Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma

Halkara hyzmatdaslyk

Turkmenistan dunyanin ondebaryjy dowletleri we halkara guramalary bilen bilim ulgamynda netijeli gatnasyklary osduryar.

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynda geçirilen Bütindünýä maslahata hem-de bilim forumyna gatnaşdylar Täzelik

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynda geçirilen Bütindünýä maslahata hem-de bilim forumyna gatnaşdylar

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 17-26-njy oktýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherinde geçirilen Pekin hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň 70 ýyllygy mynasybetli guralan “2026-njy ýyl – Adaty lukmançylyk boýunça Bütindünýä maslahatyna” hem-de Adaty lukmançylyk boýunça bilim forumyna gatnaşdylar. Maslahatyň hem-de bilim forumynyň işine dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň we ylmy merkezleriniň wekilleri gatnaşyp, adaty lukmançylygy häzirki zaman lukmançylygy bilen utgaşdyrmak, sanly emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Forumyň dowamynda uniwersitetleriň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen badalga berlen we 10 ýyldan gowrak wagt bäri üstünlikli dowam edýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeleri, uniwersitetimizde hytaý lukmançylygyny okatmak boýunça ýörite okuw otagynyň işi barada giňişleýin maglumat berildi. Saparyň çäklerinde Pekin hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň 70 ýyllyk dabaralaryna gatnaşyldy, uniwersitetiň rektory hem-de Halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň hünärmenleri bilen resmi duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklarda hünärmenleri we talyplary taýýarlamak, okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek hem-de bilelikdäki ylmy-barlag işlerini geçirmek boýunça özara ylalaşyklar gazanyldy. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti

6
Doly oka
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekiliýeti Portugaliýada inklýuziw bilimiň öňdebaryjy tejribesini öwrendi Täzelik

Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekiliýeti Portugaliýada inklýuziw bilimiň öňdebaryjy tejribesini öwrendi

Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri Portugaliýa Respublikasynyň Lissabon şäherine amala aşyran tanyşlyk saparyny üstünlikli tamamlady. BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) guramagynda geçirilen inklýuziw bilim we maýyplygy bar bolan adamlary, şol sanda saglyk mümkinçilikleri çäkli çagalary goldamaklygyň integrirlenen ulgamy boýunça halkara tejribäni öwrenmäge gönükdirildi. Portugaliýa maýyplygy bolan adamlar, şol sanda çagalar üçin adam hukuklaryna esaslanýan hemmeteraplaýyn inklýuziw gurşawly, döwrebaplaşdyrylan bilim ulgamly, bu babatda öňdebaryjy tejribeli ýurt hökmünde giňden tanalyp, ýurduň inklýuziw bilim ulgamy halkara etalon hasaplanylýar. Portugaliýa döwletine tanyşlyk saparynyň dowamynda türkmen hünärmenleri inklýuziw bilim we maýyplygy bar bolan adamlary goldamaklygyň integrirlenen inklýuziw gurşawy babatda ýurtda toplanan oňyn tejribeler, amaly çemeleşmeler hem-de utgaşdyrylan hyzmatlar ulgamy bilen ýakyndan tanyşdylar. Bilim ulgamynyň wekilleri Lissabon şäherinde hereket edýän bilim ulgamynyň dürli basgançaklaryna degişli öňdebaryjy bilim edaralaryna, maýyplygy bolan adamlara utgaşdyrylan hyzmatlary hödürleýän ýöriteleşdirilen okuw merkezlerine baryp gördüler. Saparyň dowamynda multidissiplinar toparlaryň (pedagoglar, psihologlar, logopedler) işini guramak, aýratyn bilim zerurlyklary bolan çagalar üçin endikleri hem-de başarnyklary ösdürmäge niýetlenen özbaşdak okuw meýilnamalaryny taýýarlamak we bilim edaralarynyň fiziki gurşawyny çagalara uýgunlaşdyrmak ýaly möhüm ugurlar boýunça giňişleýin tejribe alşyldy. Synp otaglarynda multidissiplinar goldawyň guralyşy we munuň çagalaryň durmuşa uýgunlaşmagyndaky amaly täsiri aýratyn synlandy, şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda adam hukuklaryna we çagalaryň bähbitlerine esaslanýan çemeleşmeleri goldanyp, halkara hukuk borçnamalaryna esaslanýan milli kanunçylyk namalarymyza laýyklykda, bilim ulgamynda deňligi, her bir çaganyň elýeterli, adalatly we ýokary hilli bilim almagyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän özgertmeler, amala aşyrylýan köptaraplaýyn ulgamlaýyn işler barada pikir alşyldy. Portugaliýa döwletine amala aşyrylan bu tanyşlyk sapary ýurdumyzda inklýuziw bilimi ösdürmekde, bu babatda pedagogik usulyýetleri kämilleşdirmekde, dürli ulgamlaryň sazlaşykly hereketiniň netijesinde saglyk mümkinçilikleri çäkli çagalar üçin niýetlenen döwrebap hyzmatlaryň giň toplumyny döretmekde, mekdebe çenli we umumybilim berýän mekdeplerde inklýuziw gurşawy has-da güýçlendirmekde möhüm amaly binýat bolar. Milli bilim ulgamyny düýpli döwrebaplaşdyrmak, ýaş nesliň dünýä ülňülerine laýyk gelýän şertlerde bilim almagyny üpjün etmek, her bir çaganyň deňhukukly ösüşine goldaw bermek ugrundaky yzygiderli tagallalary, bilim babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde, oňyn öňdebaryjy tejribeleri bilim ulgamyna ornaşdyrmakda, ýokary hilli bilimi üpjün etmekde bilim ulgamynda ýetilýän sepgitleri dünýä ýaýmakda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin ýurdumyzyň bilim ulgamynyň wekilleri Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden çuňňur hoşallyk bildirýärler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!   Türkmenistanyň Bilim ministrligi

6
Doly oka
Türkmenistanyň wekiliýeti Bakuda geçirilýän VII Bütindünýä medeniýetara dialog forumyna gatnaşýar Täzelik

Türkmenistanyň wekiliýeti Bakuda geçirilýän VII Bütindünýä medeniýetara dialog forumyna gatnaşýar

2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Baku şäherinde VII Bütindünýä medeniýetara dialog forumy geçirilýär. Onuň işine Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Medeniýet ministrliginiň wekillerinden ybarat türkmen wekiliýeti gatnaşýar. Forumyň maksatnamasynda «Gülüstan» köşgünde açylyş dabarasynyň, şeýle hem halkara guramalaryň üçünji ýokary derejeli duşuşygynyň we Baku prosesiniň çäklerindäki altynjy ministrler duşuşygynyň ýörite bilelikdäki mejlisiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy üns merkezinde medeniýetara dialog, medeni diplomatiýa we parahatçylygy pugtalandyrmak meseleleri durýar. Aýratyn mejlisler sanlylaşdyrma we emeli aň şertlerinde medeniýetara başarnyklary ösdürmäge, umumy geljegi kemala getirmekde medeniýetiň we syýahatçylygyň ornuna, şeýle hem medeniýetara liderlige bagyşlanýar. Şunuň bilen bir hatarda, Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasynda we ADA uniwersitetinde akademiki forum geçirilýär. Türkmenistanyň bilim we medeniýet ulgamlarynyň wekilleriniň foruma gatnaşmagy tejribe alyşmaga hem-de bilim, medeniýet we medeniýetara özara düşünişmek ugurlarynda halkara hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň Bilim minstrligi

9
Doly oka

Hyzmatdaş döwletler