşyrylýan tejribe saparlary bilen utgaşdyrylýar. Olaryň hatarynda tehnologiýa, innowasiýa, psihologik goldaw we olimpiada taýýarlygy merkezleriniň işi bilen tanyşýan Eksperimental mekdebi hem bar. Hytaýyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň ýolbaşçylarynyň we professor-mugallymlarynyň çykyşlary bu okuw maslahatynyň ähmiýetini aýratyn artdyrýar. Mundan başga-da, gatnaşyjylar Sýamen uniwersitetine we Şençžen şäheriniň innowasiýa merkezine baryp, ylym, bilim we senagat boýunça özara hyzmatdaşlygyň mehanizmlerini, şeýle hem tehnologik startaplary goldamagyň usullaryny öwrenýärler. Seminar halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak we öňdebaryjy tejribäni özleşdirmek üçin netijeli meýdança öwrülýär. Okuw maslahatyna gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hünär derejesini ýokarlandyrmakda hemişelik goldaw berýändikleri we uly mümkinçilikleri döredýändikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler.    Türkmenistanyň Bilim ministrligi

62
Doly oka

Hyzmatdaş döwletler