Turkmenistan dunyanin ondebaryjy dowletleri we halkara guramalary bilen bilim ulgamynda netijeli gatnasyklary osduryar.
Täzelik
2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 10-12-nji oktýabrynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Britan Geňeşiniň Merkezi Aziýada iňlis dilini öwretmegiň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen AELLCA bilim taslamasynyň çäklerinde okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahaty geljekki iňlis dili mugallymlaryny taýýarlamagyň (PRESETT) we iňlis dili mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň (INSETT) maksatnamalaryny kämilleşdirmäge, okuw meýilnamalaryny döwrebaplaşdyrmaga hem-de iňlis dilini okatmagyň usulyýetini ösdürmäge gönükdirildi. Okuw maslahatyna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdylar. Okuw maslahatynyň dowamynda gatnaşyjylara kommunikatiw çemeleşmä esaslanýan dil öwretmegiň ýörelgeleri, söz aýdylyşy öwretmegiň usullary, dil başarnyklaryny ösdürmek, grammatikany kontekstde öwretmek, şeýle hem okuwçylaryň dürli derejelerine laýyklykda sapaklary meýilleşdirmek boýunça amaly okuwlar geçirildi. Mundan başga-da, Ýewropa Geňeşiniň Diller boýunça umumy Ýewropa çarçuwaly maksatnamasyna (CEFR) laýyklykda dil öwretmegiň netijelerini kesgitlemek, PRESETT maksatnamasynyň okuw gollanmasynyň mazmunyny we gurluşyny kämilleşdirmek, okuw maksatnamalary bilen bahalandyrmagyň özara sazlaşygyny üpjün etmek ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. INSETT maksatnamasynyň çäklerinde bolsa mugallymlary okatmagyň we taýýarlamagyň aýratynlyklary, mikro-sapaklary geçirmek, sapaklara seljerme bermek, görkezmeleri anyk we düşnükli beýan etmek hem-de taýýarlaýyş maksatnamalarynda amaly çäreleri kämilleşdirmek boýunça okuwlar guraldy. Okuw maslahatynyň dowamynda gatnaşyjylar özara tejribe alyşdylar, öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar we PRESETT hem-de INSETT maksatnamalaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça tekliplerini beýan etdiler. Bu okuw maslahaty iňlis dili mugallymlaryny taýýarlamagyň hilini ýokarlandyrmakda, mugallymlaryň hünär başarnyklaryny ösdürmekde we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Okuw maslahatynyň jemleri boýunça oňa gatnaşan mugallymlara degişli sertifikatlar gowşuryldy. Bu bolsa olaryň hünär taýdan kämilleşmegine we okatmagyň döwrebap usullaryny özleşdirmegine, şeýle hem gazanylan tejribeleri bilim ulgamynda netijeli peýdalanmagyna möhüm itergi berer. Çünki mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olaryň hünär başarnyklaryny yzygiderli ösdürmek we bilim bermegiň hilini kämilleşdirmek ýurdumyzda döwlet bilim syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň halkara bilim hyzmatdaşlygyny belent sepgitlere çykarmakda yzygiderli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwletli işleri diňe rowaçlyklara beslensin.
