Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Bagy-bossan Diýarymyz

Bagy-bossan Diýarymyz

28 Oktýabr, 2026 Makalalar
4

Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mek, te­bi­ga­ty­my­zyň gö­zel­li­gi­ni go­rap sak­la­mak asyl­ly ýö­rel­gä öw­rül­di. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de be­dew ba­dy bi­len ok­gun­ly ös­ýän Di­ýa­ry­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan giň möç­ber­li mak­sat­na­ma­la­ryň öza­ra saz­la­şy­gy ösüş­le­riň ne­ti­je­le­ri­ni gör­kez­ýär. Şol mak­sat­na­ma­la­ryň ha­ta­ryn­da, oza­ly bi­len, «Türk­me­nis­ta­nyň 2026 — 2030-njy ýyl­lar üçin Mil­li to­kaý mak­sat­na­ma­sy­na» la­ýyk­lyk­da al­nyp ba­ryl­ýan döw­re­bap iş­le­riň uly äh­mi­ýe­te eýe bol­ýan­dy­gy­na göz ýe­tir­ýär­siň.

Hä­zir­ki gün­ler­de giň möç­ber­li döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rü­len ýur­du­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga bes­le­mek işi üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar. Asyr­lar­bo­ýy do­wam edip gel­ýän yn­san bi­len te­bi­ga­tyň ara­syn­da­ky mö­hüm ara­bag­la­ny­şy­gyň çuň ma­ny-maz­mu­na eýe bol­ýan­dy­gy­na şu gün­ki gü­nüň nuk­daý­na­za­ryn­dan dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýan il bäh­bi­di­ne ýug­ru­lan iş­le­riň aý­dyň my­sa­ly tas­syk­la­ýar. Hal­kyň eko­lo­gi­ýa taý­dan aba­dan­çy­ly­gy onuň aba­dan dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­nyň mö­hüm şer­ti­dir. Ýur­du­my­zyň ba­gy-bos­san­ly­ga bes­len­me­gi, oza­ly bi­len, eko­lo­gi­ýa taý­dan sag­dyn­ly­gy­nyň gi­re­wi­dir. Şo­ňa gö­rä-de, il-ýurt bäh­bi­di­ne ýug­ru­lan daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­ga, te­bi­ga­tyň tä­sin baý­lyk­la­ryn­dan re­je­li peý­da­lan­ma­ga we ola­ry aýaw­ly sak­la­ma­ga, bio­dür­lü­li­gi kö­pelt­mä­ge hem-de ola­ry gel­jek­ki ne­sil­le­re ýe­tir­mä­ge gö­nük­di­ri­len iş­le­riň iň­ňän uly äh­mi­ýe­ti­niň bar­dy­gy­ny nyg­ta­ma­ly­dy­rys.

