Turkmenistan dunyanin ondebaryjy dowletleri we halkara guramalary bilen bilim ulgamynda netijeli gatnasyklary osduryar.
Täzelik
Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga we ýaşlaryň halkara giňişlikde bilim hem-de tejribe alyşmaklary üçin giň mümkinçilikleri döretmäge aýratyn üns berilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda, eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde türkmen talyplary nobatdaky abraýly halkara bäsleşige gatnaşýarlar. Has takygy, 27-nji sentýabrda Russiýa Federasiýasynyň Krasnoýarsk şäherinde Maliýe howpsuzlygy boýunça VI halkara olimpiadanyň jemleýji tapgyry öz işine başlady. 2-nji oktýabra çenli dowam etjek bu bäsleşik indi iki ýyl bäri yzly-yzyna Sibir federal uniwersitetiniň binýadynda geçirilýär. Olimpiadanyň jemleýji tapgyry dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 700 töweregi okuwçyny we talyby bir ýere jemledi. Şu ýylky olimpiadanyň esasy temasy maliýe howpsuzlygy ulgamynda emeli aňy ulanmak we munuň bilen baglanyşykly töwekgelçilikler bolup durýar. Jemleýji hepdäniň dowamynda panel maslahatlary, ussatlyk sapaklary we tanymal bilermenler bilen duşuşyklar ýaly 100-den gowrak çäräniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Halkara olimpiada ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem gatnaşýarlar. Olar maliýe kiberhowpsuzlygy, maliýe gözegçiligi, bikanun gazanylan girdejileri kanunylaşdyrmaga we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy göreşmek, halkara hukuk hem-de halkara gatnaşyklar ugurlary boýunça öz bilimlerini synagdan geçirýärler. Häzirki sanly tehnologiýalaryň ösýän zamanynda maliýe serişdelerini, şahsy maglumatlary we sanly hyzmatlary kiberhowplardan goramak her bir döwletiň durnukly ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar. Şonuň üçin hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary bilen ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, kiberhowpsuzlygy üpjün etmek we bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak babatdaky işler yzygiderli alnyp barylýar. Bu olimpiada gatnaşmak bolsa talyplarymyza dünýä tejribesini öwrenmäge, dürli ýurtlardan öz deň-duşlary bilen dostluk gatnaşyklaryny berkitmäge we Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny, ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini dünýä ýaýmaga giň mümkinçilik döredýär. Olimpiada gatnaşýan talyplarymyz ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, zehinini açmaklary babatda döredilýän ähli mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar. Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Täzelik
Bilim ulgamy Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iň möhüm ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow 24-nji sentýabrda Aşgabatda Hytaý Halk Respublikasynyň döredilmeginiň 77 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen çärede eden çykyşynda mälim etdi. Ministriň sözlerine görä, iki ýurduň halklarynyň gadymy medeni baglanyşyklary bar. Häzirki wagtda özara gatnaşyklar bilim, medeniýet, ylym, saglygy goraýyş we sosial ulgamyň beýleki ugurlarynda üstünlikli ösdürilýär. Ol häzirki wagtda Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde 9300-den gowrak Türkmenistanyň raýatynyň bilim alýandygyny belledi. Şeýle-de ministr R.Meredow Türkmenistanda hytaý dilini öwrenmäge bolan gyzyklanmanyň ýyl-ýyldan artýandygyna ünsi çekdi. Bu günki günde ýurduň 9 ýokary okuw mekdebinde 1000 töweregi talyp we 10 sany orta mekdepde 6000-den gowrak okuwçy hytaý dilini öwrenýär. Mundan başga-da, ministr R.Meredow şu ýylyň aprel aýynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Lu Ban ussahanasynyň işe başlandygyny, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde bolsa Hytaýyň däp bolan lukmançylyk merkeziniň okuw otagynyň açylandygyny sözüniň üstüne goşdy.
Täzelik
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň kiberfiziki ulgamlar kafedrasynyň mugallymy Wepa Abdysetdarow hem-de himiki tehnologiýalar kafedrasynyň mugallymy Mergen Nunnakow Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetine magistr okuw maksatnamasy boýunça bilim almaga ugradyldy. Türkmen mugallymlarynyň okuwlary 2026-njy ýylyň 12-nji sentýabryndan 2029-njy ýylyň 31-nji martyna çenli Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi (JICA) tarapyndan durmuşa geçirilýän «Durnukly Ösüş Maksatlary boýunça Ählumumy Lider» (JICA Development Studies Program “SDGs Global Leader”) atly magistratura okuw maksatnamasynyň çäklerinde geçiriler. Bu okuw sapary Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň arasynda 2025-nji ýylyň 7-nji aprelinde wodorod energiýasy boýunça bilelikdäki ylmy-barlaglar babatda hyzmatdaşlyk etmek baradaky gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň esasynda amala aşyrylýar. Maksatnamanyň çäklerinde türkmen mugallymlary Sukuba uniwersitetiniň magistr maksatnamasynda wodorod energiýasy we durnukly ösüş ugurlary boýunça bilim alarlar. Okuw döwründe ýaş türkmen hünärmenleri degişli dersler boýunça okuw sapaklaryna gatnaşyp, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen ylmy-barlag işlerini geçirerler hem-de bu ugurda Ýaponiýanyň baý tejribesini öwrenerler. Dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň birinde alnyp barylýan okuw we ylmy-barlag işleri Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ýaş alymlarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzda ýokary tehnologiýalaryň we durnukly energetika ulgamlarynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşar.