Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
None
None
None
None
None
None
None
None
None
None
NETIJELI BILIM HYZMATDAŞLYGYNYŇ DILLER DÜNÝÄSINDÄKI MIWESI

NETIJELI BILIM HYZMATDAŞLYGYNYŇ DILLER DÜNÝÄSINDÄKI MIWESI

Bedew batly döwrümizde Türkmenistanyň bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilmegi, ýaşlaryň dünýä derejesindäki öňdebaryjy bilim ojaklarynda tejribe geçmeginiň üpjün edilmegi hem-de daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda alnyp barylýan köpýyllyk netijeli işleriň aýdyň subutnamasy hökmünde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Koreýa Respublikasynyň abraýly Kangwon milli uniwersitetiniň arasyndaky bilim-ylym hyzmatdaşlygyny görkezmek bolar. Iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda baglaşylan ylym we bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäginde taraplar köp ugurly hyzmatdaşlygy üstünlikli amala aşyrýarlar. Şu amala aşyrylýan hyzmatdaşlygyň amaly netijesi hökmünde 2026-2027-nji okuw ýylynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary Koreýa Respublikasynyň Çhunçhon şäherinde ýerleşýän Kangwon milli uniwersitetinde koreý dili ugry boýunça bir ýyllyk okuw maksatnamasyna gatnaşmaga mümkinçilik aldylar. Bu halkara okuw maksatnamasy talyplar üçin diňe bir dil öwreniş tapgyry bolman, eýsem olaryň hünär we şahsy taýdan kämilleşmeginde täze gözýetimleri açýan ajaýyp mümkinçilikdir. Sapaklaryň gönüden-göni tebigy dil gurşawynda, ýokary tejribeli koreý professor-mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda geçirilmegi talyplaryň akademiýa we amaly sözleýiş endiklerini ýokary derejä ýetirmäge şert döredýär. Maksatnama talyplara Kangwon milli uniwersitetiniň baý kitaphanalaryndan, sanly bilim çeşmelerinden giňden peýdalanmaga, daşary ýurtly deň-duşlary bilen özara tejribe alyşmaga hem-de Koreýa Respublikasynyň taryhy-medeni mirasyny çuňňur özleşdirmäge giň mümkinçilik berýär. Şeýle hem, amaly sapaklar we medeni-köpçülikleýin çäreler geljekki hünärmenleriň medeniýetara gatnaşyklaryny kämilleşdirmäge, ylmy-barlag ugurlaryny giňeltmäge we olaryň geljekde kämil dilçi-mugallymlar bolup ýetişmeklerine berk binýat bolup hyzmat eder. Şeýle halkara derejesindäki maksatnamalar döwletimiziň ýaşlaryna dünýä derejesinde bilim almaga, dil endiklerini ösdürmäge we Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ylym-bilim alyş-çalşygyny durnukly ösdürmäge uly goşant goşýar. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty

14
14 Sentýabr 2026 ý.
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň «Ýylyň mugallymy» döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlenildi

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň «Ýylyň mugallymy» döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlenildi

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasynda geçirilen «Ýylyň mugallymy» döwlet bäsleşiginiň netijeleri jemlendi. Bäsleşik ýokary bilim ulgamynda öňdebaryjy iş tejribesine eýe bolan, hünär ussatlygyny, ylmy-pedagogik işjeňligini we bilim ulgamynyň ösüşine goşýan goşandyny görkezen mugallymlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirildi. Bäsleşik Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim ulgamynda amala aşyrýan özgertmelerini durmuşa geçirmek, ýokary hünär bilimini ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek, şeýle hem professor-mugallymlaryň halkara bilim giňişligindäki ornuny ýokarlandyrmak maksadyna gönükdirildi. Ýeňijileri kesgitlemekde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň reýting bahalandyrma ulgamynda toplanan görkezijiler we sanly platformada awtomatiki hasaplanan netijeler esasy ölçeg hökmünde kabul edildi. Bäsleşigiň baş baýragyna 505,52 bal bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Matematiki analiz kafedrasynyň müdiri, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty, uly mugallym Nurmuhammet Gurbanmämmedow mynasyp boldy. Ol «Ýylyň mugallymy» diýen ada eýe boldy. Birinji orunlara Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Okuw bölüminiň önümçilik tejribe okuwynyň ýolbaşçysy, uly mugallym Pirmyrat Geldimyradowiç Gurbanow (226,75 bal), Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Rus diliniň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň mugallymy Maksat Kurbandurdyýewiç Bugraýew (160,82 bal) hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Häzirki zaman kompýuter tehnologiýasy kafedrasynyň mugallymy Musa Serdarowiç Ýazymow (155,28 bal) mynasyp boldular. Ikinji orunlary eýelän mugallymlaryň hatarynda: Şiraly Gurbangeldiýewiç Baýekow — Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Matematika we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, uly mugallym (149,05 bal); Allamyrat Geldimyradowiç Amanmämmedow — Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Nazary we eksperimental fizika kafedrasynyň mugallymy (143,72 bal); Wepa Dädebaýewiç Sabyrow — Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Fizika we elektrotehnika kafedrasynyň mugallymy (141,38 bal); Maksat Meretmuhammedowiç Çüriýew — Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Kiberhowpsuzlyk kafedrasynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, tehniki ylymlaryň kandidaty, uly mugallym (139,92 bal); Ýolly Dowlyýewiç Myradow — Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Awtomobil ýollarynyň gurluşygy kafedrasynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, tehniki ylymlaryň kandidaty, uly mugallym (128,98 bal) dagy bar. Üçünji orunlara mynasyp bolan mugallymlar: Ýagmyr Ahmedowiç Tulekow — Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Organiki däl we analitiki himiýa kafedrasynyň mugallymy (123,77 bal); Murat Berdiýewiç Çaşemow — Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Kompýuter tehnologiýasy we ulgamlary kafedrasynyň mugallymy (119,50 bal); Bibihajar Amanmämmedowna Kerimowa — Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Energetika pudagynyň ykdysadyýeti kafedrasynyň mugallymy (108,33 bal); Ahmet Myradowiç Penjiýew — Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Önümçiligi awtomatlaşdyrmak kafedrasynyň dosenti, tehniki ylymlaryň doktory (99,65 bal); Muhammetnur Abdylgapurowiç Ataýew — Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Maglumat tehnologiýalary kafedrasynyň mugallymy (96,18 bal); Ogulnabat Halykowna Saryýewa — Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Umumy himiýa kafedrasynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, uly mugallym (90,26 bal); Akmyrat Jumasähedowiç Ýagmyrow — Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Ýokary matematika kafedrasynyň mugallymy (87,93 bal); Aýbölek Merdanowna Perdäýewa — Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň mugallymy (87,36 bal); Yslam Arslanselimowiç Begençew — Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy (84,40 bal); Şaberdi Gylyçtaganow — Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalarynyň programma üpjünçiligi kafedrasynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, mugallym (83,22 bal); Han Döwranowiç Muhammetkuliýew — Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň uly mugallymy (81,35 bal). Bäsleşigiň ýeňijileri we baýrakly orunlara mynasyp bolan professor-mugallymlar Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň degişli derejeli diplomlary bilen sylaglanar. «Ýylyň mugallymy» döwlet bäsleşigi ýokary bilim ulgamynda mugallymlaryň hünär ussatlygyny, ylmy gözleglerini we döwrebap okatmak usullaryny ösdürmäge gönükdirilen möhüm çäreleriň biri bolup durýar.

14
14 Sentýabr 2026 ý.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren okuw sapagy barada söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren okuw sapagy barada söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi

 2026-njy ýylyň 4-nji sentýabrynda Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren okuw sapagy barada söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýunyň bellenilýän ýylynda has takygy, 2026-njy “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenisan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň ikinji sentýabrynda Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde umumy sapak geçdi. Alym Arkadagymyzyň bu umumy okuwyna müňlerçe ýaşlar gatnaşdy. Umumy okuw sapagynyň başynda Alym Arkadagymyz watançylyk temasyna ýüzlenip, watan mukaddesligini anyk deliller bilen düşündirdi. Bu umumy okuw sapagy mugallymlara görelde mekdebi boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň oýlanmalary ýaş nesillere atalyk, howandarlyk pendi juda täsirli boldy we ol nesilleriň hakydasynda baky galjak ýakymly ýatlamadyr. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler. Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi

12
14 Sentýabr 2026 ý.
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň dürli ugurlar boýunça reýting netijeleri yglan edildi

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň dürli ugurlar boýunça reýting netijeleri yglan edildi

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 2025–2026-njy okuw ýylynyň jemleri boýunça geçirilen reýting bahalandyrmasynyň netijeleri belli edildi. Reýting ýokary bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijeliligine baha bermek, ýokary okuw mekdepleriniň, fakultetleriniň, kafedralarynyň we professor-mugallymlarynyň iş tejribesini höweslendirmek hem-de ýurdumyzyň halkara bilim we ylym giňişligindäki ornuny pugtalandyrmak maksady bilen geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýokary okuw mekdepleriniň reýting bahalandyrmasy baradaky düzgünnamasynda kesgitlenen görkezijiler esasynda rating.bilim.tm sanly portalynda awtomatiki usulda hasaplanan netijeler boýunça öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri, fakultetler, kafedralar hem-de aýratyn tapawutlanan professor-mugallymlar kesgitlenildi. Pedagogik işgärleriň sanyna baglylykda, her bir professor-mugallyma düşýän ortaça bal görkezijisi boýunça ýokary netije görkezen ýokary okuw mekdepleriniň arasynda birinji derejeli diploma Türkmen döwlet maliýe instituty (18,95 bal) mynasyp boldy. Ikinji derejeli diplom Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna (17,40 bal), üçünji derejeli diplom bolsa Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyna (17,18 bal) berildi. Şeýle hem fakultetleriň arasynda ýokary netijeleri görkezenleriň hatarynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Maglumat tehnologiýasy fakulteti birinji orny eýeledi (37,39 bal). Ikinji orna Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakulteti (25,80 bal), üçünji orna Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Aragatnaşygyň radiotehnologiýalary fakulteti (24,30 bal) mynasyp boldy. Kafedralaryň arasynda iň ýokary görkezijiler Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Takyk we tebigy ylymlar kafedrasynda (60,66 bal) hasaba alyndy. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Kiberhowpsuzlyk kafedrasy (51,36 bal) ikinji, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Diller kafedrasy (48,73 bal) üçünji orny eýeledi. Reýting netijeleri boýunça halkara bilim we ylym giňişligindäki işjeňligi bilen tapawutlanan professor-mugallymlar hem sylaglanmaga hödürlendi. Hirşiň indeksi boýunça ýokary görkeziji görkezen (h-index=7) Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň Tebigy bilimler we kompýuter tehnologiýasy kafedrasynyň müdiri wezipesini ýerine ýetiriji, mugallym Bekgylyç Hakberdiýewiç Agaýew aýratyn bellenildi. Ylmy žurnallaryň CiteScore Q2 kwartil reýtingine girýän neşirlerde çap edilen makalalary üçin Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Rus diliniň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň mugallymy Maksat Kurbandurdyýewiç Bugraýew, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Türkmenistanyň taryhy we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy Dinmuhammet Tekäýew hem-de Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň professor-mugallymlar topary tapawutlandyryldy. Maksat Kurbandurdyýewiç Bugraýew «Перспективы науки и образования» ylmy žurnalynda çap edilen «Tutoring as a form of support for the adaptation of foreign students at the university» atly makalasy, Dinmuhammet Tekäýew «Журнал БГУ. История» neşirinde çap edilen «Дискуссия вокруг адресата ахд-наме эпохи Ануштегинидов» atly makalasy bilen, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň professor-mugallymlar topary bolsa «The European Physical Journal (EPJ)» žurnalynda çap edilen «Superstatistics properties of the Kane oscillator» atly ylmy işi bilen ýokary baha mynasyp boldular. Reýtingiň netijeleri ýokary okuw mekdepleriniň bilim, ylym we innowasiýa ugurlaryndaky işleriniň netijeliligini görkezýän möhüm görkezijileriň biri bolup, öňdebaryjy tejribä eýe bolan bilim işgärlerini höweslendirmäge we halkara derejedäki ylmy işjeňligi ösdürmäge hyzmat edýär. 12-nji sentýabrda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň mejlisler zalynda ýokary okuw mekdepleriniň reýting bahalandyrmasynyň hem-de «Ýylyň mugallymy — 2026» döwlet bäsleşiginiň jemlerine bagyşlanan sylaglaýyş dabarasy geçirildi. Dabarada reýting bahalandyrmasynyň netijeleri boýunça öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri, fakultetler we kafedralar, şeýle hem ýokary netijeleri görkezen professor-mugallymlar sylaglandy.

12
14 Sentýabr 2026 ý.
Dabaraly maslahat geçirildi

Dabaraly maslahat geçirildi

2026-njy ýylyň sentýabr aýynyň 14-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda “Beýik taryh – beýik geljege binýat” atly dabaraly maslahat geçirildi. Dabaraly maslahatyň dowamynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Türkmeniň buýsanjy” atly goşgusynyň many-mazmuny, milli buýsanç terbiýesindäki ornuny we çeperçilik aýratynlyklary birnäçe çykyşlar diňlenildi. Dabaranyň dowamynda institutyň «Kuwwat» aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeklerinde Watanymyzy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlara tomaşa edildi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine sary alyp barmak, ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlary kemala getirmek ugrunda tutumly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty

12
14 Sentýabr 2026 ý.

Bilim kalendary

Ylmy-usuly žurnal

Bilim žurnaly

Bilim žurnaly

2026

Media galereýa

Bilim ulgamynyň durmuşyndan iň täze foto we wideo pursatlar.

Ählisini gör
Sanly ulgam

Bitewi sanly bilim portaly

Ähli bilim edaralaryny we sanly hyzmatlary birleşdirýän ýeke-täk ekoulgam.

Portala giriň
Habarlar býurosy

Soňky habarlar

Üs­tün­lik­li ge­çi­ri­len bäs­le­şik
Makalalar

Üs­tün­lik­li ge­çi­ri­len bäs­le­şik

Lä­le HO­JA­GUR­BA­NO­WA,Bal­kan we­la­ýat ýö­ri­te sun­gat mek­de­bi­niň mu­gal­ly­my: — Bu gün ata Wa­ta­nyň gu­ja­gyn­da bag­ty­ýar­ly­gyň, er­ka­na­ly­gyň to­ýu­ny toý­la­ýan ag­zy­bir hal­ky­myz her bir gü­nü­ni bag­ta bes­läp gur­ýar, dö­red­ýär hem-de gel­je­ge uly ynam bi­len ga­ra­ýar. Hä­zir­ki ta­ry­hy döw­rü­miz­de äh­li ösüş­le­ri­mi­ziň esa­sy­ny düz­ýän go­şa ga­na­ty­myz — Ga­raş­syz­ly­gy­myz hem-de Bi­ta­rap­ly­gy­myz kö­ňül­le­re buý­sanç, yl­ham paý­la­ýar. «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­ly­my­zyň şy­ga­ry­ny da­ba­ra­lan­dyr­mak, Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň gym­ma­ty­ny wa­gyz et­mek mak­sa­dy bi­len dür­li me­de­ni çä­re­ler, bäs­le­şik­ler ge­çi­ril­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi­niň, Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li mer­ke­zi­niň hem-de «Mu­gal­lym­lar ga­ze­ti» ga­ze­ti­niň re­dak­si­ýa­sy­nyň bilelikde gu­ra­ma­gyn­da «Mu­kad­des Ga­raş­syz­lyk — buý­san­jy­myz, bag­ty­myz» at­ly bäs­le­şi­gi hem dö­re­di­ji­lik işi bi­len meş­gul­lan­ýan bi­lim iş­gär­le­ri­ni tä­ze eser­le­ri dö­ret­mä­ge hö­wes­len­dir­di. Bi­lim iş­gär­le­ri bu gün döredilýän mümkinçiliklerden ruhlanyp, ýürek buý­sanç­la­ry­ny öz eserleriniň üsti bilen be­ýan ed­ýär­ler. Dö­re­di­ji­lik gö­zel­lik­den, er­ka­na ýa­şa­ýyş­dan has aja­ýyp­laş­ýan bol­sa, şol gö­zel­lik­ler bi­ziň dün­ýä­mi­zi, kal­by­my­zy gap­lap al­ýar. Döredijilik işgärleri döw­rüň was­py­na, bag­tyň ta­ry­py­na eý­le­nip, za­ma­na­my­zyň deň­siz-taý­syz keş­bi­ni ja­ha­na ýaý­ýar. Döw­rü­mi­ziň keş­bi köňüllere yl­ham bo­lup dol­ýar. Aja­ýyp za­ma­na­myz­da dö­re­di­ji­lik­li iş­le­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag bol­sun, be­ýik iş­le­ri ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin! Taý­ýar­lan Bag­ty ÖDE­GU­LY­ÝE­WA, «Mu­gal­lym­lar ga­ze­ti»

