Ylym-bilim ulgamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny ösdürmek hem-de wodorod energetikasy boýunça özara gatnaşyklary giňeltmek Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory B.Atamanowyň Ýaponiýa amala aşyran iş saparynyň esasy maksady boldy. Saparyň çäklerinde dostlukly ýurduň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagata bilen duşuşyk geçirildi. Onda taraplar bilelikde ylmy barlaglary alyp barmak, hünärmenleri taýýarlamak we tebigy gazdan wodorod öndürmegiň innowasion tehnologiýalaryny ösdürmek meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.
Ýeri gelende bellesek, Ýaponiýanyň bu öňdebaryjy bilim ojagy bilen hyzmatdaşlyk 2025-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Sukuba uniwersitetiniň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň esasynda yzygiderli ilerledilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň üç mugallymy Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) goldawy bilen durmuşa geçirilýän «SDG’s Global Leader» maksatnamasynyň çäklerinde agzalan uniwersitetde hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçýär.
Ýurdumyzyň nebitgaz pudagy boýunça hünärmenleri taýýarlaýan esasy ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçysynyň «Günüň dogýan ýurduna» amala aşyran bu gezekki saparynyň maksatnamasy hem baý mazmuny bilen tapawutlandy. Saparyň dowamynda Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň Tebigy serişdeler we energetika agentliginiň, Täze energiýa we senagat tehnologiýalaryny ösdürmek guramasynyň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi. Şeýle-de «Chiyoda» korporasiýasynyň «Kiyasu Research Park» ylmy-barlag merkezine, Sukuba uniwersitetiniň Wodorod baglanyşyklaryny öwreniş merkezine hem-de «TIAR» ylmy-barlag institutyna barlyp görlüp, bu düzümlerde alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanşyldy.