Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma

Halkara hyzmatdaslyk

Turkmenistan dunyanin ondebaryjy dowletleri we halkara guramalary bilen bilim ulgamynda netijeli gatnasyklary osduryar.

Halklary dostlaşdyrýan eser Täzelik

Halklary dostlaşdyrýan eser

Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Onda bu ajaýyp eseriň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyna esaslanýan daşary syýasaty, dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ilerletmekdäki tagallalary, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary bilen ýakyndan tanyşmakda gymmatly gollanma öwrülendigi biragyzdan bellenildi. Biz hem çärä gatnaşyjylaryň käbiriniň bu barada gürrüňlerini ýazga geçirip, okyjylara ýetirmegi makul bildik. Hirosi SASAKI,Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi: — Ilki bilen, şu dabarany gurandygy üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden minnetdarlygymy bildirýärin. Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçen ýyl çap edilen «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň ýapon diline terjime edilmegi bilen ähli türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu ajaýyp kitabyň 100 milliondan gowrak adam tarapyndan giňden peýdalanylýan ýapon dilinde neşir edilmegi guwandyryjy wakadyr. Çünki ýapon dili dünýäde iň köp geplenilýän dilleriň arasynda sekizinji orunda durýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda 15 müňden gowrak adam bu dili öwrenýär. Bu ýagdaý Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň arasynda ýapon dilini öwrenýänleriň iň uly sanyny emele getirýär. Ýaponiýanyň Osaka şäherinde ýaýbaňlandyrylan «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistan gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda ilkinji bolup Milli gününi belläp geçdi. Şeýle-de türkmen pawilýony serginiň bütin dowamynda iň köp barylýan ýerleriň birine öwrüldi. Bu ýapon jemgyýetçiliginde Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi — Türkmenistana bolan gyzyklanmanyň we ünsüň yzygiderli artýandygyny görkezýär. Parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýolunyň kämil beýany ýapon halkynda türkmen Bitaraplygynyň kökleri, ýörelgeleri barada berk binýatly düşünjeleri döreder. Sahypalarynda şekillendiriş sungatynyň dürli eserlerine, türkmen halkynyň durmuşyny, ýurduň ähli ugurlarda gazanýan üstünliklerini şöhlelendirýän, dostlugy, parahatçylyk söýüjiligi wasp edýän fotosuratlara aýratyn ähmiýet berilmegi kitabyň özüne çekijiligini has-da artdyrýar. «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabyň ýapon dilindäki neşiriniň çap edilmegi bilen, Günüň dogýan ýurdunyň okyjylarynyň Garaşsyz türkmen döwletiniň geçen ýoluny, parahatçylyga ygrarly Bitarap ýurt hökmündäki tagallalaryny has çuňňur öwrenmäge mümkinçilik gazanjakdygyna ynanýaryn. Bu neşir Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşmagyna we ösmegine mynasyp goşant goşar. Iwai ÝUFU,Ýapon gaznasynyň ýapon dili hünärmeni, maslahatçy-mugallym: — Özara ynanyşmagy hem-de düşünişmegi ileri tutýan Ýaponiýa we Türkmenistan dostlukly gatnaşyklary barha ösdürýär. Häzirki wagtda bu iki ýurt söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Ýapon kompaniýalary Türkmenistanyň senagatynyň ösmegine öz saldamly goşantlaryny goşýarlar. 1992-nji ýylyň 22-nji aprelinde iki ýurduň arasynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklar has işjeňleşdirilip, indi 34 ýyl bäri taraplar halkara giňişlikde hem hyzmatdaşlygy üstünlikli dowam etdirýär. Häzirki döwürde Ýaponiýanyň Bilim, medeniýet, sport, ylym we tehnologiýalar ministrliginiň guraýan Ýapon dili we ýapon medeniýeti ugurlary boýunça talyp maksatnamasynyň çäklerinde türkmen ýaşlaryna Günüň dogýan ýurdunyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak mümkinçiligi döredilýär. Şeýle akademiki alyşmalar diňe bir dil öwrenmäge däl, eýsem, halkyň medeniýeti we milli gymmatlyklary bilen hem içgin tanyşmaga uly ýardam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň ýapon diline terjime edilmegi hem iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da berkitmekde uly ähmiýete eýedir. Çünki bitaraplygy çuňňur beýan edýän eserde türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlarynda gazanylan üstünliklere ýokary baha berilýär, iki halkyň medeni-taryhy umumylyklary, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri töwerekleýin seljerilýär. Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostluk köprüleriniň pugtalandyrylmagy ugrunda ähli şertleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadaga, hormatly Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden sagbolsun aýdýaryn. Rahym AKMURADOW,Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy: — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylmy-filosofik eseri taryhy-syýasy ugurda gymmaty egsilmez hazynadyr. Onda parahatçylyk söýüjilik, myhmansöýerlik, birek-birege hormat, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly asylly häsiýetleriň halkymyzyň ruhy dünýäsinde tutýan orny giňden açylyp görkezilýär. Bu ýörelgeler türkmeniň taryhy tejribesinde, edebi mirasynda, däp-dessurlarynda we jemgyýetçilik durmuşynda öz beýanyny tapypdyr. Şeýle garaýyşlar Bitaraplygyň diňe bir daşary syýasatyň ugry bolman, eýsem, milli gymmatlyklardan gözbaş alýan giň düşünjedigini görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň kitabynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary esasynda üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara hukuk esaslaryna aýratyn üns berilýär. Onuň sahypalarynda bu derejäniň döreýiş şertleri, mazmuny we ýurdumyzyň garaşsyz ösüş ýolundaky ähmiýeti giňişleýin düşündirilýär. Eserde «Oguznama», «Gorkut ata», «Görogly» ýaly eposlarda hem-de Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde öňe sürülýän adalatlylyk, agzybirlik we ynsanperwerlik düşünjeleri parahatçylyk pelsepesiniň ruhy esaslary hökmünde görkezilýär. Kitabyň ýapon diline terjime edilmegi onuň many-mazmunyny giň okyjylar köpçüligine ýetirmek bilen bir hatarda, iki dostlukly halkyň medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde täze mümkinçilikleri açýar. Okyjylar kitabyň üsti bilen Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň taryhy, halkara hukukdaky orny we parahatçylyk döredijilikli başlangyçlary barada giňişleýin düşünje alyp bilerler. Ýazga geçiren Baýnazar BAÝHANOW, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

