Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Çe­per el­li gyz­la­ryň dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi

Çe­per el­li gyz­la­ryň dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi

19 Oktýabr, 2026 Makalalar
25

Ge­çen hep­dä­niň şen­be gü­ni paý­tag­ty­myz­da «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­ly hem-de Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 31 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi­niň, Türk­me­nis­ta­nyň Ze­nan­lar bir­le­şi­gi­niň Mer­ke­zi ge­ňe­şi­niň, Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li mer­ke­zi­niň we Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­wi­de­ni­ýe, ra­dio­gep­le­şik­ler we ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň ýur­du­my­zyň umu­my­bi­lim ber­ýän or­ta mek­dep­le­rin­de he­re­ket ed­ýän gyz­lar gur­nak­la­ry­nyň ara­syn­da yg­lan eden «Hü­när­li ne­sil — röw­şen gel­jek» at­ly bäs­le­şi­giň jem­leý­ji tap­gy­ry ge­çi­ril­di. Bäs­le­şik okuw­çy gyz­la­ryň köp zäh­me­ti we sa­byr­ly­ly­gy ta­lap ed­ýän el iş­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek­le­ri­ne ba­gyş­lan­dy.

Paý­has­ly pe­der­le­ri­mi­ziň, ene-ma­ma­la­ry­my­zyň geç­miş­de dö­re­den mil­li däp-des­sur­la­ry, maş­ga­la gym­mat­lyk­la­ry, edep ka­da­la­ry hem-de bi­rek-bi­re­ge sy­lag-hor­mat goý­mak, hü­när öw­ren­mek, ha­lal zäh­met çek­mek ýa­ly asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri bi­ze nus­ga­lyk mi­ras­dyr. Aň-dü­şün­jä­niň, yl­myň we teh­ni­ka­nyň ösen hä­zir­ki döw­rün­de ýaş nes­li asyr­la­ryň tej­ri­be­sin­den ge­çip, kä­mil­leş­di­ri­lip, do­wam edip gel­ýän şol asyl­ly hem mil­li ýö­rel­ge­le­ri­miz esa­syn­da ter­bi­ýe­le­mek örän wa­jyp­dyr.

Türk­men hal­ky­nyň şöh­rat­ly ta­ry­hy­nyň do­wa­myn­da ene-ma­ma­la­ry­my­zyň dö­re­den mil­li gym­mat­lyk­la­ry­ny öw­ren­mek, me­de­ni mi­ra­syň esa­sy ugur­la­ry­ny gel­jek ne­sil­le­re ýe­tir­mek ug­run­da ýur­du­myz­da giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Pa­ra­sat­ly pe­der­le­ri­miz ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri ýaş nes­liň edep-ter­bi­ýe­si­ne uly äh­mi­ýet be­rip­dir­ler. Olar­da zäh­met­sö­ýer­li­gi, ru­hu­be­lent­li­gi, dog­ru­çyl­ly­gy, mert­li­gi, ulu­la­ra hor­mat goý­ma­gy, Wa­ta­na we­pa­ly bol­ma­gy ke­ma­la ge­ti­rip­dir­ler. Hut şeý­le wa­jyp we­zi­pe­ler­den ugur al­nyp, ýur­du­my­zyň umu­my­bi­lim ber­ýän or­ta mek­dep­le­rin­de he­re­ket ed­ýän gyz­lar gur­nak­la­ry­nyň ara­syn­da ge­çi­ri­len «Hü­när­li ne­sil ‒ röw­şen gel­jek» at­ly bäs­le­şik okuw­çy gyz­lar­da zäh­met­sö­ýer­li­gi, gyz ede­bi­ni, ah­lak gö­zel­li­gi­ni, türk­men gyz­la­ry­na mah­sus bo­lan asyl­ly gy­lyk-hä­si­ýet­le­ri ter­bi­ýe­le­me­gi, ene-ma­ma­la­ry­myz­dan mi­ras ga­lan däp-des­sur­la­ry­my­za sar­pa goý­ma­gy, ösüp gel­ýän nes­liň ir­gin­siz zäh­me­ti we sa­byr­ly­ly­gy ta­lap ed­ýän el iş­le­ri­ne bo­lan uky­by­ny art­dyr­ma­gy mak­sat edin­di. Şeý­le hem bu bäs­le­şik ýur­du­my­zyň umu­my­bi­lim ber­ýän or­ta mek­dep­le­ri­niň gyz­lar gur­nak­la­ry­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mä­ge, okuw­çy gyz­la­ry mil­li el iş­le­ri­ne, dür­li hü­när­le­re ug­ruk­dyr­ma­ga, ola­ryň jem­gy­ýet­çi­lik işi­ne iş­jeň gat­naş­mak­la­ry­ny ga­zan­ma­ga hem-de ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­na bo­lan söý­gü­si­ni, ukyp-ba­şar­ny­gy­ny we ze­hi­ni­ni açyp gör­kez­mä­ge, çe­per el­li okuw­çy gyz­la­ry ýü­ze çy­kar­ma­ga giň müm­kin­çi­lik ber­di.

Bäs­le­şi­giň jem­leý­ji — döw­let tap­gy­ry­na Ar­ka­dag şä­he­rin­den «Bä­gül», Ahal we­la­ýa­tyn­dan «Ül­ker», Bal­kan we­la­ýa­tyn­dan «Ke­be­lek», Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­dan «Gül­ýaý­dy», Le­bap we­la­ýa­tyn­dan «Bä­gül gül­le­ri», Ma­ry we­la­ýa­tyn­dan «Gun­ça», Aş­ga­bat şä­he­rin­den «Tu­mar» at­ly gyz­lar gur­nak­la­ry gat­naş­dy­lar. Bäs­le­şik üç şert bo­ýun­ça ge­çi­ri­lip, onuň bi­rin­ji şer­ti­ne la­ýyk­lyk­da, bäs­le­şi­ge gat­na­şy­jy ýo­ka­ry synp okuw­çy gyz­lar öz oka­ýan mek­dep­le­rin­de he­re­ket ed­ýän gur­na­gy­nyň üs­ti bi­len öw­re­nen hü­nä­ri­ni şa­hy­ra­na wasp et­di­ler hem-de asyl­ly gyz ede­bi bi­len, ula hor­mat goý­mak, ki­çi­ni söý­mek ýa­ly ter­bi­ýe­çi­lik äh­mi­ýet­li goş­gu­la­ryň, aý­dym­la­ryň, ro­wa­ýat­la­ryň üs­ti bi­len ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny be­ýan et­di­ler. Bäs­le­şi­giň ikin­ji şer­tin­de bol­sa, oňa gat­na­şy­jy okuw­çy gyz­lar nus­ga­lyk el iş­le­rin­den gö­rel­de alyp, öz ýan­la­ry bi­len ge­ti­ren, heniz gu­ta­ryl­ma­dyk mil­li el iş­le­ri­ni emin­le­riň gö­zeg­çi­li­gin­de (keş­de çek­mek, kö­jü­me kö­je­mek, bas­ma bas­mak, pug­ta­mak, jä­hek çal­mak, al­dym­gaç çal­mak, jo­rap ör­mek, ha­ly önüm­le­ri­ni do­ka­mak) ýe­ri­ne ýe­tir­mek­de öz us­sat­lyk­la­ry­ny gör­kez­di­ler. Üçün­ji şert­de okuw­çy gyz­lar türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Be­re­ket­li türk­men sa­ça­gy» at­ly aja­ýyp ki­ta­by bo­ýun­ça mil­li däp-des­sur­la­ry­my­za la­ýyk­lyk­da, unaş kes­di­ler we bu mil­li ta­ga­myň taý­ýar­la­ny­ly­şy­ny çe­per söz­le­riň, aý­dy­şyk­la­ryň, na­kyl­la­ryň üs­ti bi­len be­ýan et­di­ler.

Ýo­ka­ry ru­hu­be­lent­lik ýag­da­ýyn­da ge­çi­ri­len bu bäs­le­şi­ge gu­ra­ma­çy­lar ta­ra­pyn­dan dü­zü­len to­par emin­lik et­di. Ola­ryň ge­len ne­ti­je­si­ne gö­rä, bäs­le­şik­de baş baý­ra­ga Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki 45-nji or­ta mek­de­biň «Tu­mar», 1-nji or­na Ka­ka et­ra­byn­da­ky 23-nji or­ta mek­de­biň «Ül­ker», 2-nji or­na Bal­ka­na­bat şä­he­rin­dä­ki 1-nji or­ta mek­de­biň «Ke­be­lek» we Ma­ry şä­he­rin­dä­ki ýö­ri­te­leş­di­ri­len 16-njy or­ta mek­de­biň «Gun­ça», 3-nji or­na Ar­ka­dag şä­he­rin­dä­ki iň­lis di­li­ne ýö­ri­te­leş­di­ri­len 4-nji or­ta mek­de­biň «Bä­gül», Gu­ba­dag et­ra­byn­da­ky da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ne ýö­ri­te­leş­di­ri­len 57-nji or­ta mek­de­biň «Gül­ýaý­dy» hem-de Türk­me­na­bat şä­he­rin­dä­ki ýö­ri­te­leş­di­ri­len 39-njy or­ta mek­de­biň «Bä­gül gül­le­ri» at­ly gyz­lar gur­nak­la­ry my­na­syp bol­du­lar.

«Hü­när­li ne­sil — röw­şen gel­jek» at­ly bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi­niň, Türk­me­nis­ta­nyň Ze­nan­lar bir­le­şi­gi­niň Mer­ke­zi ge­ňe­şi­niň hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li mer­ke­zi­niň Hor­mat hat­la­ry we ýa­dy­gär­lik sow­gat­la­ry bi­len sy­lag­la­nyl­dy.

Gül­zar ABA­ÝE­WA,
«Mu­gal­lym­lar ga­ze­ti».