Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Taryhy wakalar gatnaşyjylaryň gözi bilen

Taryhy wakalar gatnaşyjylaryň gözi bilen

22 Sentýabr, 2026 Makalalar
54

Kil Saň ÝU,
Koreýanyň Tehnologiýa we bilim uniwersitetiniň prezidenti:

— Türkmen-koreý gatnaşyklarynda ylym, bilim ugurlary aýratyn ähmiýete eýedir. Biz hem şu gün türkmen döwletiniň Baştutanynyň gatnaşan işewürlik maslahatynyň ýokary derejedäki mejlisiniň geçişine ýakyndan şaýat bolmak ýaly döredilen ajaýyp mümkinçilik üçin hoşallygymyzy bildirýäris.

Ýokary okuw mekdebimiz hakynda aýtsam, ol Çhonan şäherinde ýerleşýär. Ýurdumyzyň Zähmet we iş bilen üpjünçilik ministrligi tarapyndan esaslandyrylan bilim ojagymyz amaly inženerçiligiň we adam serişdeleriniň ösüşine gönükdirilen ugurlary öz içine alýar. Ýokary okuw mekdebimiziň adynda «bilim» sözüniň bardygyna garamazdan, ol bilim işgärlerini taýýarlamaýar-da, tehniki-amaly bilim berýär we bu ugurda hünärmenleri taýýarlaýar. 1991-nji ýylda esaslandyrylan uniwersitetimizde geljekde türkmen talyplarynyň hem bilim aljakdygyna berk ynanýarys.