Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ähli ugurlarda bolşy ýaly, bilim ulgamynda hem belent sepgitleri nazarlaýar.
Häzirki wagtda nurana geljegimiziň eýeleri bolan bagtyýar ýaş nesliň milli gymmatlyklara we ynsanperwer ýörelgelere wepaly, giň gözýetimli, döwrebap ylymlary hem-de daşary ýurt dillerini kämil özleşdiren hünärmenler bolup ýetişmegi döwletimizde alnyp barylýan milli bilim syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Dünýä bileleşigi bilen dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrýan ýurdumyz parahatçylygyň, durnuklylygyň hem-de ösüşiň hatyrasyna halkara derejedäki möhüm başlangyçlary yzygiderli durmuşa geçirýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bilim ulgamynyň düzümleýin binýadyny döwrebaplaşdyrmak, sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak we köpdilli bilimi ösdürmek arkaly ýaşlaryň dünýä giňişligine aralaşmagyna giň ýollar açylýar. Şunda sebitde we halkara giňişlikde tejribe alyşmak, ylym-bilim ulgamyndaky gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmak aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Bu ugurda alnyp barylýan netijeli işleriň hatarynda, ýaňy-ýakynda paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Mongoliýanyň bilim ministrleriniň «tegelek stol» duşuşygyny görkezmek bolar. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýardamy bilen «Merkezi Aziýada we Mongoliýada köpdilli bilim arkaly sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly mowzukda guralan bu halkara çäre döwletimiziň halkara hyzmatdaşlyga, şeýle hem ýurdumyzda bilim ulgamyna öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmaga berilýän uly ünsüň aýdyň subutnamasydyr.
Dünýä ölçeglerine laýyklykda döwrebap tejribelere daýanýan köpdilli bilim ulgamy eziz Diýarymyzda ýaşlaryň diňe bir öz ene dilini däl-de, eýsem, daşary ýurt dillerini hem çuňňur özleşdirip, halklaryň arasyndaky dostluk köprülerini berkitmegine goşant goşýar. Şeýle halkara çäreler sebitde hem-de bütin dünýäde bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, ýaşlaryň intellektual kuwwatyny artdyrmaga we özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem berk esas döredýär. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» esasynda meýilnamalaýyn işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi hem ýurdumyzyň bu ugurdaky halkara başlangyçlarynyň aýdyň netijesidir.
Halkara hyzmatdaşlygyň durnukly ösüşiň we sebit parahatçylygynyň berk binýady hökmünde çykyş edýän häzirki döwürde bilim ulgamynda tejribe alyşmak aýratyn ähmiýete eýedir. Paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen köpdilli bilim boýunça ýokary derejeli «tegelek stol» duşuşygynda hem sebit ýurtlarynyň milli tejribeleri giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.
«Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» esasynda bu ugurda gazanylan oňyn özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny döwrüň talabyna we sanly tehnologiýanyň ösüşine laýyklykda kämilleşdirmäge ähli şertler hem-de giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda mugallymlardyr bilim işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, şeýle hem iň täze, innowasion kompýuter enjamlaryny we sanly tehnologiýalary çagalar baglaryndan başlap, orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerine ornaşdyrmak işleri hem yzygiderli ýola goýulýar. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Mongoliýanyň bilim ministrleriniň «tegelek stol» duşuşygynda ÝHHG-niň bilermenleri tarapyndan köpdilli bilim ulgamynda gazanylan halkara tejribeler hem-de ýokary netijeler barada anyk mysallar getirildi. Şeýle hem çäräniň dowamynda sebitde we dünýäde bilimiň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki taslamalary kämilleşdirmek barada ylalaşyklar gazanyldy.
Paýtagtymyzda geçirilen «Merkezi Aziýada we Mongoliýada köpdilli bilim arkaly sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly Merkezi Aziýa döwletleriniň we Mongoliýanyň bilim ministrleriniň «tegelek stol» duşuşygy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny halkara derejesine çykarmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli syýasatyň nobatdaky aýdyň dabaralanmasy boldy. Sebitleýin hyzmatdaşlygy we halkara gatnaşyklary ösdürmäge uly goşant goşýan şeýle çäreler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belent derejelere ýetirýär. Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmekde, ýaş nesliň intellektual kuwwatyny artdyrmakda we halkara hyzmatdaşlygy täze basgançaklara çykarmakda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri üstünliklere beslensin!