Garaşsyz, he syz, hemişelik Bitarap Türk rap Türkmenistan döw tan döwletimiz ählumumy parahatçylyk we yna lyk we ynanyşmak medeniýetiniň ber niň berkidilmegine, deňagramly hem-de bir ly hem-de birleşdiriji häsiýete eýe bo te eýe bolan hal lan halkara tagallalara saldamly goşant goş şant goşýar. Hu ýar. Hususan-da, ab san-da, abraýly halkara guramalaryň, il ryň, ilkinji nobatda, BMG-niň gol da, BMG-niň goldamagynda ählumumy abadançylygyň bäh gyň bähbidine parahatçylygyň we howp gyň we howpsuzlygyň, dur gyň, durnukly ösüşiň, daş şiň, daşky gurşawyň howp wyň howpsuzlygynyň üpjün edil jün edilmegi, dün gi, dünýä hojalyk gat lyk gatnaşyklarynyň pug nyň pugtalandyrylmagy ugrunda guramaçylyk, sy lyk, syýasy-ykdysady, hal dy, halkara hukuk şert kuk şertleriniň döredilmeginde aýratyn işjeňlik gör lik görkezýär. Şu ýär. Şunuň bilen
baglylykda, 2026-njy ýy da, 2026-njy ýylyň 15-16-njy okt lyň 15-16-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Ser miz Serdar Berdimuhamedowyň Azi dar Berdimuhamedowyň Aziýada hyzmatdaşlygy we yna gy we ynanyşmagy berkitmegiň
çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine hem-de BMG-niň Bio ne hem-de BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sam ler sammitine gatnaşmak üçin Azer mak üçin Azerbaýjan we Er jan we Ermenistan Respublikalaryna iş sa tan Respublikalaryna iş saparyny amala aşyr la aşyrmagy taryhy ähmiýetli wakalardyr.
Mälim bolşy ýaly, Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşi Aziýa giňişliginde parahatçylygy, durnuklylygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen ýokary wekilçilikli abraýly döwletara forumdyr. Bu Geňeş syýasy, ykdysady, ekologiýa, ynsanperwer, şeýle hem täze wehimlere garşy durmak ýaly esasy bäş ugry öz içine alyp, köptaraplaýyn we köpugurly dialog üçin amatly meýdança bolup durýar. Türkmen wekiliýetiniň bu ýokary derejeli foruma gatnaşmagy sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda ýurdumyzyň köptaraply dialog ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygynyň subutnamasydyr. Şunda 15-nji oktýabrda bu düzümiň nobatdaky VII
sammiti Azerbaýjan Respublikasynda geçirilip, onda hormatly Prezidentimiz taryhy mazmunly çykyş etdi.
Şu gezekki sammitde Türkmenistan Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň sammitiniň çäklerinde ulag-logistika hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, ekologiýa meselelerini çözmäge, şol sanda daşky gurşawy goramaga we suw serişdelerinden netijeli peýdalanmaga, ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary öňe sürdi. Aýratyn-da, Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň çäklerinde ulag meseleleri boýunça ministrler derejesindäki dialogy ösdürmek, halkara gatnaşyklarda we diplomatiýada
emeli aňy parahatçylykly ulanmak boýunça Halkara kodeksi işläp taýýarlamak, howanyň üýtgemegine garşy uýgunlaşmak, çölleşmä we gurakçylyga garşy göreşmek, suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak hemde «ýaşyl» çözgütleri ilerletmek boýunça tejribe alyşmak we çemeleşmeleri ylalaşmak üçin köptaraplaýyn platformany — Aşgabat howa dialogyny döretmek, şeýle hem parahatçylyk, özara hormat goýmak we netijeli medeniýetara dialog taglymlaryny ilerledip biljek işjeň we zehinli ýaşlaryndan ybarat Ynanyşmagyň ýaş ilçileriniň toruny döretmek bilen bagly möhüm başlangyçlar öňe sürüldi. Hormatly Prezidentimiziň beýan
eden teklipleri Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek we ählumumy abadançylygy üpjün etmek üçin dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmäge çalyşýandygynyň nobatdaky subutnamasy
boldy. Döwlet Baştutanymyz Azerbaýjana iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, BMG-niň Biologik köpdürlülik baradaky Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahatynyň (COP17) çäklerinde guralan Liderler sammitine gatnaşmak üçin Baku şäherinden Ermenistan Respublikasyna ugrady. Bilşimiz ýaly, BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň çäklerinde Ýerewanda geçirilýän Liderler sammiti tebigy ekoulgamlary goramak işinde dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilendir.
Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly wehimleriň barha artýan şertlerinde bu abraýly meýdança döwlet Baştutanlaryna dünýäde ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmek üçin syýasy mehanizmleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Halkara giňişlikde Türkmenistan möhüm ekologiýa meseleleri boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen anyk başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Şu gezekki duşuşykda hormatly Prezidentimiz tarapyndan möhüm başlangyçlaryň yzygiderli öňe sürülmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu giň möçberli çärä BMG-niň Baş Sekretary, döwlet hem-de Hökümet Baştutanlary, tebigaty goramak boýunça guramalaryň ýolbaşçylary, BMG-niň wekilleri hem-de halkara bilermenler gatnaşdylar. Sammitiň gün tertibine ekoulgamlary we biologik köpdürlüligi goramak, ekologiýa başlangyçlaryny maliýeleşdirmek hem-de BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň esasy maksatnamasyna (COP17) taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Döwlet Baştutanymyz duşuşykda taryhy ähmiýetli çykyş etmek bilen, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek işinde ýurdumyzyň birnäçe ileri tutulýan ugurlara esaslanýandygyny beýan etdi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň aýratyn goralýan tebigy çäkleriň milli ulgamlaryny kämilleşdirmäge, ekologiýa gözegçiligini ösdürmäge, haýwanlaryň we ösümlikleriň seýrek görnüşlerini goramaga möhüm ähmiýet berýändigini belläp, halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde ählumumy çarçuwaly maksatnamanyň maksatlaryny nazara almak bilen işlenip taýýarlanylan Türkmenistanyň 2026 — 2035-nji ýyllar üçin bioköpdürlüligi gorap saklamak boýunça Milli strategiýasynyň we Hereketleriň meýilnamasynyň bu ugurdaky işiň möhüm guraly bolup durýandygyny nygtady. Şeýle hem BMG-niň ugurdaş edaralary bilen hyzmatdaşlygy, şol sanda tebigy prosesleri ylmy esasda öwrenmek, suw hemde deňiz ekoulgamlaryny gorap saklamak we ekologik gözegçiligiň usullaryny kämilleşdirmek ulgamlarynda özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz öz çykyşynda: «Çölleşmä garşy göreşmäge we gurak sebitleriň
howanyň üýtgemeginiň täsirlerine durnuklylygyny ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berýäris. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjyny öňe sürýär. Bu ugurlara ekoulgamlary gorap saklamak, tebigy serişdelerden netijeli peýdalanmak hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça toplumlaýyn halkara tagallalaryň möhüm bölegi hökmünde garaýarys» diýip nygtady. Döwlet Baştutanymyz howanyň üýtgemegi hem-de ekologiýa bilen baglanyşykly maliýe serişdelerine elýeterliligi giňeltmek, tebigaty goramak boýunça döwrebap we sanly tehnologiýalary paýlaşmak, şeýle hem howanyň üýtgemeginiň täsirlerine durnukly infrastrukturany ösdürmek maksady bilen, halkara goldawyň işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyny belläp, şunda adalatlylyk, raýdaşlyk we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleriniň bioköpdürlüligi gorap saklamak
boýunça halkara tagallalaryň esasyny düzmelidigini nygtady. Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ähli gyzyklanma bildirýän döwletler hem-de halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklap, syýasy erkiň, ylmy maglumatlaryň hem-de amaly mümkinçilikleriň birleşdirilmeginiň häzirki we geljekki nesilleriň bähbidine Ýer ýüzüniň tebigy mirasyny gorap saklamaga mümkinçilik berjekdigini aýtdy. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Bakuda hem-de Ýerewanda geçirilen ýokary derejeli çärelere
gatnaşmagy ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärçilikli gatnaşyjysy hökmünde Türkmenistanyň belent abraýynyň nobatdaky aýdyň mysaly boldy. Döwlet Baştutanymyzyň sammitlerdäki beýan eden teklipleri hem-de başlangyçlary ýurdumyzyň sebitde we dünýäde ekologiýa abadançylygynyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.
Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
5-nji ýyl talyby.