Häzirki ajaýyp döwrümizde türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilik ýoly, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty dünýä ýaýylýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Bitaraplyk syýasatymyzyň ylmy-edebi jähetlerini giňden beýan edýän «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň elimize gelip gowuşmagy örän buýsandyrdy. Bu ajaýyp kitabyň ýapon dilinde neşir edilmegi Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny, milli Bitaraplyk ýörelgelerini we halkara hyzmatdaşlygyny dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürilýär. Halkara derejesindäki medeni we ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegi hoşniýetlilik ýörelgeleriniň rowaçlanýandygyny aýdyň beýan edýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň ýapon dilinde neşir edilmegi hem hoşniýetli ýörelgeleriň dünýä ýaýylmagydyr. Bu ajaýyp kitap türkmen Bitaraplygynyň taryhy köklerini, halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini aýdyň beýan edýär. Hemişelik Bitaraplygymyz diňe bir halkymyzyň bagtyýarlygyny däl, eýsem, umumadamzat bähbitli başlangyçlary öňe ilerletmäge ýoldur, dost-doganlygyň berk binýadydyr. Ýurdumyz beýleki döwletler bilen dostluk, birek-biregi hormatlamak, ynam etmek, ýardam bermek esasynda özara gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýär. Dünýäniň örän köp ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk, söwda-ykdysady gatnaşyklary saklaýar. Oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanyp, işjeň durmuşa geçirilýän beýik işler her birimizde buýsanç döredýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgawy we köpugurly kitaby halkymyzyň asylly ýol-ýörelgelerine, dünýewi garaýyşlaryna, edim-gylymlaryna siňen durmuş tejribelerine salgylanýar. Bu ajaýyp kitapda türkmen halkynyň ata-baba kämilleşdirip gelen paýhas ummanynyň uly döwletliligiň, belent at-abraýa eýe edýändigi çuňňur beýan edilýär. Şeýle hem türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesiniň aýdyň ýolundan ýöräp, uly bagta, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne eýe bolandygy paýhaslylyk bilen bellenilýär. Hut şu nukdaýnazardan, parahatçylyk söýüjilik ýörelgesiniň many-mazmunyny ýapon okyjylary öz ene dillerinde tanyşmaga giň mümkinçilik aldylar.
Hormatly Prezidentimiziň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan, ylmy taýdan esaslandyrylan maglumatlary özünde jemleýän her bir kitaby gymmatly gollanmadyr. Bu ajaýyp kitapdaky paýhasly pikirler her bir okyjyny ruhlandyrýar, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerimizi dünýä ýaýýar.