Tä­sin te­bi­gy gö­zel­lik­le­re baý bo­lan eziz Di­ýa­ry­my­zyň ösüm­lik­dir haý­wa­nat dün­ýä­si öz­bo­luş­ly­ly­gy, özü­ne çe­ki­ji­li­gi jä­het­den hem ta­pa­wut­lan­ýar. Te­bi­ga­tyň yn­sa­na eçi­len bu aja­ýyp gö­zel­lik­le­ri­ni go­ra­mak we bio­dür­lü­li­gi baý­laş­dyr­mak her bir ra­ýa­tyň ja­na-jan bor­ju­dyr. Bag ös­dü­rip ýe­tiş­dir­me­gi, gu­ýy gaz­ma­gy, köp­ri gur­ma­gy iň bir so­gap­ly iş­le­riň ha­ta­ryn­da go­ýan ata-ba­ba­la­ry­my­zyň aja­ýyp däp-des­sur­la­ry çuň ma­ny-maz­mun bi­len gur­şa­lan­dyr. Bi­ziň hä­zir­ki gün­le­ri­miz­de bu aja­ýyp dä­be eýe­ri­lip, her ýyl­da mi­we­li we sa­ýa­ly agaç­la­ryň mil­lion­lar­ça düý­bi otur­dyl­ýar. Paý­tag­ty­my­zyň daş-tö­we­rek­le­rin­de, tu­tuş ýurt bo­ýun­ça her ýyl­da otur­dyl­ýan agaç­la­ryň di­ňe bir eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­na ge­tir­män, eý­sem, Wa­ta­ny­my­zyň gö­zel­li­gi­ne gö­zel­lik go­şup, yn­san sag­ly­gy­ny ber­kit­mä­ge we ra­ýat­la­ryň öm­rü­ni uzalt­ma­ga hem ýar­dam ber­ýän­di­gi bel­lär­lik­li­dir. Mu­nuň özi sag­dyn ýa­şa­ýyş-dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Halk bäh­bi­di­ne ýug­ru­lan bu aja­ýyp iş­le­riň ata Wa­ta­ny­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga bü­re­mek­de, mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zyň gö­zel­li­gi­ni art­dyr­mak­da uly äh­mi­ýe­ti bar­dyr. Bu gün gö­zel te­bi­ga­ty­my­za şeý­le ala­da bi­len aýaw­ly çe­me­leş­mek­de hal­ky­my­zyň kö­pa­syr­lyk tej­ri­be­sin­den peý­da­la­nyl­ýar. Eke­ran­çy­ly­gyň köpasyr­lyk me­de­ni­ýe­ti­ni dün­ýä ýa­ýan hal­ky­my­zyň dür­li te­bi­gy şert­ler­de ýa­şa­mak uky­by­nyň müň­ýyl­lyk­lar­dan göz­baş alyp gaýd­ýan­dy­gy te­bi­ga­ta sar­pa goý­ma­gyň dä­bi­ni ke­ma­la ge­ti­rip­dir.

Türk­men hal­ky­nyň asyr­lar­bo­ýy do­wam edip gel­ýän däp-des­sur­la­ry te­bi­gy se­riş­de­ler­den, şol san­da ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­si­niň köp­dür­lü­li­gi­ni, ýe­ras­ty baý­lyk­la­ry, su­wuň we ho­wa­nyň aras­sa­ly­gy­ny aýaw­ly sak­la­ma­ga, olar­dan re­je­li peý­da­lan­ma­ga bo­lan çä­re­le­riň top­lu­my­ny eme­le ge­tir­di. Pe­der­le­ri­mi­ziň mäh­ri­ban top­ra­gy­my­zyň gö­zel­li­gi­ne sar­pa goý­mak, ony aýaw­ly sak­la­mak dä­bi­niň ös­dü­ri­lip, çuň ma­na eýe bo­lan­dy­gy­ny bel­le­me­li­di­ris.

Ýur­du­my­zyň eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len bag oturt­mak işi giň ge­ri­me eýe bol­ýar. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga bes­le­mä­ge, eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny go­wu­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len be­ýik iş­ler öz aý­dyň be­ýa­ny­ny tap­ýar. Ýur­du­my­zyň äh­li ýe­rin­de otur­dy­lan bag na­hal­la­ry­nyň boý alyp, to­kaý zo­lak­la­ry­ny eme­le ge­ti­ren­di­gi­ne bu gün buý­san­jyň art­ýar. Bag ös­dü­rip ýe­tiş­dir­me­gi iň bir so­gap­ly iş­le­riň ha­ta­ryn­da goý­ýan hal­ky­myz Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man

Ser­da­ry­my­zyň nus­ga­lyk gö­rel­de­si­ne eýe­rip, her ýyl­da bag na­hal­la­ry­ny oturt­ma­ga uly iş­jeň­lik bi­len gat­naş­ýar. Ozal eki­len bag na­hal­la­ry­nyň düý­bi ýum­şa­dy­lyp, suw be­ril­ýär, ideg edil­ýär. Bu asyl­ly ýö­rel­ge ata-ba­ba­la­ry­my­zyň te­bi­gat bi­len saz­la­şyk­ly ýa­şa­mak, daş­ky gur­şa­wy go­rap sak­la­mak ýa­ly öwüt-ün­dew­le­ri­niň bu gün­ki gün­de üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni be­ýan ed­ýär.

Gül­şat AL­MA­ZO­WA,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my.