Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Türk­men halk dö­re­di­ji­li­gi­ni öw­ret­mek­

Türk­men halk dö­re­di­ji­li­gi­ni öw­ret­mek­

21 Oktýabr, 2026 Makalalar
21

Or­ta mek­dep­ler­de ge­çil­ýän ede­bi­ýat der­si gy­zyk­ly we tä­sir­li sa­pak­la­ryň bi­ri bol­mak bi­len, halk dö­re­di­ji­li­gi öw­re­ni­len­de, okuw­çy­nyň ýa­dyn­da oňat ga­lar ýa­ly, ge­çil­ýän te­ma­nyň has tä­sir­li bol­ma­gy üçin döw­re­bap we iş­jeň usul­lar­dan peý­da­lan­mak ze­rur­dyr.

5-nji synp­lar­da ede­bi­ýat­dan halk dö­re­di­ji­li­gi­niň er­te­ki­ler gör­nü­şi­ni ge­çe­ni­miz­de, okuw­çy­la­ra, il­kin­ji no­bat­da, er­te­ki­ni la­byz­ly okap ber­ýä­ris. Soň­ra er­te­ki­ni gy­zyk­ly edip gür­rüň ber­ýä­ris, bu usul ola­ryň te­ma­ny çalt ka­bul et­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. Sa­pak­da okuw­çy­lar üçin iň tä­sir­li ýe­ri hem er­te­ki­niň gah­ry­man­la­ry­ny hä­si­ýet­len­dir­mek ýa-da jan­lan­dyr­mak bo­lup, olar şun­da ýag­şy we ýa­man hä­si­ýet­li gah­ry­man­la­ry ta­pa­wut­lan­dyr­ma­gy ba­şar­ýar­lar. Er­te­ki­niň do­wa­myn­da­ky wa­ka­la­ryň bar­şyn­da okuwçylarda bilesigelijilik häsiýeti ýü­ze çy­kyp bil­ýär. «Ak­pa­myk», «Dört dost», «Akyl­ly Ah­met», «Ýüz tyl­la» ýa­ly er­te­ki­le­ri ge­çe­ni­miz­de, mu­gal­ly­myň er­te­ki­ni gy­zyk­lan­dy­ryp gür­rüň ber­me­gi okuw­çy­la­ry er­te­ki­ni öz­baş­dak do­ly oka­ma­ga hö­wes­len­dir­ýär. Er­te­ki­ni gy­zyk­ly so­rag­lar ar­ka­ly ber­kit­mä­ge ça­lyş­ýa­rys. Şon­da okuw­çy­la­ryň wa­ka­nyň yzy­gi­der­li­li­gi­ni ýat­da sak­la­mak ba­şar­ny­gy ýü­ze çyk­ýar we er­te­ki­ni öý­de öz­baş­dak oka­ma­ga bo­lan is­le­gi art­ýar. Şeý­le­lik­de, okuw­çy­lar öý iş­le­ri­niň esa­sy­ny synp­da öz­leş­dir­ýär­ler. Has ze­hin­li we bi­le­si­ge­li­ji okuw­çy­lar er­te­ki­ni çalt okap, ahy­ryn­da wa­ka­la­ryň çö­zü­li­şi­ni bi­le­si ge­lip, ony do­ly okap çyk­ma­ga ça­lyş­ýar­lar. Ne­ti­je­de, okuw­çy te­ma­ny çalt öz­leş­dir­ýär. Mu­gal­ly­myň bu usu­ly ulan­ma­gy okuw­çy­ny has-da iş­jeň­leş­dir­ýär.

«Ak­pa­myk» er­te­ki­si iň gy­zyk­ly türk­men halk er­te­ki­le­ri­niň bi­ri­dir. Mun­da wa­ka­lar tä­sir­li be­ýan edi­lip, okuw­çy­la­ryň sa­pa­ga ün­sü­ni çek­mek aň­sat bol­ýar.

Umu­man, mu­gal­lym sa­pa­gy gu­ra­ma­ga dö­re­di­ji­lik­li çe­me­leş­se, okuw­çy­la­ryň ün­sü­ni sa­pa­ga çek­mä­ge we ola­ryň der­se gy­zyk­lan­ma­sy­ny art­dyr­ma­ga tä­sir ed­ýär.

Al­tyn­je­mal RE­JE­PO­WA,
Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki ýö­ri­te­leş­di­ri­len 144-nji or­ta mek­de­biň mu­gal­ly­my.