Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Gymmatly gollanma ýapon dilinde

Gymmatly gollanma ýapon dilinde

27 Oktýabr, 2026 Makalalar
19

Düýn — 26-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Bitaraplyk syýasatymyzyň ylmy-edebi jähetlerini giňden beýan edýän «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Ýokary derejede geçirilen bu çärä daşary döwletleriň we halkara guramalaryň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, halypa diplomatlar, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdy.

Dabarada hormatly Prezidentimiziň bu gymmatly eseriniň ähmiýeti, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň parahatçylygy we halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdaky orny, şeýle-de türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň häzirki ösüşi barada çykyşlar edildi.

Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar «Türkmenistanyň Bitaraplygy ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň çapdan çykmagy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tüýs ýürekden gutladylar. Bellenilişi ýaly, kitabyň ýapon dilinde neşir edilmegi Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny, milli Bitaraplyk ýörelgelerini we halkara hyzmatdaşlygyny dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýete eýedir. Bu neşir ýapon okyjylaryna türkmen Bitaraplygynyň taryhy kökleri, mazmuny hem-de halkara giňişligindäki parahatçylyk döredijilikli başlangyçlary bilen öz ene dillerinde tanyşmaga giň mümkinçilik berer.

Dabarada Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň taryhy köklerine, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösüşine aýratyn üns berildi. Iki halkyň umumy medeni we ruhy gymmatlyklarynyň, edebi mirasynyň özara gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm orny eýeleýändigi nygtaldy. Şeýle-de çykyşlarda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkymyzyň parahatçylyk söýüjilikli häsiýetini, ynsanperwerlik ýörelgelerini özünde jemleýän milli gymmatlykdygy bellenildi. Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sasani Hirosiniň, Ýapon Gaznasynyň ýapon dili hünärmeni, maslahatçy-mugallym Iwai Ýufunyň çykyşlary dabara aýratyn ähmiýet berdi. Olar öz çykyşlarynda ýapon okyjylary üçin bu kitabyň gymmatly çeşme boljakdygyny, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň we dostlukly gatnaşyklaryň barha ösmeginde itergi berjekdigini buýsanç bilen bellediler.

Dabaranyň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň ýapon dilinde neşir edilmeginiň iki halkyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, özara düşünişmegi we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigi aýratyn nygtaldy. Oňa gatnaşyjylar parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatymyzy we hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerini bütin dünýäde dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Ogulbike YMAMBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.