Turkmenistan dunyanin ondebaryjy dowletleri we halkara guramalary bilen bilim ulgamynda netijeli gatnasyklary osduryar.
Täzelik
Şu ýylyň 5 — 9-njy oktýabry aralygynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr sungaty bölüminiň talyplaryndan ybarat bolan döredijilik topary Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Gazagystan Respublikasynyň Türküstan şäherinde geçirilen Türki dünýäniň IV halkara talyplar teatr festiwalyna gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler. Ýurdumyzyň ýaşlar döredijilik topary halkara festiwala Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaplaryndan ugur alyp, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Şageldi Salyhowyň edebi esasyny ýazan, şol ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Merdan Handurdyýewiň sahnalaşdyran «Bedew sarpasy» eseri bilen gatnaşdy. Gyzykly wakalara, aýdym-sazlara beslenen bu sahna oýnunda türkmen ýigidiniň şabaz bedewlere bolan söýgüsi, milli mirasymyzyň köpöwüşginliligi açylyp görkezilýär. Sahna oýnunda türkmen halkynyň gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen behişdi bedewlerine egsilmez buýsanjy hem-de milli seýisçilik sungatyna bolan hormat-sarpasy beýan edilýär. Halkara teatr festiwalyna türkmen ýaşlary bilen birlikde, Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan hem-de Türkiýeden talyplar teatrlarynyň döredijilik toparlary gatnaşdylar. Festiwalyň işine ýurdumyzdan emin agza hökmünde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň halk artisti Aşyrmyrat Gurbanow gatnaşdy. Teatr festiwalynyň baş baýragyna Hoja Ahmet Ýasawy adyndaky Halkara gazak-türk uniwersitetiniň aktýorçylyk sungaty bölüminiň talyplarynyň döredijilik topary mynasyp boldy. Olar gazak ýazyjysy M.Omarowanyň pýesasy esasynda, ady agzalan ýokary okuw mekdebiniň mugallymy M.Aýtjanulunyň režissýorlygynda «Chanel №5» atly sahna oýnuny sahnalaşdyrdylar. Gözden geçirilişiň emin agzalary türkmen ýaşlarynyň sahnalaşdyran eseriniň türkmenlerde bedewlere goýulýan hormat-sarpany ýokary derejede dabaralandyrýandygyny nygtadylar. Şeýlelikde, ýurdumyzyň döredijilik wekiliýeti halkara teatr festiwalynyň «Milli mowzugyň iň gowy işlenen sahna oýny» atly ýörite baýragyna mynasyp görüldi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen talyplaryna halkara festiwalyň kubogy, TÜRKSOÝ-yň Baş sekretarlygynyň hem-de Hoja Ahmet Ýasawy adyndaky Halkara gazak-türk uniwersitetiniň Hormat haty, Türküstan şäher häkimliginiň Minnetdarlyk haty gowşuryldy. Umuman, türkmen talyplarynyň teatr festiwalynda behişdi bedewlerimizi wasp eden sahna oýny baý mazmunly, täsirli sahna eseri hökmünde tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrdy. Döredijilik gözden geçirilişinde dürli ýurtlardan gelen ýaşlaryň tejribe alyşmagyna, halypalaryň ussatlyk sapaklaryna gatnaşmagyna ähli şertler döredildi. Türki giňişlikde gatnaşyklary pugtalandyryp Türkmenistan bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) arasynda köpugurly gatnaşyklar yzygiderli ilerledilýär. Şu ýylyň 5-6-njy oktýabry aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Kaýseri şäherinde geçirilen TÜRKSOÝ-yň ýokary wezipeli wekiller komitetiniň 7-nji mejlisine ýurdumyzyň wekiliýeti hem işjeň gatnaşdy. Mejlisde 2027-nji ýylda TÜRKSOÝ tarapyndan geçiriljek medeni çäreleriň meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Onuň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň Kaýseri şäheriniň 2027-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginiň maksatnamasy tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, geljek ýylyň dowamynda TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň medeniýet, sungat, döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda suratkeşleriň duşuşygy we