Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Dostluga çagyrýan kitap — doganlyk dilde

Dostluga çagyrýan kitap — doganlyk dilde

23 Oktýabr, 2026 Makalalar
40

Ýakynda Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrýan möhüm wakalar bolup geçdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasynyň geçirilmegi şol wakalaryň ähmiýetini has-da artdyrdy. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiziň bu kitabynyň adamlaryň dostluk we parahatçylyk baradaky garaýyşlaryny ösdürmekde örän gymmatlydygyny nygtaýan çykyşlar diňlenildi. 

Gülşat ÝUSUPOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty:

— Bilşimiz ýaly, döwri beýik işler, milleti milli buýsanç beýgeldýär. Şoňa görä-de, ajaýyp zamanamyzyň her bir güni şatlykly wakalara, taryhyň sahypalarynda görnükli orun aljak şöhratly senelere, ýatdan çykmajak pursatlara beslenýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň azerbaýjan dilinde neşir edilmegi şol taryhy wakalaryň üstüni ýetirip, ýurtlaryň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da dabaralandyrýar. Ýeri gelende bellesek, 15-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiziň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasyna üstünlikli amala aşyran iş sapary, öňe süren başlangyçlary uly ähmiýete eýedir.

Taryhdan mälim bolşy ýaly, Hazar deňzi bilen araçäkleşýän iki doganlyk döwletiň — Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň halklarynyň gadyrly gatnaşyklarynyň taryhy gadymyýetden gaýdýar. Biziň halklarymyz dünýäniň medeni-ruhy gymmatlyklaryna uly goşant goşdular. Şoňa görä-de, bu medeni mirasy düýpli öwrenmek, giňden wagyz etmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Şu ýyl Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň geçirilmegi hem biziň ýurtlarymyzyň medeniýet ulgamynda alnyp barylýan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklaýar.

Döwlet Baştutanymyzyň bu kitabynda Bitaraplygyň diňe bir syýasy doktrina ýa-da hukuk derejesi däl-de, eýsem, ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren goňşuçylyk, ynsanperwerlik we parahatçylyk ýörelgeleriniň taryhy dowamydygy görkezilýär. Bu gün türkmen Bitaraplygynda halkyň parahatçylyk söýüjiliginiň taryhy kökleri, belent häsiýetleri we ahlak düşünjeleri öz beýanyny tapýar. Parahatçylygyň gymmaty medeniýetimizde, sungatymyzda, edebiýatymyzda, myhmansöýerligimizde, durmuş ýörelgelerimizde, goňşuçylyk gatnaşyklarynda şöhlelenýär. Häzirki zamanyň çylşyrymly syýasy şertlerinde parahatçylykly gepleşikleri geçirmek, özara ynanyşmagy dikeltmek we dialog medeniýetini ösdürmek babatda Bitarap Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlary kitabyň mazmunyny bezeýär. Neşiriň azerbaýjan dilindäki terjimesiniň çap edilmegi bolsa iki dostlukly ýurduň medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny täze derejä çykarýan möhüm wakadyr.

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky syýasy, diplomatik, ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklar barha täze mazmun bilen baýlaşýar. Azerbaýjan dilinde neşir edilen bu kitap azerbaýjanly okyjylara, alymlara, diplomatlara we giň köpçülige Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgesiniň mazmunyna, onuň halkara giňişlikdäki parahatçylyk döredijilikli başlangyçlaryna has ýakyndan düşünmäge giň mümkinçilik berer. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bilen doganlyk Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklary, goý, mundan beýläk-de rowaçlansyn!