Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma

Halkara hyzmatdaslyk

Turkmenistan dunyanin ondebaryjy dowletleri we halkara guramalary bilen bilim ulgamynda netijeli gatnasyklary osduryar.

Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri Portugaliýa Respublikasynyň Lissabon şäherine inklýuziw bilim ulgamy bilen tanyşlyk saparyny amala aşyrýarlar Täzelik

Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri Portugaliýa Respublikasynyň Lissabon şäherine inklýuziw bilim ulgamy bilen tanyşlyk saparyny amala aşyrýarlar

        Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň ÝUNISEF-iň guramagynda 18–24-nji oktýabr aralygynda geçirilýän bu halkara çäre, ýurdumyzda inklýuziw bilimi kämilleşdirmek we maýyplygy bolan adamlary goldamagyň integrirlenen ulgamyny döretmek maksadyna gönükdirilýär.        Portugaliýa maýyplygy inkluziwleşdirmek we inkluziw bilim ulgamynda iň gowy tejribäniň halkara nusgasyna öwrüldi. Onuň tejribesi, esasan, bölünen goldaw görnüşlerinden doly inkluziw ulgama uzak möhletli geçişi sebäpli aýratyn gymmatlydyr.        Okuw saparynyň maksady, türkmen delegasiýasynyň utgaşdyrylan hyzmat ulgamyny döretmek we inklýuziw çemeleşmeleri ornaşdyrmak arkaly integrasiýalaşdyrylan maýyplygy öz içine alýan ulgamyň amaly durmuşa nähili geçirilip bilinjekdigi baradaky düşünjesini giňeltmekdir. Şeýle hem, ol Türkmenistanda maýyplygy öz içine alýan ulgamyň we inklýuziw bilim özgertmeleriniň indiki tapgyry üçin esas bolup hyzmat edip biljek esasy tapgyrlary we alnan sapaklary kesgitlemegi maksat edinýär.       Adam hukuklaryna esaslanýan çemeleşmeden ugur alyp, Türkmenistan bilim gurşawynyň hilini, deňligini we inkluziwligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen strategik özgertmeleri durmuşa geçirýär, şol bir wagtyň özünde maýyp çagalar we olaryň maşgalalary üçin toplumlaýyn goldaw ulgamyny güýçlendirýär.        Milli wekilýetiň düzüminde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Mekdebe çenli bilim bölüminiň başlygynyň w.ýe.ýe. M.G. Pirliýewa, Umumy orta bilim bölüminiň baş hünärmeni O.B. Alamyşowa, Aşgabat şäheriniň 74-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň müdiri               B.O.Muhammedowa hem-de 111-nji çagalar bagynyň müdiri                 G.A. Hudaýbergenowa dagylar wekilçilik edýärler.       Iş saparynyň başynda türkmen hünärmenleri Portugaliýanyň bilim edaralaryna, inklýuziw okuw merkezlerine baryp gördüler. Şol merkezlerde dürli ugra degişli hünärmenleriň (pedagoglar, psihologlar, logopedler) bilelikde işleşip, çagalar üçin özbaşdak okuw meýilnamalaryny taýýarlaýyş usullary öwrenildi. Esasy üns aýratyn zerurlyklary bolan çagalaryň adaty mekdeplere we çagalar baglaryna integrirleniş mehanizmlerine berildi. Okuw binalarynyň fiziki gurşawynyň hem-de okuw programmalarynyň aýratyn çagalar üçin uýgunlaşdyrylyşy baradaky amaly çözgütler seljerildi, synp otagynda okuwyň we utgaşdyrylan goldawlaryň çagalaryň irki ýaşdan başlap aragatnaşyk saklamagyna, gatnaşmagyna we jemgyýetiň bir bölegi hökmünde duýmagyna nähili kömek edilýändigi öwrenildi.        Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parahatçylyk, abadançylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan başlangyçlary, Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň berkemegine, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga, ösüp gelýän ýaş nesliň hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup kemala gelmegine gönükdirilen maksatlary üstünliklere, rowaçlyklara beslensin!  

120
Doly oka
TÜRKMEN-ÝAPON DOSTLUGYNYŇ ROWAÇLY GADAMLARY Täzelik

TÜRKMEN-ÝAPON DOSTLUGYNYŇ ROWAÇLY GADAMLARY

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky medeni-ynsanperwer we ylym-bilim hyzmatdaşlygynyň taryhynda şanly waka bagyşlanan aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi. Bu giň gerimli çäre alnyp barylýan köpýyllyk netijeli zähmetiň hem-de ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşulan uly goşandyň aýdyň ykrarnamasy hökmünde institutyň Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň 2026-njy ýyl üçin Hormat haty bilen sylaglanmagy mynasybetli guraldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde berkarar döwletimiz Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň öňdebaryjy ýurtlarynyň biri bolan Ýaponiýa bilen ikitaraplaýyn hem-de «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Aýratyn-da, bilim ulgamynda, ýapon dilini çuňňur öwretmekde, mugallymlaryň we talyplaryň аrаsynda tejribe alyşmagy işjeňleşdirmekde hem-da iki ýurduň ýaşlarynyň arasynda medeni köprüleri gurmakda alnyp barylýan giň gerimli işler bu gün öz oňyn netijelerini berýär. Ýurdumyzyň ýokary hünär bilimi ulgamynda daşary ýurt dillerini öwretmekde we ussat dilçi mugallymlary taýýarlamakda esasy orun eýeleýän Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň ýokary sylagyna eýe bolmagy professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň yhlasly zähmetine berlen mynasyp bahadyr. Dabaraly çärede edilen çykyşlarda taraplar iki ýurduň arasyndaky birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň uly üstünliklere beslenýändigini nygtap, bu Hormat hatynyň geljekde has-da uly maksatlara ýetmäge ruhlandyrýan jogapkärli borçdugyny bellediler. Dabaranyň medeni maksatnamasy özara sazlaşygyny dabaralandyrýan aýratyn mazmunly häsiýete eýe boldy. Çäräniň ahyrynda iki ýurduň arasyndaky ylym-bilim we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem işjeň ösdüriljekdigi bellenilip, Türkmenistandan Ýaponiýa uzaýan dostluk ýollarynyň baky dowamat-dowam bolmagy ugrunda ähli zerur şertleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty

90
Doly oka
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda wodorod energetikasy ulgamyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar Täzelik

Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda wodorod energetikasy ulgamyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

2026-njy ýylyň 14-16-njy oktýabry aralygynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň Ýaponiýa sapary amala aşyryldy. Saparyň esasy maksady ylym-bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmek we wodorod energetikasy ulgamyndaky özara gatnaşyklary giňeltmekden ybarat boldy. Saparyň çäklerinde Sukuba Uniwersitetiniň Prezidenti Keýsuke Nagata bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmek, hünärmenleri taýýarlamak we tebigy gazdan wodorod öndürmegiň innowasion tehnologiýalaryny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Tsukuba Uniwersitetiniň arasynda 2025-nji ýylyň 7-nji aprelinde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň öňüsyrasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň esasynda ösdürilýär. 15-nji oktýabrda wekiliýet Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň (METI) Tebigy serişdeler we energetika agentliginiň hem-de Täze energiýa we senagat tehnologiýalaryny ösdürmek guramasynyň (NEDO) wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi. Şeýle hem wekiliýet Chiyoda korporasiýasynyň Kiyasu Research Park ylmy-barlag merkezine baryp gördi. Mundan başga-da, Tsukuba Uniwersitetiniň Wodorod baglanyşyklaryny öwreniş merkeziniň (HBRC) we TIAR ylmy-barlag institutynyň işi bilen tanyşdy. Hünärmenleri taýýarlamak meselesine aýratyn üns berildi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň üç mugallymy Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) goldawy bilen durmuşa geçirilýän «SDGs Global Leader» maksatnamasynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetinde hünärlerini ýokarlandyrýar. Bu sapar Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ylym, bilim we innowasion tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak başlangyjyny durmuşa geçirmekde ýene bir ädim boldy, bilelikdäki ylmy-barlag işleri we wodorod energiýasyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açdy.

77
Doly oka

Hyzmatdaş döwletler