13
Doly oka
Türkmenistanyň Bilim ministri Özbegistanyň Bilim we ylym ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi Täzelik

Türkmenistanyň Bilim ministri Özbegistanyň Bilim we ylym ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Aşgabat, 2026-njy ýylyň 22-nji oktýabry. Merkezi Aziýanyň we Mongoliýanyň bilim ulgamyna jogapkär ministrleriniň Tegelek stol duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Özbegistan Respublikasynyň Bilim we ylym ministriniň orunbasary Ilhom Tohirowiç Sirajew bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň bilim ulgamyndaky ýagdaýy we ösüş mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar iki ýurduň arasyndaky özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ähmiýetini bellediler. Söhbetdeşligiň barşynda akademiki hereketlilik, gysga möhletli tejribe okuwlary, şeýle hem sanly çözgütler we mugallymlary taýýarlamak ulgamynda tejribe alyşmak meseleleri gozgaldy. Taraplar iki ýurduň ministrlikleriniň we bilim edaralarynyň arasyndaky aragatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler. «Köp dilli bilim arkaly Merkezi Aziýada we Mongoliýada sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly Tegelek stol duşuşygy ÝHHG-niň Milli azlyklar boýunça Ýokary Komissarynyň başlangyjy bilen 22-nji oktýabrda Aşgabatda geçirildi. Oňa Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekiliýetleri, şeýle hem halkara guramalarynyň wekilleri we hünärmenler gatnaşdylar. Türkmenistanyň Bilim ministrligi

60
Doly oka
Türkmenistanyň Bilim ministri Täjigistanyň Bilim we ylym ministri bilen duşuşyk geçirdi Täzelik

Türkmenistanyň Bilim ministri Täjigistanyň Bilim we ylym ministri bilen duşuşyk geçirdi

Aşgabat, 2026-njy ýylyň 22-nji oktýabry. Merkezi Aziýanyň we Mongoliýanyň bilim ulgamyna jogapkär ministrleriniň Tegelek stol duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Täjigistan Respublikasynyň Bilim we ylym ministri Rahim Saidzoda bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ministrler türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň bilim ulgamyndaky ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar iki ýurduň arasyndaky özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ähmiýetini bellediler. Täjik tarapy Türkmenistanyň Hökümetine gurlan Magtymguly adyndaky türkmen mekdebi üçin minnetdarlyk bildirdi. Bu mekdepde bilimiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen täjik tarapy okuw kitaplary we maksatnamalary, şeýle hem mugallymlary taýýarlamak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegi haýyş etdi. Söhbetdeşligiň barşynda mugallymlary gaýtadan taýýarlamak we gysga möhletli tejribe okuwlaryny guramak boýunça hukuk binýadyny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar iki ýurduň ministrlikleriniň we bilim edaralarynyň arasyndaky aragatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler. «Köp dilli bilim arkaly Merkezi Aziýada we Mongoliýada sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly Tegelek stol duşuşygy ÝHHG-niň Milli azlyklar boýunça Ýokary Komissarynyň başlangyjy bilen 22-nji oktýabrda Aşgabatda geçirildi. Oňa Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekiliýetleri, şeýle hem halkara guramalarynyň wekilleri we hünärmenler gatnaşdylar. Türkmenistanyň Bilim ministrligi

28
Doly oka

Hyzmatdaş döwletler