Iň kämil maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny durmuşa ornaşdyrmak döwrüň asylly ýörelgesidir. Häzirki döwürde sanly bilim ulgamy ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna giňden ornaşdyryldy. Şu babatda «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Oňa laýyklykda, bilim ulgamynyň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, sanly enjamlary giňden peýdalanmak arkaly bilim berlişiniň hilini ýokarlandyrmak giňden ýola goýuldy.
Ýurdumyzda innowasiýa işiniň ýerlikli hem-de döwrebap guralmagy we ösdürilmegi netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Sanly bilimi giňişleýin ulanýan ýurtlaryň tejribelerinden görnüşi ýaly, ol ýurduň ösüş depgininiň çaltlanmagyna hem-de sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna halkyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna, bilim berlişiň täze sepgitlere ýetmegine ýardam berýär.
Ýurdumyzyň bilim ojaklarynda hünärmenler, professor-mugallymlar, şeýle-de talyp ýaşlar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portallary işlenip taýýarlanyldy. Sanly bilim portaly elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler ýaly bölümleri özünde jemleýär. Bulardan başga-da, bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde alnyp barylýan bilim-terbiýeçilik, ylym, sport, medeni-köpçülik işleri, amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli özgertmeleri, ösüşleri giňden şöhlelendirmekde sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlara döwrebap bilim-terbiýe berilmegini ähli zatdan ýokarda goýýan hormatly Prezidentimiz ylmy üstünlikleri ýurdumyzyň bilim ulgamyna düýpli ornaşdyrmak üçin ähli amatlyklary döredýär. Diýarymyzdaky kitaphanalar tehnologiýa babatda kämilleşdirilip, ähli ugurlara degişli ylmy we çeper edebiýatlary elektron görnüşe geçirmek işleri doly ýola goýuldy. Talyp ýaşlarymyz elektron kitaphanalardan peýdalanyp, öwrenenlerini özleşdirip bilýärler.
Tehnologiýalaryň tiz ösýän döwründe elektron kitaphanalar maglumat saklamagyň ygtybarlylygyny artdyrýar. Elektron kitaphanalar maglumatlary, edebiýatlary saklaýjy we habar beriş ulgamy bolup, ol maglumatlaryň elýeterliligini döretmäge hem-de giňeltmäge niýetlenilendir. Şeýle hem bu ulgam maglumat gözlegini gysga wagtda amala aşyrmaga, internet ulgamyndan peýdalanmaga şert döredýär. Internet ulgamyna birikdirilen elektron kitaphana öz habar beriş çeşmelerini islendik ulgam bilen baglanyşdyryp bilýär. Döwrebap tehnologiýalaryň ösmegi bilen häzirki wagtda ses we şekil ýazgylarynyň kitaphana ulgamyna giňden ornaşdyrylmagy, bu ulgamyň has kämilleşýändiginiň aýdyň beýanydyr. Bu bolsa elektron kitaphanalardan kitaplary, maglumatlary dürli görnüşde almagyň elýeterliligini üpjün edýär. Kitaplar döwrüň taryhyny, halkyň durmuşyny we ruhuny özünde jemleýän bahasyna ýetip bolmajak hazynadyr.