Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Täzelikler bölüminden yza gaýtmak
Türkmenistanyň Bilim ministri Daşkentdäki halkara forumda çykyş etdi

Türkmenistanyň Bilim ministri Daşkentdäki halkara forumda çykyş etdi

28 Oktýabr, 2026
16

2026-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda Daşkent şäherinde «Merkezi Aziýa — bilim, ylym we innowasiýalaryň täze giňişligi» atly halkara bilim forumy geçirildi. Çäräniň açylyşynda Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew gutlag sözi bilen çykyş etdi.

Ministr öz çykyşynda forumy guraýjylara hoşallyk bildirip, sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhümdigini belledi. Çykyşda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda bilim ulgamynda alnyp barylýan özgertmeler, şol sanda 2026–2052-nji ýyllar üçin ýokary bilimi ösdürmek Strategiýasy we täze kabul edilen döwlet maksatnamalary bellenip geçildi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň halkara ylmy-bilim ýaşlar klasterlerini döretmek baradaky başlangyjyna aýratyn üns çekildi.

Çykyşda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk, şol sanda «Awazada» gol çekilen täze ylalaşyklar, rektorlaryň forumlary we talyplaryň alyş-çalşygy ýaly möhüm ugurlar nygtaldy. Türkmenistanyň sebitde bilim we ylym gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi