Turkmenistan dunyanin ondebaryjy dowletleri we halkara guramalary bilen bilim ulgamynda netijeli gatnasyklary osduryar.
Täzelik
Abadan BABAÝEWA,Koreýanyň milli çeperçilik uniwersitetiniň talyby: — Maňa 2022-nji ýylda Koreýanyň milli çeperçilik uniwersitetiniň talyby bolmak miýesser etdi. Hünär ugrum boýunça sungaty öwreniji. Ýörite maksatnama esasynda synagdan geçmek üçin koreý dilini öwrendim. Çagalyk döwrümden çeperçilik bilen meşgullanyp gelýärin. Aşgabatdaky Sejong merkezine gatnadym. 2018-nji ýylda orta mekdebi tamamlap, uniwersitetiň talyp hakly görnüşine kabul edildim. Ýokary okuw mekdebimiz Seul şäherinde ýerleşýär. Ýurduň paýtagtynda bilim alýan türkmen talyplarynyň sany az däl. Olar ýurduň iň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bolan Seul milli uniwersitetinde, Ýonse we Korýo uniwersitetlerinde okaýarlar. Beýleki şäherlerde hem bakalawr we magistr maksatnamalary boýunça bilim alýan ildeşlerimiz bar. Hormatly Prezidentimiziň bu gezekki döwlet saparynyň çäklerinde iki ýurduň arasynda ylym-bilimde hyzmatdaşlyk etmek boýunça resminamalara gol çekilmegi türkmen ýaşlaryna ýokary derejede bilim alyp, ösen tehnologiýalary we öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmäge mümkinçilik berjekdigine ynanýarys. Şeýle mümkinçilikler üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarys.
Täzelik
Aýbibi MARLYÝEWA,Patyşa Sejong adyndaky koreý dilini öwredýän okuw merkeziň iş dolandyryjysy: — Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hereket edýän Patyşa Sejong adyndaky merkez 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda açyldy. Merkezde her okuw ýyly 3 okuw möwsüminden ybarat bolup, öz gezeginde her okuw möwsümi hem 13 hepde dowam edýär. Sapaklar hepde-de iki gün okadylýar. Okuw merkezimiz ýaşlarymyzyň diňe koreý dilini däl, eýsem, bu dostlukly halkyň medeniýetini hem öwrenmegine ýardam edýär. Häzirki wagtda merkezimiziň uçurymlarynyň 30-a golaýy Koreýa Respublikasynyň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýar. Ýaşlaryň koreý medeniýeti bilen içgin tanyşmagy, şeýle-de okuwlaryň gyzykly geçmegini gazanmak maksady bilen, kalligrafiýa bäsleşigi, sport ýaryşlary, koreý halkynyň milli tagamlary, lybaslary bilen bagly görkezme sapaklary guralýar. 2025-nji ýylda bolsa dünýä ýurtlarynda hereket edýän Sejong merkezleriniň arasynda biziň okuw merkezimiz iň göreldeli dolandyryşly okuw merkezi hökmünde saýlandy. Döwlet Baştutanymyzyň dostlukly ýurda üstünlikli amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda ýokary okuw mekdeplerimiziň arasynda gol çekilen resminamalaryň bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ilerlemegine oňyn täsirini ýetirjekdigine berk ynanýarys.
Täzelik
Kil Saň ÝU,Koreýanyň Tehnologiýa we bilim uniwersitetiniň prezidenti: — Türkmen-koreý gatnaşyklarynda ylym, bilim ugurlary aýratyn ähmiýete eýedir. Biz hem şu gün türkmen döwletiniň Baştutanynyň gatnaşan işewürlik maslahatynyň ýokary derejedäki mejlisiniň geçişine ýakyndan şaýat bolmak ýaly döredilen ajaýyp mümkinçilik üçin hoşallygymyzy bildirýäris. Ýokary okuw mekdebimiz hakynda aýtsam, ol Çhonan şäherinde ýerleşýär. Ýurdumyzyň Zähmet we iş bilen üpjünçilik ministrligi tarapyndan esaslandyrylan bilim ojagymyz amaly inženerçiligiň we adam serişdeleriniň ösüşine gönükdirilen ugurlary öz içine alýar. Ýokary okuw mekdebimiziň adynda «bilim» sözüniň bardygyna garamazdan, ol bilim işgärlerini taýýarlamaýar-da, tehniki-amaly bilim berýär we bu ugurda hünärmenleri taýýarlaýar. 1991-nji ýylda esaslandyrylan uniwersitetimizde geljekde türkmen talyplarynyň hem bilim aljakdygyna berk ynanýarys.