olaryň eserleriniň sergisi, kompozitorlaryň döredijilik duşuşygy we halk aýdym-sazlarynyň, şeýle hem opera eserleriniň konserti, simfoniki orkestrleriň hem-de Ýaşlar hor aýdymlary toparlarynyň konserti, talyplar teatrlarynyň festiwaly, VI halkara teatr festiwaly, döwlet teatr ýolbaşçylarynyň döredijilik duşuşygy ýaly çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şonuň ýaly-da, «Gorkut ata» halkara kinofestiwaly, «Altyn Garagöz» halkara tans festiwaly, muzeý we kitaphana işgärleriniň duşuşyklary, ýazyjy-şahyrlaryň, alymlaryň kitaplarynyň sergileri we ýaş ýazyjy-şahyrlaryň duşuşyklary, meşhur şahsyýetleriň ýatlama agşamlary, zenanlar döredijilik hepdeligi we modalar günleri ýaly iri halkara çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi bellenildi. Mundan başga-da, geljek ýylyň dowamynda türki döwletleriň nakgaşlarynyň, fotosuratçylarynyň kataloglaryň, döwürdeş ýazyjy-şahyrlaryň eserleri, žurnallar we beýleki neşir önümleri çap ediler. Türki döwletleriň medeni gurşawynda şeýle çäreleriň, konsertleriň yzygiderli guralmagy doganlyk halklaryň arasyndaky ruhy baglanyşygy has-da pugtalandyrmakda, döredijilik babatda özara tejribe alyşmakda möhüm ähmiýete eýedir. Agamyrat BALTAÝEW, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy.
Täzelik
2026-njy ýylyň 14-15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň binýadynda ýaşyl energetika we innowasion tehnologiýalara bagyşlanan ýörite “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň integrasiýasy” hem-de “Emeli aňy tejribede ulanmak” atly okuw maslahatlary üstünlikli geçirildi. Bu çäreler Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Klaustal Tehniki uniwersitetiniň arasynda baglaşylan özara düşünişmek boýunça ähtnamanyň esasynda Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlık boýunça jemgyýetiniň (GIZ) “Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin Ýewropa Bileleşigi: 2024–2029-njy ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler” taslamasynyň ýardamy bilen amala aşyryldy. Çäräniň esasy maksady – gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini integrirlemek, geotermal energiýa, biomasassa, wodorod tehnologiýalary hem-de emeli aň ulgamlarynyň amaly ulanylyşy boýunça hünärmenleriň we talyplaryň potensialyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Bu okuw maslahatyna Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Klaustal Tehniki uniwersitetiniň halkara hünärmenleri we professor-mugallymlary gatnaşyp, institutyň ýaş hünärmenleri, mugallymlary, talyplary bilen tejribe alyşdylar. Iki gün dowam eden okuw sapaklarynda energetika ulgamlaryny modelirlemek, elektrik energiýasynyň bahalandyrylyşy we konwertor tehnologiýalary boýunça giňişleýin düşündirişler berildi. Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylar ýurdumyzda ylym-bilim ulgamlaryny ösdürmäge, innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga döredilýän ähli mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çuňňur minnetdarlyklaryny bildirdiler. Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
Täzelik
2026-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň ylmy maslahatyň çäklerinde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda Russiýa Federasiýasynyň Ýewraziýa Urologlar Assosiasiýasynyň aragatnaşyk we media taslamalar boýunça ýolbaşçysy, professor Wiktoriýa Şadýorkina tarapyndan “Urologiýada häzirki zaman sanly lukmançylygyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak” atly, Koreýa Respublikasynyň Kýung Hi uniwersitetiniň Koreý adaty lukmançylygy boýunça lukmany Kim Ýeonhak tarapyndan “Koreý adaty lukmançylygyň nerw keselleri bejermekde tutýan orny” atly umumy sapaklary geçirildi. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti