Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma

Halkara hyzmatdaslyk

Turkmenistan dunyanin ondebaryjy dowletleri we halkara guramalary bilen bilim ulgamynda netijeli gatnasyklary osduryar.

Dostluga çagyrýan kitap — doganlyk dilde Täzelik

Dostluga çagyrýan kitap — doganlyk dilde

Ýakynda Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrýan möhüm wakalar bolup geçdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasynyň geçirilmegi şol wakalaryň ähmiýetini has-da artdyrdy. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiziň bu kitabynyň adamlaryň dostluk we parahatçylyk baradaky garaýyşlaryny ösdürmekde örän gymmatlydygyny nygtaýan çykyşlar diňlenildi.  Gülşat ÝUSUPOWA,Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty: — Bilşimiz ýaly, döwri beýik işler, milleti milli buýsanç beýgeldýär. Şoňa görä-de, ajaýyp zamanamyzyň her bir güni şatlykly wakalara, taryhyň sahypalarynda görnükli orun aljak şöhratly senelere, ýatdan çykmajak pursatlara beslenýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň azerbaýjan dilinde neşir edilmegi şol taryhy wakalaryň üstüni ýetirip, ýurtlaryň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da dabaralandyrýar. Ýeri gelende bellesek, 15-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiziň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasyna üstünlikli amala aşyran iş sapary, öňe süren başlangyçlary uly ähmiýete eýedir. Taryhdan mälim bolşy ýaly, Hazar deňzi bilen araçäkleşýän iki doganlyk döwletiň — Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň halklarynyň gadyrly gatnaşyklarynyň taryhy gadymyýetden gaýdýar. Biziň halklarymyz dünýäniň medeni-ruhy gymmatlyklaryna uly goşant goşdular. Şoňa görä-de, bu medeni mirasy düýpli öwrenmek, giňden wagyz etmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Şu ýyl Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň geçirilmegi hem biziň ýurtlarymyzyň medeniýet ulgamynda alnyp barylýan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklaýar. Döwlet Baştutanymyzyň bu kitabynda Bitaraplygyň diňe bir syýasy doktrina ýa-da hukuk derejesi däl-de, eýsem, ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren goňşuçylyk, ynsanperwerlik we parahatçylyk ýörelgeleriniň taryhy dowamydygy görkezilýär. Bu gün türkmen Bitaraplygynda halkyň parahatçylyk söýüjiliginiň taryhy kökleri, belent häsiýetleri we ahlak düşünjeleri öz beýanyny tapýar. Parahatçylygyň gymmaty medeniýetimizde, sungatymyzda, edebiýatymyzda, myhmansöýerligimizde, durmuş ýörelgelerimizde, goňşuçylyk gatnaşyklarynda şöhlelenýär. Häzirki zamanyň çylşyrymly syýasy şertlerinde parahatçylykly gepleşikleri geçirmek, özara ynanyşmagy dikeltmek we dialog medeniýetini ösdürmek babatda Bitarap Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlary kitabyň mazmunyny bezeýär. Neşiriň azerbaýjan dilindäki terjimesiniň çap edilmegi bolsa iki dostlukly ýurduň medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny täze derejä çykarýan möhüm wakadyr. Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky syýasy, diplomatik, ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklar barha täze mazmun bilen baýlaşýar. Azerbaýjan dilinde neşir edilen bu kitap azerbaýjanly okyjylara, alymlara, diplomatlara we giň köpçülige Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgesiniň mazmunyna, onuň halkara giňişlikdäki parahatçylyk döredijilikli başlangyçlaryna has ýakyndan düşünmäge giň mümkinçilik berer. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bilen doganlyk Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklary, goý, mundan beýläk-de rowaçlansyn!

43
Doly oka
Türkmen mugallymy Hirosimada tizlendiriji tehnologiýalary öwrenýär Täzelik

Türkmen mugallymy Hirosimada tizlendiriji tehnologiýalary öwrenýär

Oguzhan adyndaky Türkmenistanyň Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň kiberfiziki ulgamlar kafedrasynyň mugallymy Nurjemal Baýramowa Ýaponiýada şöhle desseleriniň dinamikasy we tizlendiriji tehnikasy boýunça IX Halkara okuw maksatnamasyna (ISBA2026) gatnaşýar. «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, bu okuw maksatnamasy Hirosima uniwersiteti tarapyndan 19–28-nji oktýabr aralygynda geçirilýär. Hirosima uniwersitetiniň öňdebaryjy professorlarynyň ýolbaşçylygynda geçirilýän ýöriteleşdirilen leksiýalarda gatnaşyjylar bu pudagyň esasy nazary düşünjeleri bilen tanyşýarlar, tizlendiriji tehnologiýalaryň iş ýörelgeleri we aýratynlyklary baradaky bilimlerini çuňlaşdyrýarlar. Maksatnamanyň medeni bölüminde gatnaşyjylar üçin Hirosimanyň taryhy ýerlerine we gözel künjeklerine gezelençler guralýar. Bu bolsa olara şäheriň taryhy, özboluşly aýratynlyklary hem-de ýerli ilatyň milli däp-dessurlary bilen has ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär.

67
Doly oka
Bilelikdäki tagallalar ― ählumumy abadançylygyň bähbidine Täzelik

Bilelikdäki tagallalar ― ählumumy abadançylygyň bähbidine

Ga­raş­syz, he syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk rap Türk­me­nis­tan döw tan döw­le­ti­miz äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­lyk we yna lyk we yna­nyş­mak me­de­ni­ýe­ti­niň ber niň ber­ki­dil­me­gi­ne, de­ňag­ram­ly hem-de bir ly hem-de bir­leş­diri­ji hä­si­ýe­te eýe bo te eýe bo­lan hal lan hal­ka­ra ta­gal­la­la­ra sal­dam­ly go­şant goş şant goş­ýar. Hu ýar. Hu­su­san-da, ab san-da, ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, il ryň, il­kin­ji no­batda, BMG-niň gol da, BMG-niň gol­­da­ma­gyn­da äh­lumu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh gyň bäh­bi­di­ne pa­ra­hat­çy­ly­gyň we howp gyň we howp­suz­ly­gyň, dur gyň, dur­nuk­ly ösü­şiň, daş şiň, daş­ky gur­şa­wyň howp wyň howp­suz­ly­gy­nyň üp­jün edil jün edil­me­gi, dün gi, dün­ýä ho­ja­lyk gat lyk gat­naşyk­la­ry­nyň pug nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy ug­run­da gu­ra­ma­çy­lyk, sy lyk, sy­ýa­sy-yk­dy­sa­dy, hal dy, hal­ka­ra hu­kuk şert kuk şert­le­ri­niň dö­re­dil­me­gin­de aý­ra­tyn iş­jeň­lik gör lik gör­kez­ýär. Şu ýär. Şu­nuň bi­lenbag­ly­lyk­da, 2026-njy ýy da, 2026-njy ýy­lyň 15-16-njy okt lyň 15-16-njy okt­ýab­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser miz Ser­dar Berdimuhamedowyň Azi dar Berdimuhamedowyň Azi­ýa­da hyz­matdaş­­ly­gy we yna gy we yna­nyş­ma­gy ber­kit­me­giňçä­re­le­ri Ge­ňe­şi­niň no­bat­da­ky sam­mi­ti­ne hem-de BMG-niň Bio ne hem-de BMG-niň Bio­dür­lü­lik ba­ra­da­ky mas­la­ha­ty­nyň Li­der­ler sam ler sam­mi­ti­ne gat­naş­mak üçin Azer mak üçin Azer­baý­jan we Er jan we Er­me­nistan Respublikalaryna iş sa tan Respublikalaryna iş sa­pa­ry­ny ama­la aşyr la aşyr­ma­gy ta­ry­hy äh­mi­ýet­li wa­ka­lar­dyr. Mälim bolşy ýaly, Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşi Aziýa giňişliginde parahatçylygy, durnuklylygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen ýokary wekilçilikli abraýly döwletara forumdyr. Bu Geňeş syýasy, ykdysady, ekologiýa, ynsanperwer, şeýle hem täze wehimlere garşy durmak ýaly esasy bäş ugry öz içine alyp, köptaraplaýyn we köpugurly dialog üçin amatly meýdança bolup durýar. Türkmen wekiliýetiniň bu ýokary derejeli foruma gatnaşmagy sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda ýurdumyzyň köptaraply dialog ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygynyň subutnamasydyr. Şunda 15-nji oktýabrda bu düzümiň nobatdaky VIIsammiti Azerbaýjan Respublikasynda geçirilip, onda hormatly Prezidentimiz taryhy mazmunly çykyş etdi.Şu gezekki sammitde Türkmenistan Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň sammitiniň çäklerinde ulag-logistika hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, ekologiýa meselelerini çözmäge, şol sanda daşky gurşawy goramaga we suw serişdelerinden netijeli peýdalanmaga, ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary öňe sürdi. Aýratyn-da, Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň çäklerinde ulag meseleleri boýunça ministrler derejesindäki dialogy ösdürmek, halkara gatnaşyklarda we diplomatiýadaemeli aňy parahatçylykly ulanmak boýunça Halkara kodeksi işläp taýýarlamak, howanyň üýtgemegine garşy uýgunlaşmak, çölleşmä we gurakçylyga garşy göreşmek, suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak hemde «ýaşyl» çözgütleri ilerletmek boýunça tejribe alyşmak we çemeleşmeleri ylalaşmak üçin köptaraplaýyn platformany — Aşgabat howa dialogyny döretmek, şeýle hem parahatçylyk, özara hormat goýmak we netijeli medeniýetara dialog taglymlaryny ilerledip biljek işjeň we zehinli ýaşlaryndan ybarat Ynanyşmagyň ýaş ilçileriniň toruny döretmek bilen bagly möhüm başlangyçlar öňe sürüldi. Hormatly Prezidentimiziň beýaneden teklipleri Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek we ählumumy abadançylygy üpjün etmek üçin dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmäge çalyşýandygynyň nobatdaky subutnamasyboldy. Döwlet Baştutanymyz Azerbaýjana iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, BMG-niň Biologik köpdürlülik baradaky Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahatynyň (COP17) çäklerinde guralan Liderler sammitine gatnaşmak üçin Baku şäherinden Ermenistan Respublikasyna ugrady. Bilşimiz ýaly, BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň çäklerinde Ýerewanda geçirilýän Liderler sammiti tebigy ekoulgamlary goramak işinde dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilendir.Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly wehimleriň barha artýan şertlerinde bu abraýly meýdança döwlet Baştutanlaryna dünýäde ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmek üçin syýasy mehanizmleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Halkara giňişlikde Türkmenistan möhüm ekologiýa meseleleri boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen anyk başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Şu gezekki duşuşykda hormatly Prezidentimiz tarapyndan möhüm başlangyçlaryň yzygiderli öňe sürülmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu giň möçberli çärä BMG-niň Baş Sekretary, döwlet hem-de Hökümet Baştutanlary, tebigaty goramak boýunça guramalaryň ýolbaşçylary, BMG-niň wekilleri hem-de halkara bilermenler gatnaşdylar. Sammitiň gün tertibine ekoulgamlary we biologik köpdürlüligi goramak, ekologiýa başlangyçlaryny maliýeleşdirmek hem-de BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň esasy maksatnamasyna (COP17) taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Döwlet Baştutanymyz duşuşykda taryhy ähmiýetli çykyş etmek bilen, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek işinde ýurdumyzyň birnäçe ileri tutulýan ugurlara esaslanýandygyny beýan etdi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň aýratyn goralýan tebigy çäkleriň milli ulgamlaryny kämilleşdirmäge, ekologiýa gözegçiligini ösdürmäge, haýwanlaryň we ösümlikleriň seýrek görnüşlerini goramaga möhüm ähmiýet berýändigini belläp, halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde ählumumy çarçuwaly maksatnamanyň maksatlaryny nazara almak bilen işlenip taýýarlanylan Türkmenistanyň 2026 — 2035-nji ýyllar üçin bioköpdürlüligi gorap saklamak boýunça Milli strategiýasynyň we Hereketleriň meýilnamasynyň bu ugurdaky işiň möhüm guraly bolup durýandygyny nygtady. Şeýle hem  BMG-niň ugurdaş edaralary bilen hyzmatdaşlygy, şol sanda tebigy prosesleri ylmy esasda öwrenmek, suw hemde deňiz ekoulgamlaryny gorap saklamak we ekologik gözegçiligiň usullaryny kämilleşdirmek ulgamlarynda özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz öz çykyşynda: «Çölleşmä garşy göreşmäge we gurak sebitleriňhowanyň üýtgemeginiň täsirlerine durnuklylygyny ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berýäris. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjyny öňe sürýär. Bu ugurlara ekoulgamlary gorap saklamak, tebigy serişdelerden netijeli peýdalanmak hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça toplumlaýyn halkara tagallalaryň möhüm bölegi hökmünde garaýarys» diýip nygtady. Döwlet Baştutanymyz howanyň üýtgemegi hem-de ekologiýa bilen baglanyşykly maliýe serişdelerine elýeterliligi giňeltmek, tebigaty goramak boýunça döwrebap we sanly tehnologiýalary paýlaşmak, şeýle hem howanyň üýtgemeginiň täsirlerine durnukly infrastrukturany ösdürmek maksady bilen, halkara goldawyň işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyny belläp, şunda adalatlylyk, raýdaşlyk we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleriniň bioköpdürlüligi gorap saklamakboýunça halkara tagallalaryň esasyny düzmelidigini nygtady. Çykyşynyň ahyrynda hormatly PrezidentimizSerdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ähli gyzyklanma bildirýän döwletler hem-de halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklap, syýasy erkiň, ylmy maglumatlaryň hem-de amaly mümkinçilikleriň birleşdirilmeginiň häzirki we geljekki nesilleriň bähbidine Ýer ýüzüniň tebigy mirasyny gorap saklamaga mümkinçilik berjekdigini aýtdy. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Bakuda hem-de Ýerewanda geçirilen ýokary derejeli çäreleregatnaşmagy ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärçilikli gatnaşyjysy hökmünde Türkmenistanyň belent abraýynyň nobatdaky aýdyň mysaly boldy. Döwlet Baştutanymyzyň sammitlerdäki beýan eden teklipleri hem-de başlangyçlary ýurdumyzyň sebitde we dünýäde ekologiýa abadançylygynyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.Atamyrat ÝAZWELIÝEW,Halkara žurnalistikasy fakultetiniň5-nji ýyl talyby.

31
Doly oka

Hyzmatdaş döwletler