Naýbaşy gymmatlyklara bagyşlandy
Bäsleşikler

Naýbaşy gymmatlyklara bagyşlandy

Golaýda «Türkmen dünýäsi» gazetiniň redaksiýasynyň Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi bilen bilelikde yglan eden &laqu

ÝURDUMYZYŇ ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINIŇ TALYPLARYNYŇ ARASYNDA NAZARY MEHANIKA BOÝUNÇA VI INTERNET DERS BÄSLEŞIGI
Bildirişler

ÝURDUMYZYŇ ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINIŇ TALYPLARYNYŇ ARASYNDA NAZARY MEHANIKA BOÝUNÇA VI INTERNET DERS BÄSLEŞIGI

I. Umumy düzgünler   Şu Düzgünnama ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Nazary mehanika boýunça VI internet ders bäsleşigini (mundan beýläk - bäsleşik) guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, ony geçirmegiň tertibini kesgitleýär. Türkmenistanyň bilim ulgamynyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine sazlaşykly aralaşýan döwründe esasy mesele hökmünde Garaşsyz Watanymyza, mähriban halkymyza, Türkmenistanyň Prezidentine wepaly, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýiti zehinli, ukyply we başarjaň ýaşlary ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Bäsleşigiň guraýjysy hökmünde Türkmen oba hojalyk institutynyň Amaly mehanika kafedrasy çykyş edýär. Bäsleşigiň geçirilýän möhletleri we geçirmegiň şertleri institutyň www.tohi.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölümine goýulýar.   II. Bäsleşigiň maksady we wezipeleri   Bäsleşik talyplaryň taýýarlygynyň hilini kesgitlemek, olaryň bilimlerini we başarnyklaryny berkitmek we çuňlaşdyrmak hem-de döredijilik ösüşini höweslendirmek maksady bilen geçirilýär. Bäsleşigiň maksady: -       ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek we özara bähbitli ylmy maglumatlary alyş-çalyş etmek; -       ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň bilelikde ylmy pikir alyşmalaryny guramak; -       hünärmenleri taýýarlamakda Nazary mehanika dersiniň ähmiýetine düşünmek; -       talyplaryň döredijilik işjeňligini höweslendirmek, özbaşdak işlemek endiklerini ýokarlandyrmak we giňişleýin pikirlenmäni ösdürmek; -       talyplary taýýarlamagyň hilini kesgitlemek, nazary we amaly okuwlarda alnan bilimlerini we başarnyklaryny berkitmek; -       önümçilik we gözleg işlerinde ýüze çykýan ylmy hem-de amaly meseleleri derňemäge ukyply ýaş hünärmenleri ýetişdirmek; -       halkara bäsleşiklerde ýokary okuw mekdebiniň adyndan üstünlikli wekilçilik edip bilýän zehinli talyplary kesgitlemek we goldamak; -       hünär taýdan taýýarlygyny ýokarlandyrmak.   III. Bäsleşigiň guramaçylyk-usulyýet üpjünçiligi   Bäsleşigi guramak we geçirmek boýunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrmak üçin Guramaçylyk topary döredilýär. Guramaçylyk topary: -       ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda bu bäsleşigi geçirmegiň esasy ýörelgelerini kesgitleýär hem-de ony guramak we geçirmek boýunça guramaçylyk işleri alyp barýar; -       bäsleşigi geçirmegiň tertibini we möhletini kesgitlemek boýunça teklipleri taýýarlaýar. IV. Bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň tertibi   4.1. Bäsleşik Türkmenistanyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň dürli ugurlarynyň, hünärleriniň ýokary bilim maksatnamalary boýunça okaýan                     1-nji, 2-nji we 3-nji ýyl talyplary gatnaşyp bilerler.   4.2. Bäsleşik gatnaşmaga isleg bildirýän ýokary okuw mekdebi düzümi 5 (bäş) sany talypdan köp bolmadyk toparyň we olaryň ýolbaşçy mugallymynyň maglumatlaryny (fakulteti, hünäri, ýyly, familiýasy we ady, ýolbaşçy mugallymynyň familiýasy we ady, işleýän kafedrasy, elektron poçtasynyň salgysy, telefon belgileri) 2026-njy ýylyň 22-nji oktýabryna çenli institutyň tohi_tm@sanly.tm elektron salgysyna ugratmaly.   4.3. Bäsleşige şahsy bäsleşik görnüşinde geçirilip, onda gatnaşyjylara 50 sany soragdan (30 test soragy 1 baldan, 20 test mesele görnüşde 2 baldan) ybarat bolan test soragnamalary berler.   4.4. Bäsleşik 2026-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda sagat 14:00-da geçiriler.   4.5. Bäsleşigiň geçişine “Zoom” programmasy arkaly gözegçilik alnyp barlar.   4.6. Bäsleşigiň ýumuşlary institutyň www.tohi.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölümine goýlar.   4.7. Bäsleşigiň gatnaşyjylaryna aragatnaşyk serişdelerini, foto, audio we wideo enjamlaryny, gözükdiriji serişdeleri hem-de maglumat göterijileri, aragatnaşyk geçiriji islendik serişdeleri ulanmaga rugsat berilmeýär.   4.8. Bäsleşige gatnaşýan talyplar soraglary hem-de ýumuşlary özbaşdak işlemeli. Bäsleşigiň geçirilýän wagty, goşmaça kömek edilen, töweregindäki ýoldaşlary bilen özara gürrüň eden ýa-da kitap-gazet maglumatlaryny ulanan gatnaşyjy bäsleşige gatnaşýanlaryň hataryndan çykarylar.   4.9. Bäsleşigiň şahsy bäsleşik görnüşiniň test soraglaryny ýerine ýetirmek üçin berilýän wagt – 120 minut.   4.10. Bäsleşigiň eminler topary Türkmen oba hojalyk institutynyň wekillerinden düzülýär.   4.11.   Eminler topary bäsleşige gatnaşýan talyplaryň işlerini bahalandyrýar we netijelerini jemleýär.   4.12.   Islendik gatnaşyjynyň arz-şikaýat bilen ýüz tutmaga hukugy bardyr.  Arz-şikaýat bilen diňe toparyň ýolbaşçysy eminler toparyna elektron poçta arkaly ýüz tutup biler.   4.13.   Arz-şikaýatlar eminler topary tarapyndan seredilýär we ahyrky netijäni eminler toparynyň başlygy kesgitleýär hem-de bu gutarnykly netije üýtgedilmäge degişli däl hasap edilýär.   V. Bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi 5.1. Bäsleşigiň ýeňijileri toplanan ballaryň jemi boýunça kesgitlenilýär we şahsy hem-de toparlaýyn görnüşde hasaba alynýar.  5.2. Bäsleşigiň ýeňijileriniň sany, oňa gatnaşyjylaryň sanyna baglylykda kesgitlenilýär, ýagny talyplaryň 5 %-i I derejeli, 10 %-i II derejeli we 15 %-i                      III derejeli diplomlar bilen sylaglanar.  5.3. Bäsleşigiň netijeleri beýanlar arkaly resmileşdirilýär we eminler toparynyň netijenamasy esasynda ýeňijileriň düzümi tassyklanylýar.  5.4. Bäsleşigiň ýeňijileri barada maglumatlar institutyň www.tohi.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölümine ýerleşdirilýär.   Habarlaşmak üçin tel.: +99363887557; +99365931638; e-mail: tohi_tm@sanly.tm  Türkmen oba hojalyk institutynyň guramaçylyk topary

Çagalar baglary
0 +

Çagalar baglary

Orta mekdepler
0 +

Orta mekdepler

Başlangyç hünär mekdepleri
0 +

Başlangyç hünär mekdepleri

Orta hünär mekdepleri
0 +

Orta hünär mekdepleri

Ýokary okuw mekdepleri
0 +

Ýokary okuw mekdepleri

Ýokary okuw mekdepleri

Ähli uniwersitetler

Halkara bilim web saýtlary

Elektron kitaphanalar

Elektron žurnallar