Täzelik
В условиях всесторонней поддержки со стороны уважаемого Президента Аркадаглы Героя Сердара наряду с поступательным развитием ключевых отраслей страны динамично совершенствуется и культурная сфера, в особенности вектор международного гуманитарного сотрудничества. Постоянное внимание главы государства к развитию национального искусства в соответствии с высокими мировыми стандартами открывает перед мастерами сцены и молодой творческой сменой широкие возможности для создания ярких произведений, успешного участия в международных фестивалях, популяризации богатейшего наследия народа и активного обмена опытом с зарубежными коллегами. В частности, недавно творческий коллектив студентов факультета театрального искусства Туркменского государственного института культуры принял участие в проходившем в городе Туркестан Республики Казахстан IV Международном фестивале студенческих театров тюркского мира, организованном Международной организацией тюркской культуры (ТЮРКСОЙ), где выступил с большим успехом. Талантливая туркменская молодёжь представила на этом престижном международном смотре спектакль «Bedew sarpasy», созданный по произведениям Национального Лидера туркменского народа Героя-Аркадага «Atda wepa-da bar, sapa-da» и «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi». Автором инсценировки выступил студент Туркменского государственного института культуры Шагелди Салыхов, а режиссёром-постановщиком – преподаватель этого же высшего учебного заведения Мердан Хандурдыев. Насыщенный яркими событиями, песнями и музыкой сценический спектакль раскрывает любовь туркменского джигита к «крылатым» скакунам и многогранность нашего национального наследия. Через выразительные образы главных героев в постановке показано непреходящее значение «райских» ахалтекинских коней в жизни простых сельских тружеников как символа национальной гордости, красоты и совершенства туркменского народа, а также выражено высокое уважение к отечественному искусству коневодства. Конь как символ верности и преданности воплощает глубокую связь человека с родной природой. В Международном театральном фестивале наряду с туркменскими студентами приняли участие творческие коллективы из Азербайджана, Казахстана, Кыргызстана, Узбекистана и Турецкой Республики – в общей сложности представители шести студенческих театров. В состав жюри Международного фестиваля от Туркменистана вошёл старший преподаватель Туркменского государственного института культуры, народный артист Туркменистана Ашырмырат Гурбанов. Главной награды фестиваля удостоился спектакль «Chanel № 5», поставленный по пьесе казахского драматурга М.Омаровой преподавателем Международного казахско-турецкого университета имени Ходжа Ахмеда Ясави М.Айтжанулы, в исполнении творческого коллектива студентов специальности актёрское искусство этого же университета. На церемонии закрытия Международного фестиваля студенческих театров члены жюри дали высокую оценку художественному уровню сценического произведения, представленного туркменской молодёжью. В частности, было подчёркнуто, что в этой постановке на высоком уровне воспевается почтение к скакунам в туркменской культуре. По решению жюри спектакль «Bedew sarpasy» студенческого коллектива Туркменского государственного института культуры удостоен специального приза IV Международного фестиваля студенческих театров тюркского мира «За лучшее воплощение национальной темы». Кроме того, туркменский студенческий коллектив был награждён Кубком Международного фестиваля, Почётной грамотой Генерального секретариата ТЮРКСОЙ и Международного казахско-турецкого университета имени Ходжа Ахмеда Ясави, а также Благодарственным письмом акимата города Туркестан. Сценический спектакль туркменской студенческой молодёжи, воспевающий на театральном фестивале наших «райских» скакунов, оставил у зрителей незабываемые впечатления как глубокое по содержанию и яркое произведение, широко отражающее духовный мир туркменского народа. Проведение этого международного театрального смотра в Международном казахско-турецком университете имени Ходжа Ахмеда Ясави, расположенном в городе Туркестан, также приобрело особое значение. Были созданы все условия для общения молодёжи из разных стран мира, обмена творческими идеями и опытом, а также участия в мастер-классах, проведённых признанными мастерами сцены. Туркменская молодёжь выражает искреннюю благодарность Национальному Лидеру туркменского народа Герою-Аркадагу и Президенту Аркадаглы Герою Сердару за созданные прекрасные возможности для успешного развития национального искусства, обогащения сокровищницы театров новыми сценическими произведениями и активного участия в международных культурных мероприятиях. Агамырат БАЛТАЕВ, начальник отдела Министерства культуры Туркменистана.
Täzelik
Milli ykdysadyýetimizde maliýe sowatlylygy boýunça halkara talaplara laýyk gelýän hünärmenleriň täze neslini ýetişdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Golaýda türkmen talyplarynyň Russiýa Federasiýasynyň Krasnoýarsk şäherinde — Sibir federal uniwersitetinde geçirilen Maliýe howpsuzlygy boýunça VI halkara olimpiadanyň jemleýji tapgyrynda gazanan üstünlikleri muny aýdyň görkezdi. Dünýäniň 40-dan gowrak döwletinden 700 töweregi okuwçyny we talyby bir ýere jemlän bäsleşigiň esasy mowzugy maliýe howpsuzlygy ulgamynda emeli aňy peýdalanmak we şunuň bilen baglanyşykly töwekgelçilikleri ýeňip geçmek bilen bagly boldy. Halkara olimpiada ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýedisinden talyplaryň onusy gatnaşdy. Olar halkara gatnaşyklar, hukuk, ykdysadyýet we maglumat howpsuzlygy ugurlary boýunça bäsleşdiler. Şeýlelikde, halkara gatnaşyklar ugry boýunça Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden Dawut Abdykadyrow we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndan Sahydöwlet Hümmetjumaýew baýrakly orunlara mynasyp boldular. Hukuk ugrundan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Rejep Rejepow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden Güljahan Gurbanowa ýeňiji diýlip yglan edildi. Abraýly bäsleşigiň ýene bir tapgyry ykdysadyýet ugrundan guralyp, onda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby Şükür Esedow, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndan Dawut Gezerow hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyndan Hanmuhammet Tuwakow baýrakly orunlary eýelediler. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Begnazar Begnazarow bolsa maglumat howpsuzlygy ugrundan ýeňijileriň hataryna goşuldy. Sanly ykdysadyýetde maliýe serişdelerini we maglumatlary kiberhowplardan goramak durnukly ösüşiň möhüm şertidir. Talyplarymyzyň şeýle halkara bilim bäsleşiklerinde gazanýan üstünlikleri olaryň maliýe howpsuzlygy boýunça çuňňur bilim alýandyklaryny tassyklaýar. Robototehnikada nobatdaky üstünlik Türkmenistanly mekdep okuwçylary robototehnika ugrundan bäsdeşlige ukyply, geljegi uly tehnologik çözgütleri, innowasiýalary işläp taýýarlamagy başarýandyklaryny halkara bilim-tejribe meýdançalarynda yzygiderli äşgär edýärler. Şu ýylyň 7 — 10-njy oktýabry aralygynda Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde geçirilen «FIRST Global Challenge 2026» atly robototehnika boýunça dünýä çempionatynda ýurdumyzyň ýaşlar wekiliýeti üstünlikli çykyş etdi. Dünýäniň 185 döwletinden şonçarak ýygyndy topary bir ýere jemlän halkara gözden geçirilişde ýurdumyza Aşgabat şäherindäki dil dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň okuwçylaryndan Suhan Nowbatow, Oraznyýaz Rejepow, Aznawur Çolukow, Daýhan Gurbanow hem-de Arslan Babajyýew wekilçilik etdi. Milli ýygyndymyzy dünýä çempionatyna Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň mugallymy Myrat Sähetgulyýew bilen Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Dawut Gurbanow taýýarlady. «Innowasiýalary ösdürmek» mowzugynda geçirilen robototehnika gözden geçirilişi tebigy betbagtçylyklara, hususan-da, ýangynlara garşy göreşmek üçin innowasion tehnologik çözgütleri işläp taýýarlamaga bagyşlandy. Bu bolsa oňa gatnaşyjylardan robotlary dolandyrmak ýa-da tehniki meseleleri çözmek bilen birlikde, toparlaýyn işlemek, döredijilikli pikirlenmek we çylşyrymly meseleler üçin tehnologik çözgütleri tapmak endiklerine eýe bolmagy talap edýär. Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary robotlaryň olimpiadasynda şeýle başarnyklary özleşdirendiklerini subut etdiler. Şeýlelikde, türkmen ýaşlary «Winning Alliance» ugrundan toparlaýyn bürünç, «Skills Challenge» ugrundan ýekelikde kümüş medala mynasyp boldular. Milli toparymyz ýaryşyň ýarym finalynda 185 toparyň arasynda 296 utuk toplap, 10-njy orny eýeledi. Koreýa Respublikasynda gazanylan goşa üstünlik mekdep okuwçylarymyzyň geçen ýyl Panamada guralan robototehnika boýunça dünýä çempionatyndaky ýeňşiniň üstüni ýetirdi. (Ýörite habarçymyz).